Adamlaryň we janly-jandarlaryň ýaşaýşynda suwuň ähmiýeti örän uludyr. Suwsuz ýaşaýşy göz öňüne getirmek asla mümkin däl.

Adam­za­dyň hä­zir­ki ösen de­re­je­sin­de ola­ryň suw re­surs­la­ry­na ga­raş­ly­ly­gy has hem ýo­ka­ry­dyr. Şo­nuň üçin hem Di­ýa­ry­myz­da suw se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak, su­wy az harç ed­ýän önüm­çi­lik teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­mak, ha­pa­lan­mak­dan we za­ýa­lan­mak­dan go­ra­mak bo­ýun­ça köp iş­le­r dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýa­şaý­şyň göz­ba­şy ha­sap­lan­ýan su­wuň her dam­ja­sy­ny al­tyn dä­ne­si­ne de­ňe­ýän türk­men hal­ky­nyň su­wa bo­lan be­lent sar­pa­sy örän ulu­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ösüş­le­re bes­len­ýän aja­ýyp za­ma­na­myz­da be­re­ke­diň we bol­çu­ly­gyň çeş­me­si ha­sap­lan­ýan su­wuň ga­dyr-gym­ma­ty has-da be­lent de­re­je­le­re gö­te­ril­ýär.
Suw­dan re­je­li peý­da­lan­ma­gyň dün­ýä tej­ri­be­sin­de yk­rar edi­len hä­zir­ki za­man tä­ze usul­la­ry­nyň önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ýar. “Paý­has çeş­me­si” ki­ta­byn­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan dür­dä­ne söz­le­ri dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ry bi­len bir ha­tar­da, türk­men te­bi­ga­ty­nyň eçi­len äh­li baý­lyk­la­ry­ny, şol san­da su­wy hem re­je­li peý­da­lan­ma­gyň nus­ga alar­lyk ýo­ly sa­da we düş­nük­li dil­de be­ýan edil­ýär. Türk­men hal­ky­nyň suw baý­lyk­la­ry­ny tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak ba­ra­da­ky gym­mat­ly tej­ri­be­si we me­de­ni­ýe­ti di­ňe bir öz hal­ky­my­zyň dur­mu­şy­na däl-de, eý­sem, bu ugur­da dün­ýä tej­ri­be­si­ne hem go­şan um­ma­syz go­şant­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk bo­ýun­ça 29-njy ýan­war­da­ ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de suw se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün­çi­li­gi we suw­dan peý­da­la­ny­ly­şy­ny go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­ni dö­ret­mek ha­kyn­da Per­ma­na gol çek­di. Bu ko­mi­tet suw me­se­le­le­ri­ni çöz­mek, oba ho­ja­ly­gy­ny hem-de ila­ty suw bi­len üp­jün et­mek bi­len meş­gul­la­nar.
Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz suw me­se­le­le­ri­niň hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­nyň esa­syn­da se­bi­tiň äh­li ýurt­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ni na­za­ra al­mak hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň üs­ti bi­len çö­zül­me­gi­niň ta­rap­da­ry bo­lup dur­ýar. Suw se­riş­de­le­rin­den peý­da­lan­ma­gyň eko­lo­gi­ýa bi­len bag­la­ny­şyk­ly mö­hüm me­se­le­di­gi we su­wuň re­je­li ula­nyl­ma­gy­nyň ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­ne tä­si­ri­niň ulu­dy­gy göz öňün­de tu­tu­lyp, suw üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak me­se­le­si­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Di­ýa­ry­my­zyň äh­li te­bi­gy baý­lyk­la­ry­na aýawly çe­me­leş­me­li­di­gi­ni nyg­ta­ýar. Şeý­le baý­lyk­la­ryň bi­ri-de, te­bi­ga­tyň adam­za­da eçi­len gym­mat­ly ha­zy­na­sy, gud­ra­ty bo­lan – suw­dur. Ýurt Baş­tu­ta­ny­my­zyň “Suw ýa­şaý­şyň we bol­çu­ly­gyň çeş­me­si” at­ly ki­ta­byn­da hal­ky­my­zyň sa­ça­gy­na rys­gal-döw­let ge­tir­ýän suw ba­ra­da aý­dan pa­ra­sat­ly söz­le­ri, jüm­le­le­ri, pä­him­le­ri suw ho­ja­ly­gy pu­da­gy­nyň eda­ra-kär­ha­na­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­ne uly gol­lan­ma bo­lup dur­ýar.

Di­ýar Yh­ty­ýa­row,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky TDU-nyň ta­ly­by.