Häzirki wagtda planetamyzyň demirgazyk ýarym şarynda gyş pasly dowam edýär. Howanyň ýagdaýyny beýleki birnäçe tebigy aýratynlyklar bilen bir hatarda, şol ýeriň geografik taýdan nirede ýerleşýändigi kesgitleýär. Kä ýerde sowuk howa alty aýlap dowam edýän bolsa, köp ýerlerde gyş o diýen sowuk bolmaýar. Eýsem, dünýäde iň sowuk ýerler niredekä? Geliň, olaryň käbiri bilen tanşalyň!
Ulan-Bator: Mongoliýanyň paýtagty we iň uly şäheri dünýäniň iň sowuk paýtagty hasaplanýar. Deňiz derejesinden 1 müň 300 metr beýiklikde ýerleşýän bu ýerde gyşyna howanyň temperaturasy ortaça -25 dereje sowuk bolýar.
Oýmýakon: Russiýanyň Saha Respublikasynyň bu obasy paýtagt Ýakutskdan 900 km töweregi uzaklykda ýerleşip, dünýäniň iň sowuk ilatly nokady hasaplanýar. 600 töweregi ilaty bolan obada iň sowuk howa 1926-njy ýylda hasaba alnypdyr – 71,2 dereje. Bu ýerde gyşyna howanyň temperaturasy -40 dereje töweregi sowuk bolýar. Bu ýerde sowuk zerarly gyşyna daşary çykylanda, telefon, fotoapparat ýaly elektron enjamlar uzak wagt işlemeýär.
Çerçil: Kanadanyň Manitoba welaýatynyň bu kenarýaka obasynda müňe golaý ilat ýaşaýar. Obanyň töweregindäki tokaýlar ak aýylaryň mesgen tutan ýeri. Oba iň ýakyn ilatly ýer 400 km golaýyndaky Tompson şäheridir. “Ak aýylaryň paýtagty” ady bilen belli bolan obada gyşyna -26 dereje çenli sowuk bolýar.
Astana: Gazagystanyň paýtagty dünýäniň iň sowuk şäherleriniň biri hasaplanýar. Gyşyna şäherde howa -20 derejä çenli sowaýar.
Harbin: her ýylda Hytaýyň demirgazygyndaky bu şäherde buz we gar festiwaly geçirilýär. Dünýäde bu ugurda geçirilýän iň uly festiwalyň çäklerinde buzdan dürli binalar, heýkeller we beýleki desgalar ýasalýar. 10 milliondan gowrak ilaty bolan şäherde gyşyna -45 dereje çenli sowuk bolýar.
Wostok: Antarktikadaky bu ylmy-barlag stansiýasy dünýäniň iň sowuk nokady hasaplanýar. Deňiz derejesinden 3 müň 500 metr belentlikdäki stansiýada 1983-nji ýylyň 21-nji iýulynda 89,2 dereje sowuk howa hasaba alynýar. Bu ýerdäki iň “maýyl” howa 1957-nji ýylyň 13-nji dekabrynda -13,6 dereje bolupdyr.
BARROW: Alýaskadaky 5 müň töweregi ilatly ýer dünýäniň iň demirgazygyndaky şäher hasaplanýar. Bu ýerde noýabryň ahyrynda Gün batyp, ýanwara çenli dogmaýar. Aşa sowuk günlerde howanyň temperaturasy -40 dereje çenli düşýär.
Grenlandiýa: geografik taýdan Demirgazyk Amerikada ýerleşýän hem bolsa, taryhy we medeni taýdan Ýewropanyň bir bölegi hasaplanýan bu ada tutuşlygyna diýen ýaly buz gatlaklary bilen örtülen. Gyşyna 70 derejä çenli sowuk bolýan Grenlandiýada tomus aýlarynda hem -7 derejä çenli sowuk bolýan wagtlary duşýar.