Iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň henize çenli neşir edilmedik hekaýalary çap ediler. Onuň dünýä belli “Jeňňelleriň kitaby” eseri biziň günlerimize çenli çagalary we ululary haýran galdyrmagyny dowam edýär. Ýakyn günlerde ýazyjynyň 1880-nji ýyllarda Hindistanda žurnalist bolup işlän döwürleri ýazan hekaýalarynyň 86-syny öz içine alýan täze ýygyndysy neşir ediler.
Redýard Kipling bu hekaýalary “Civil and Military Gazette” we “Pioneer” ýaly hindi gazetlerinde işlän döwründe ýazypdyr. “Jeňňelleriň kitabynyň” awtory 1886-njy ýylda Hindistanyň Bombeý (häzirki Mumbaý) şäherinde iňlis maşgalasynda dogulýar.
Her bir uly ýazyjy öz eserlerinde öz dünýäsini döredýär. Edebiýat dünýäsinde iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň eserlerine aralaşmak ýeňil bolmasa-da, onuň öz dünýäsi bar. Ol Kiplingiň eserlerine düşünmegiň çylşyrymlydygyny aňlatmaýar. Ol gözleýän zadyny başga bir çeperçilik derejesinde ýüze çykarýar, birnäçe geň-taň şygyrlary bolsa, özüniň ýazyjylyk garaýşy bilen baglanyşyklydyr. Ýazyjy 1936-njy ýylyň 18-nji ýanwarynda Londonda aradan çykýar.