Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy taý­dan berk bol­ma­gy üçin öz go­şant­la­ry­ny goş­ýan türk­men te­le­ke­çi­le­ri tä­ze önüm­le­ri bi­len içer­ki ba­za­ry üp­jün edip, şol bir­wagt­da da­şa­ry ýurt ba­za­ry­na hem öz önüm­le­ri­ni sa­typ ug­ra­dy.
Gü­neş­li Di­ýa­ry­myz ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni, ony gaý­ta­dan iş­le­mek ar­ka­ly ön­dü­ril­ýän dür­li gaz­hi­mi­ýa we ne­bit­hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni, dok­ma önüm­le­ri­ni dün­ýä ba­za­ry­na çy­kar­ýan ýurt hök­mün­de giň­den ta­nal­ýar. Hä­zir­ki wagt­da türk­men te­le­ke­çi­le­ri ýur­du­my­zyň eks­port ugur­ly ha­ryt­la­ry­nyň möç­be­ri­ni hem-de ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek ba­bat­da uly ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler. Olar ýur­du­my­zyň da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ry­na dürli görnüşli harytlar bilen bir hatarda, bak­ja we gök önüm­leri, süý­ji-kö­ke önüm­le­rini ýer­le­ýän döw­let hök­mün­dä­ki or­nu­ny has-da pugtalandyrmaga öz sal­dam­ly go­şan­dy­ny goş­ýar­lar.
Türk­me­nis­ta­n dün­ýä ba­za­ry­na süý­ji-kö­ke önüm­le­ri­niň barha köp mukdaryny çy­kar­ar. Bir­nä­çe ýyl mun­dan oza­l, Türk­me­nis­tana bu ugur­da­ky önüm­le­riň ag­ram­ly bö­le­gi­ da­şa­ry ýurt ba­za­ryn­dan ge­tiril­ýär­di. Hä­zir bol­sa, ýag­daý düý­bün­den baş­ga­ça bol­dy. Mu­ňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ge­çen hep­de­de ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de mä­lim edi­len san­lar aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.
2018-nji ýyl­da ýur­du­myz­da je­mi 38 müň 324 ton­na süý­ji-kö­ke önüm­le­ri ön­dü­ri­lip, şo­la­ryň 30 müň 423 ton­na­sy hu­su­sy kär­ha­na­lar ta­ra­pyn­dan çy­ka­ryl­dy. “Ha­sar”, “Oguz­han”, “Bars”, “Tä­ze aý”, “Nyg­mat” ýa­ly meş­hur­lyk ga­za­nan ha­ryt bel­gi­li önüm­ler da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ryn­da hem uly is­leg­den peý­da­lan­ýar. 2018-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan­a da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ri­len süý­ji-kö­ke önüm­le­ri­niň möç­be­ri iki es­sä go­laý azal­dy.
Türk­men te­le­ke­çi­le­ri ýo­kar­da ag­za­lan gör­ke­zi­ji­ler bi­len çäk­len­män, eý­sem, bu gör­ke­zi­ji­le­ri has-da ýo­kar­lan­dyr­mak üçin tä­ze önüm­çi­lik des­ga­la­ry­ny gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýärler. Hu­su­san-da, mu­nuň üçin Ahal we­la­ýa­tyn­da üç sa­ny kär­ha­na­ny gur­mak, şeý­le hem ozal­ky iş­läp gel­ýän önüm­çi­lik­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­mak hem-de tä­ze kuw­wat­lyk­la­ry ulan­ma­ga gi­riz­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hu­su­sy we karz se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na ama­la aşyr­mak mak­sat edi­nil­ýän bu tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len süý­ji-kö­ke önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi ýyl­da 13 müň 800 ton­na kö­pe­ler, ar­tyk­maç bö­le­gi­ni bol­sa eks­port et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Ýew­ro­pa­nyň esa­sy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň öň­de­ba­ry­jy en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ryl­jak tä­ze kär­ha­na­la­ryň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi bi­len goş­ma­ça iş orun­la­ry dö­re­di­ler.
“Hu­su­sy te­le­ke­çi­lik hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň we jem­gy­ýe­ti­niň dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­ne öw­rül­ýär” di­ýip bel­le­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mä­ge uly he­ma­ýat ber­ýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösüş­le­ri­ne te­le­ke­çi­le­riň my­na­syp go­şant goş­mak­la­ry üçin ýur­du­myz­da “Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­mak ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny hem-de “Türk­me­nis­ta­nyň ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi gol­da­ma­gyň 2018 – 2024-nji ýyl­lar üçin Döw­let Mak­sat­na­ma­sy” he­re­ket ed­ýär. Döw­let ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­ýän amat­ly şert­le­riň, ýe­ňil­lik­le­riň ne­ti­je­sin­de, hu­su­sy te­le­ke­çi­lik­de gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän köp san­ly önüm­çi­lik des­ga­la­ry – iri mal­dar­çy­lyk we guş­çu­lyk top­lum­la­ry, so­wa­dy­jy am­mar­lar, ba­lyk­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ry, ýy­la­dyş­ha­na­lar, gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­lar bu gün­ki gün hal­ky­my­zyň hyz­ma­tyn­da.
Ha­ky­kat­dan hem, ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi hök­mün­de te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­niň stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dö­re­dip ber­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýer­lik­li peý­da­lan­ýan, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan azyk önüm­le­ri bi­len ila­ty­my­zy üp­jün ed­ýän türk­men te­le­ke­çi­le­ri­ne ynam bar­ha art­ýar.

Ars­lan RE­JE­POW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň
mu­gal­ly­my.