Ýurdumyzyň bu gadymy sungaty dünýä bazarlarynda-da giňden tanalýar. Halylarymyzyň dünýä meşhurlygyny has-da ýokarlandyrmak üçin ýurdumyzyň wekiliýeti halkara derejesinde geçirilýän sergilerdir forumlara yzygiderli gatnaşýar.
Şu ýylyň ilkinji aýynda türkmen halylarymyz eýýäm dünýäniň iki uly şäherinde köpçülige ýetirildi. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 11-14-nji ýanwary aralygynda Germaniýanyň Gannower şäherinde haly önümleriniň we pol örtükleriniň 31-nji ýöriteleşdirilen halkara “DOMOTEX-2019” sergisi geçirildi. Bu halkara foruma gatnaşan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wekiliýeti ol ýerde ýurdumyzda öndürilýän haly önümleriniň sergisini gurady.
Golaýda bolsa, Birleşen Arap Emirlikleriniň syýahatçylyk merkezi hasaplanýan iri şäheri Dubaýda “Carpet and Art Oasis” (“Haly we sungat jülgesi”) atly halkara sergisi öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän bu halkara forumda ilkinji gezek ençeme asyrlaryň dowamynda merdana halkymyzyň ruhunyň hem-de maddy durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen halylarynyň sergisi guraldy. Sergä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenhaly” önümçilik birleşiginiň wekiliýeti gatnaşdy.
24-nji gezek geçirilýän bu halkara sergi “Sungatyň we innowasiýanyň birleşmegi” şygary astynda guraldy. Onda dünýäniň ençeme ýurdunyň 15 müňden gowrak seýrek duş gelýän nepis halylary dünýä jemgyýetçiligine hödürlendi. Sergini guraýjylaryň bellemegine görä, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlardan getirilen halylaryň hakykylygy bu halkara haly sergisiniň özboluşlylygyny has-da belende göterýär.
Dubaýda söwda festiwalynyň çäklerinde geçirilýän bu halkara sergi dünýäniň bu ugurdaky öňdebaryjy gözden geçirilişleriniň biridir. Bu ýerde, esasan hem, ýüpekden we ýüňden dokalan el halylary has köp gyzyklanma bildirilen haly önümleri boldy. Bu halkara sergisi 14-nji fewrala çenli öz işini dowam eder.
Türkmen halysy halkymyzyň gadymy senetleriniň biridir. Türkmen halylarynyň haýran galdyrýan gözelligini we uzak wagtlap ulanmaga ýaramlylygyny, olaryň tapawutlandyryjy aýratynlygy hökmünde görkezmek bolar, bu aýratynlyklar halyçylyga mahsus ýörelgelerden gelip çykýar. Ýurdumyzyň köp asyrlyk taryhynda halyçylyk sungaty belent derejedäki kämillige ýetirilip, nagyşlary çeperçilik taýdan täsirliligi bilen haýran galdyrýar. Türkmen halysy tehniki taýdan taýýarlanylyşy we estetiki many-mazmuny boýunça gadymy, seýrek duşýan zatlaryň hataryna degişlidir. Bu halylaryň örän inçeden, nepis dokalmagy onuň esasy aýratynlyklarynyň biri hasaplanýar, çünki halynyň bir inedördül metrinde 200-400 müň we şondan-da köp çitim bardyr. Diýseň sünnälenip, nepis dokalýandygy üçin halynyň nagşy örän dürs we täsirli bolup görünýär. Şonuň üçin hem halynyň reňkleri ýerlikli we göze ýakymlydyr.
Arkadag Prezidentimiziň “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp kitaby ýurdumyzyň haly sungatynyň nepisligini, taryhyny öwrenmekde naýbaşy eserleriň biridir. Gyz-gelinlerimiziň ajaýyp arzuwlary, mähri, söýgüsi, yhlasy siňen nepis halylarymyzyň şan-şöhraty bu gün äleme dolýar.
Köp asyrlaryň dowamynda şöhrat gazanan türkmen halylaryna, milli gymmatlyklarymyza aýratyn gadyr goýýan döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde halyçylyk sungatynyň asylly däpleriniň ösdürilmegine, dürli taryhy döwürlerde halynyň döreýşiniň ylmy taýdan öwrenilmegine, halyçylyk sungatynyň ýaşlara öwredilmegine aýratyn üns berýär. Şonuň üçin her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni giňden hem-de dabaraly bellenilýär.
Türkmen halkynyň ruhy hem-de medeni mirasynyň aýawly saklanylmagyna we giňden ýaýylmagyna, el halyçylygynyň hem-de amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşleriniň milli däpleriniň baýlaşdyrylmagyna uly hemaýat edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il bähbitli döwlet işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Röwşen URTMEREDOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
mugallymy.