Elektron enjamlarynyň ýüze çykmagy bilen peýda bolan tetris oýnuny bilýänsiňiz. Katamino hem şonuň oýnawaç görnüşi diýsek ýalňyşmarys. Bu oýunjak pentamino atly böleklerden ybarat. Pentaminolary bir ýere jemläp, dürli şekilleri emele getirip bolýar. Bu oýny diňe uly ýaşly çagalar däl, eýsem, has kiçi ýaşly çagalar hem oýnap bilerler. Katamino çaganyň analitik pikirlenme ukybyny artdyrýar, ünsüni güýçlendirýär. Ol 12 bölekden ybarat bolup, adatça agaçdan öndürilýär. Pentaminonyň 3 bölümden 12 bölüme çenli kynlyk derejesi bar. Oýnuň düzgüni dürli şekilleri bölekleriň arasynda boşluk goýmazdan, dörtburçlugyň içine ýerleşdirmekden ybarat. Ýagny 12 bölegi 60 öýjükden ybarat bolan 6×10, 5×12, 4×15 ýa-da 3×20 ölçegli dörtburçluga ýerleşdirmeli. Bu oýnawaç satylanda onuň ýanynda birnäçe nusgasy görkezilen çyzgysy bolýar. Oýnuň 36 müňden gowrak çözülişi bar. Isleseňiz, onuň ölçeglerini alyp, kartondan özüňiz hem ýasap bilersiňiz. Bu oýun matematika we geometriýa derslerini has aňsat öwrenmäge ýardam edýär. Katamino üstünlik gazanmak üçin sabyr etmegi hem öwredýär. Her pentaminonyň ady özüne meňzeş harp bilen atlandyrylýar: F, I, L, P, N, T, U, V, W, X, Y we Z.
Oýun amerikan professory Solomon Wolf Golomb tarapyndan 1960-njy ýyllarda oýlanyp tapylýar. Bilermenler bu oýnuň binagärlik çözgütlerinde hem peýdaly boljakdygyny aýdýarýar. Golomb üçburçluk, gönüburçluk, altyburçluk ýaly geometrik şekilleri birleşdirmek arkaly nähili şekilleri döredip boljakdygy barada pikirlenipdir. Netijede, şeýle tapmaça-oýnawajy döredipdir. Onuň ady bolsa, grekçedäki “penta” hem-de “omino” sözlerinden döräpdir. Onuň düzgünleri domino hem meňzeş. Sebäbi, domino oýnunda daşlaryň birleşýän tarapyndaky nokatlaryň sany deň bolmaly. Birnäçe dörtburçlukdan ýasalan şekillere bolsa, “Polýomino” ady berlipdir. Kataminonyň adaty küşt tagtasynda oýnalýan, ýagny 64 öýjükli görnüşi hem bar. Şeýle hem oýnuň üç ölçegli, ýagny dikligine oýnalýan görnüşleri hem bar.