Ýag­şyň yz­ýa­ny peý­da bol­ýan älem­go­şa­ryň, as­lyn­da iki­si­niň bir­ba­da dö­re­ýän­di­gi­ni eşi­dip­mi­di­ňiz? Kä­ma­hal ola­ryň iki­si hem bir­ wagt­da gö­rün­ýän bol­sa, beý­le­ki­si­niň örän öçüg­si bo­lup gö­rün­ýän ma­hal­y has köp ga­bat gel­ýär. Ola­ryň reňk­le­ri­niň ýer­le­şiş ter­ti­bi bir-bi­ri­niň ter­si­ne bol­ýar. Bi­ze ýa­rym Aý gör­nüş­de gö­rün­ýän älem­go­şa­ra bel­li bir be­lent­lik­den se­re­di­len­de bol­sa, ol te­ge­lek bo­lup gö­rün­ýär. Ýa­gyş­ly ho­wa­da bel­li bir be­lent­li­ge çy­kyl­sa, ony te­ge­lek gör­nüş­de hem gör­mek müm­kin. Älem­go­şar ýa­gyş dam­ja­la­ry­nyň için­den Gün şöh­le­si­niň döw­lüp geç­me­gi ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýär. Şol se­bäp­li ol şag­la­wuk­lar­da, hat­da ki­çi­jik suw çüw­dü­rim­le­rin­de hem peý­da bol­ýar.
Älem­go­şa­r, adat­ça, ýe­di reňk­li bol­ýar. Em­ma onuň di­ňe ak reňk­li­si hem bar. Örän seý­rek duş gel­ýän bu ýag­daý so­wuk ýer­ler­de, ümür­li ho­wa­da dö­re­ýär. Şeý­le ho­wa­da­ky örän maý­da suw dam­ja­la­ry Gün şöh­le­si­ni reňk dö­re­dip bil­me­jek de­re­je­de az döw­ýär. Ak älem­go­şa­ryň iki gy­ra­syn­da ça­la­ja gy­zyl ýa-da gö­güm­til reňk bol­ýar. Onuň reň­ki­niň ak bol­ma­gy­nyň se­bä­bi dam­ja­lar ki­çi bo­lan­soň, şöh­le reň­ki ser­pik­di­rip bil­jek de­re­je­de dö­wül­me­ýär we ug­ru­ny ça­la­ja üýt­ge­dip ge­çip gid­ýär.