Tamamlanan 2018-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, bilim ulgamynda alnyp barlan özgertmeleriň ösüş örüsi giňäp, ylmyň durmuşa hyzmat etmeginde, bilim berlişiniň ýokary hil derejesiniň gazanylmagynda, ýaşlaryň döwrebap kemala gelmeginde bilimiň hil derejesiniň ýokarlandyrylmagynda, onuň netijeli ulanylmagynda täze mümkinçilikler açyldy. Ýurdumyzyň barha batly gadamlar bilen ynamly öňe barýan bu ulgamynyň döwrebap maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigi, bilim basgançaklarynyň ähli düzümlerinde bilim-terbiýäniň çuňlaşdyrylmagy, onuň milli ruhda dünýä derejesine ýetirilmegi, mugallymlaryň hünär ussatlygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi döredilýän giň gerimli mümkinçilikleriň esasy mazmunydyr. Döwlet Baştutanymyzyň bilim ulgamyny ösdürmekdäki taýsyz tagallalarynyň miweleridir. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, durmuşa ornaşdyrylýan bilim özgertmeleriniň baş maksady ýaşlaryň sagdyn kemala gelmegine, düýpli bilim we hünär almaklarynyň, jemläp aýdanymyzda olaryň hemmetaraplaýyn aladalar bilen gurşalmagynyň anyk bähbitlerine gönükdirilendir. Onuň aýdyň görkezijileri bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň döwlet başyna geçeli bäri, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň çuňňur bilim-terbiýe almagy üçin edýän ägirt uly aladalarynda, olaryň jemgyýetçilik we maşgala gurşawynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň alnyp barylmagynda jemlenendir.
Ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň ýokary hilli bilim almagyna gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, sanly bilim ulgamyny milli bilimiň usulyýetine ornaşdyrmak bilen baglanyşykly işlere töwerekleýin girişilendigi bellenilmelidir. Häzirki wagtda esasy üns ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim berlişinde sanly serişdeleri giňden peýdalanmaga, hödürlenýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Bu maksat bilen, anyk wezipeleriň çözgüdine girişilendigi bellärliklidir.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagynda innowasiýa-maglumat merkezini hem-de bilim portalyny döretmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmagy, bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim torunyň döredilmegine girişilmegi, berilýän bilimiň mazmunynyň baýlaşdyrylmagy, hiliniň ýokarlandyrylmagy häzirki zamanyň döwrebap özgertmeleridir. Sanly bilim ulgamyna geçmekde okatmagyň interaktiw usullaryny we ösen tehnologiýalaryny, internet ulgamlaryny peýdalanmak arkaly, talyplary hünäre intensiw ýagdaýda taýýarlamak aýratyn ähmiýete eýe bolýar, sebäbi sanly bilim ulgamy elektron göterijileriň ýa-da internet torlarynyň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň, öwrediji elektron serişdeleriň we ýörite maksatnamalaryň toplumydyr. Bulardan netijeli peýdalanmagy ýola goýmak bilen baglanyşykly özgertmeler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw işiniň guralyşynda ýylyň dowamynda özüniň tejribedäki beýanyny tapyp gelýär. Başgaça aýdylanda, biziň S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiziň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we beýleki birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Daşogzuň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň okuw işine sanly ulgam ornaşdyrylandyr we bu okuw mekdepleri özleriniň ugurdaş okuw mekdepleri, olardaky ugurdaş hünärler babatynda teleköpri arkaly okuw sapaklaryny guramagyň özara tejribesini alyşýarlar. Innowasion usullary durmuşda ulanmak üçin, milli we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy mugallymçylyk iş tejribelerini ýaýratmak maksady bilen, hemişelik hereket edýän seminar-maslahatlaryň guralmagy, daşary ýurtly hünärmenleriň iş-tejribeleri boýunça geçirilýän okuwlar ýurdumyzda bu ugurda maksatlaýyn amala aşyrylýan işleriň durmuşdan alnan mysallaryna öwrülýär.
Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerimizde sapaklarymyz innowasion usullarda guralýar we onuň üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ili abat bolsun, bütin halkymyzyň, biz ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrýan beýik işleri elmydama üstünliklere beslensin!
Mähriban Bakyýewa,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.