Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň çäk­le­rin­de gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da we we­la­ýat, et­rap mer­kez­le­rin­de luk­man­çy­lyk yl­my­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan sag­lyk mer­kez­le­ri­niň gu­rul­ma­gy, sport mek­dep­le­ri­niň, sta­di­on­la­ryň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi ila­tymyzyň ýa­şa­ýyş dur­mu­ş şertleriniň ýokarlanmagyna gönükdirilen beýik işleriň aýdyň subutnamasydyr.
Be­ýik söz us­sa­dy­myz, akyl­dar şahyrymyz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň “Sag­ly­gyň gad­ry­ny bil­gil, has­sa bol­maz­dan bu­run” di­ýen se­tir­le­ri­ni özü­ne esas edin­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­ze peş­geş be­ren, yl­my esas­la­ra da­ýan­ýan “Sport dost­lu­ga, sag­ly­ga we gö­zel­li­ge tarap ýol­dur”, “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri”, “Türk­me­nis­tan – mel­hem­ler me­ka­ny”, “Bag­ty­ýar­lyk sag­lyk­dan baş­lan­ýar” ýa­ly aja­ýyp ki­tap­la­ry ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş, be­den­ter­bi­ýe we sport ul­gam­la­ry­nyň iş­gär­le­ri, şeý­le-de her bir ra­ýa­ty­myz üçin ýol gör­ke­zi­ji­dir. Ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ylaý­ta-da ösüp gel­ýän ýaş nes­li­mi­zi zy­ýan­ly en­dik­ler­den go­ra­mak döw­le­ti­mi­ziň ile­ri tut­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň bi­ri­dir.
Aý­ra­ty­nam, ra­ýat­la­ry­my­zy al­ko­go­lyň zy­ýan­ly tä­si­rin­den go­ra­mak ba­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry bo­ýun­ça 2018-nji ýyl­da “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­lyn­da yg­ty­bar­ly hu­kuk bin­ýa­dy­nyň tu­tu­lan­dy­gy aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir.
2018-nji ýy­lyň iýul aýy­nyň ba­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň al­ty aýyň ne­ti­je­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Türk­me­nis­tan­da 2018 – 2024-nji ýyl­lar­da al­ko­go­lyň zy­ýan­ly tä­si­ri­niň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da” Ka­ra­ra gol çe­kip, bu res­mi­na­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne berk gö­zeg­çi­lik et­mek ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şu Mak­sat­na­ma­ny ama­la aşyr­mak ba­bat­da ýe­ri­ne ýe­tir­me­li çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy bäş bap­dan yba­rat­dyr. On­da al­ko­go­lyň adam üçin zy­ýan­ly tä­si­ri we hä­zir­ki dö­wür­de ony ýe­ňip geç­mek­li­giň ze­rur­ly­gy ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin be­ýan edil­ýär. Res­mi­na­ma­da nyg­ta­ly­şy­na gö­rä, dün­ýä­de her ýyl­da 2.5 mil­li­on adam al­ko­go­ly ulan­mak ze­rar­ly ara­dan çyk­ýar. Ola­ryň ag­la­ba bö­le­gi hem ýaş­lar­dyr. Al­ko­gol ze­rar­ly ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry, je­na­ýat­çy­ly­ga baş ur­mak we öz ja­ny­na kast et­mek ýa­ly ha­dy­sa­lar bo­lup geç­ýär. Mak­sat­na­ma­nyň esa­sy mak­sa­dy ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­dan we al­ko­gol önüm­le­ri­niň sarp edi­li­şi­ni çäk­len­dir­mek­den, al­ko­go­ly ulan­ma­gyň zy­ýan­ly ne­ti­je­le­ri, adam­la­ryň ke­sel­le­me­gi we ölü­mi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry ýaý­rat­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri ama­la aşyr­mak ar­ka­ly Türk­me­nis­ta­nyň hä­zir­ki we gel­jek­ki ne­sil­le­ri­niň öm­rü­ni we sag­ly­gy­ny al­ko­go­ly ulan­ma­gyň ne­ti­je­le­rin­den go­ra­mak­dan yba­rat bo­lup dur­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň, aý­ra­ty­nam ösüp gel­ýän ýaş nes­li­mi­ziň sag­ly­gy­nyň go­ral­ma­gy ba­bat­da ýü­ze çyk­ýan gat­na­şyk­la­ry düz­gün­leş­dir­mek­de, ýur­du­my­zyň baş baý­ly­gy bo­lan hal­kyň sag­lyk ýag­da­ýy­ny mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dyr­mak­da, adam­la­ryň ke­sel­le­me­gi­niň öňü­ni al­mak­da, hä­zir­ki we gel­jek­ki ne­sil­le­riň öm­rü­ni uzalt­mak­da, sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da gol çek­ýän ta­ry­hy Ka­rar­la­ry örän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.
