Beýik Britaniýa, Hindistan, Awstraliýa we Malaýziýa bilen bir hatarda, dünýäniň 53 ýurduny öz içine alýan Milletler Arkalaşygynyň gysga hekaýalar baýragynyň ýeňijisi mälim edildi. Singapurda ýerleşýän Ýale-Nus kollejiniň jemgyýetçilik ylymlary boýunça ylmy işgäri Paraşar Kulkarni bu baýraga eýe boldy. Ol bu ugurda ýeňiş gazanan ilkinji hindi ýazyjysy boldy. Bäsleşige Milletler Arkalaşygynyň 47 ýurdundan iňlis dilinde ýazylan, ozal hiç ýerde çap edilmedik 4 müňe golaý hekaýa gelip gowuşdy. Bu hekaýalardan 26-sy gysga sanawa girizildi. “Sygyr we şereket” atly ilkinji gysga hekaýasy bilen 5 müň funt sterling baýraga eýe bolan Kulkarni bu barada şeýle diýdi:
– Ylmy işlerimi ýazýan wagtym özümi syýasatçy alym hökmünde görýärin. Emma, haçan-da, edebiýat bilen meşgullanamda, belli bir keşbiň içine girmän, täze pikirleriň, özboluşly hekaýalaryň üstünden barýaryn. Täze pikirler bolsa, maňa işlemegiň täze tärlerini tapmaga kömek edýär.
Paraşar Kulkarniniň “Sygyr we şereket” atly hekaýasynda 1900-nji ýyllarda Hindistanda bolup geçen bir waka beýan edilýär. Bu hekaýada mahabat üçin sygyr gözläp ýola düşen 4 adamyň başdan geçirenleri gürrüň berilýär. Hindistanyň jemgyýetini öwrenmek boýunça öz ylmy işleri bilen tanalýan Kulkarni häzirki wagtda täze romanynyň üstünde işleýär.