Hut şu nuk­daý­na­zar­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­syn­dan ed­ýän ta­ry­hy çy­kyş­la­ryn­da öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň bir­nä­çe­si eko­lo­gi­ýa ul­ga­my­na hem gö­nük­di­ri­len­dir. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da eko­lo­gi­ýa we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, suw se­riş­de­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­bat­da köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di we ge­çi­ril­me­gi do­wam et­di­ril­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ägirt uly eko­gid­ro­teh­ni­ki tas­la­ma – “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­ni hem gör­kez­mek bol­ýar.
Ga­ra­gum säh­ra­ly­gy­nyň jüm­mü­şin­dä­ki daş­ky gur­şa­wy go­wu­lan­dyr­ma­ga, suw hem-de ýer se­riş­de­le­ri­niň ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len bu des­ga­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek, onuň su­wu­ny oba ho­ja­ly­gy üçin peý­da­lan­mak ba­ra­da­ky me­se­le­ler mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da 7-nji ýan­war­da ge­çi­ri­len wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­tyn­da ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Bu mö­hüm eko­lo­gi­ýa tas­la­ma­sy­nyň mak­sa­dy ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­dan su­wa­rym­ly ýer­ler­den zeý suw­la­ry­ny top­la­mak­dan hem-de şo­la­ry ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da­ky Ga­ra­şor çö­ket­li­gi­ne sow­mak üçin şor suw aka­ba­la­ry­nyň bir bi­te­wi ul­ga­my­nyň dö­re­dil­me­gin­den yba­rat­dyr. Bu çö­ket­lik tu­tuş­ly­gy­na Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de 580 mil­li­on kub met­re go­laý suw top­lan­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň kuw­wa­ty­ny ne­ti­je­li ulan­ma­ga, bu ul­gam­da iş­le­ri kä­mil­leş­dir­mä­ge ýar­dam et­jek mö­hüm we­zi­pe­le­ri kes­git­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra alym­lar we hü­när­men­ler bi­len bi­le­lik­de “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň ýag­da­ýy­ny öw­ren­me­gi, oba ho­ja­ly­gy­nyň ha­jat­la­ry, kö­lüň tö­we­re­gin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän oba ho­ja­lyk ekin­le­ri üçin peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len, on­da ýyg­na­nan su­wuň möç­be­ri­ni hem-de hi­li­ni öw­ren­me­gi tab­şyr­dy. Şo­ra dur­nuk­ly ýer­ler­de su­wy peý­da­lan­mak bi­len bag­ly yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mek hem-de kö­le go­laý ýer­ler­de dü­ýe­dar­çy­ly­gy, ba­lyk­çy­ly­gy ös­dür­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
“Al­tyn asyr” Türk­men kö­li, ha­ky­kat­dan-da, in­no­wa­si­on tas­la­ma bo­lup, ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň suw se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly umu­ma­dam­zat me­se­le­le­ri çöz­mä­ge uly go­şant goş­ýan­dy­gy­ny su­but ed­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu gid­ro­teh­ni­ki ul­ga­myň il­kin­ji no­bat­da­ky­sy­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi 2009-njy ýy­lyň 15-nji iýu­lyn­da hor-mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­di. Türk­men kö­lü­niň gur­lu­şy­gy mö­hüm yk­dy­sa­dy we dur­muş me­se­le­le­ri-niň top­lu­my­ny çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Hä­zir “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň iş­le­me­gi Mer­ke­zi we Gün­do­gar Ga­ra­gum­da zeý aka­ba­la­ry­nyň ul­ga­my­nyň tö­werek­le­rin­de gö­çüp-gon­ýan guş­lar üçin tä­ze oňyn eko­lo­gi­ýa we iým şert­le­ri­ni dö­red­ýär, Da­şo­guz sow­ma aka­ba­sy­nyň ha­na­sy­nyň ug­run­da ýer­le­şen köl­ler bol­sa, suw­luk-bat­ga­lyk ýer­ler­de mes­gen tu­tan ör­dek­le­ri, gaz­la­ry, sa­kar­ba­lak­la­ry, jüb­ten­le­ri, çu­luk­la­ry we beý­le­ki guş­la­ry özü­ne çek­ýär.
Ga­ra­gum­da dermanlyk ösüm­likleriniň 293 gör­nü­şi­niň, şol san­da ösüm­lik­le­riň 210 gör­nü­şi­niň ös­ýän­di­gi bel­lär­lik­li­dir. Şo­la­ryň kö­pü­si be­je­riş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lup, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly düýp­li ylmy işin­de be­ýan edil­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň tä­sin zo­lak­la­ry­ny go­rap sak­la­mak hem-de dün­ýä­de wagyz et­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da ony ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sana­wy­na gi­riz­mek bo­ýun­ça mö­hüm iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Per­man KU­WA­TOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.