2018-nji ýy­lyň 1-nji de­kab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň al­tyn­jy ça­gy­ry­ly­şy­nyň dör­dün­ji mas­la­ha­ty bol­dy. On­da “Al­ko­go­lyň zy­ýan­ly tä­si­ri­niň öňü­ni al­mak ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ara alnyp mas­la­hat­la­şyl­dy we ka­bul edil­di. Bu Ka­nun bo­ýun­ça çy­kyş eden de­pu­tat­lar ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty­nyň sag­ly­gy hem-de aba­dan­çy­ly­gy ha­kyn­da­ky ala­danyň mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň dö­re­di­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni, sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy wa­gyz et­mek, ýa­ra­maz en­dik­le­riň zy­ýan­ly tä­si­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry ila­ta ýe­tir­mek bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň esasy­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan ala­ny­myz­da, al­ko­go­lyň zy­ýan­ly tä­si­ri­niň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­tyn­da hu­kuk, gu­ra­ma­çy­lyk we yk­dy­sa­dy esas­la­ry kes­git­le­ýän Türk­me­nis­ta­nyň tä­ze Ka­nu­ny­nyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti bar­dyr.
“Al­ko­go­lyň zy­ýan­ly tä­si­ri­niň öňü­ni al­mak ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­da hu­kuk, yk­dy­sa­dy, gu­ra­ma­çy­lyk, aras­sa­çy­lyk-sag­lyk, be­je­riş-ke­sel­le­riň öňü­ni alyş we dur­muş mak­sat­ly beý­le­ki çä­re­le­riň top­lu­my kes­git­len­ýär. Olar al­ko­go­lyň ön­dü­ril­me­gi­niň, do­lany­şy­gy­ny çäk­len­dir­me­giň, ma­ha­ba­ty­nyň me­se­le­le­ri­niň düz­gün­leş­di­ril­me­gi­ne, ada­myň sag­ly­gy­nyň go­ral­ma­gy­na we ber­ki­dil­me­gi­ne, al­ko­go­lyň ula­nyl­ma­gy bi­len ýü­ze çyk­ýan ke­sel­le­riň, hu­kuk bo­zul­ma­la­ry­nyň öňü­niň alyn­ma­gy­na, ra­ýat­la­ryň, il­ki bi­len 21 ýa­şy­na ýet­me­dik adam­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän aň-bi­lim, ter­bi­ýe­çi­lik, luk­man­çy­lyk, sa­ni­ta­ri­ýa iş­le­ri­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam be­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.
“Al­ko­go­lyň zy­ýan­ly tä­si­ri­niň öňü­ni al­mak ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny 31 mad­da­dan yba­rat bo­lup, ol şu ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan güý­je gir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň hu­kuk bin­ýa­dy hem yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da “Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­nyň go­ral­ma­gy ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny (2015-nji ýy­lyň 2-nji iýu­nyn­dan güý­je girdi), “Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi go­ra­mak hem wa­gyz et­mek we ça­ga iý­mit önüm­le­ri­ne bil­di­ril­ýän ta­lap­lar ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny (2009-njy ýy­lyň 28-nji ap­re­lin­den güý­je gir­di), Türk­me­nis­ta­nyň Sa­ni­ta­ri­ýa ko­dek­si (re­je­le­nen gör­nü­şi, 2010-njy ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan güý­je gir­di), “Şy­pa­ha­na işi ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny (2012-nji ýy­lyň 13-nji aw­gus­tyn­dan güý­je gir­di), “Arak­hor­luk­dan, ne­şe­keş­lik­den ýa-da psi­ho­ak­tiw mad­da­la­ra bag­ly­lyk­dan ejir çek­ýän adam­la­ry be­jer­mek bi­len bag­ly çä­re­ler ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny, (2012-nji ýy­lyň 31-nji mar­tyn­da ka­bul edil­di), “Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­nyň tem­mä­ki tüs­se­si­niň tä­si­rin­den we tem­mä­ki önüm­le­ri­ni ulan­ma­gyň ne­ti­je­le­rin­den go­ral­ma­gy ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny (2013-nji ýy­lyň 25-nji de­kab­ryn­dan güý­je gir­di), “Ada­myň be­den ag­za­la­ry­nyň we (ýa-da) do­ku­ma­la­ry­nyň transp­lan­ta­si­ýa­sy ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny, (2013-nji ýy­lyň 10-njy sent­ýab­ryn­dan güý­je gir­di), “Iý­mit önüm­le­ri­niň howp­suz­ly­gy­nyň we hi­li­niň üp­jün edil­me­gi ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny (2014-nji ýy­lyň 26-njy aw­gus­tyn­dan güý­je gir­di) ka­bul edil­di.
Goý, ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ba­bat­da ägirt uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak, be­lent ba­şy aman bolsun, il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri mun­dan beý­läk-de uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Aşyr­gel­di Ju­ma­ýew,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky TDU-nyň Ra­ýat hu­ku­gy ka­fed­ra­sy­nyň do­sen­ti, hukuk
ylym­la­rynyň kan­di­da­ty.