ABŞ-nyň gozgalmaýan emläkler we maýa goýumlary boýunça iş alyp barýan “Jones Lang LaSalle Incorporated” (JLL) kompaniýasy “Şäherleriň ösüş depgininiň görkezijisi” (City Momentum Index) sanawyny neşir edip, onuň çäklerinde dünýäniň ýokary depgin bilen ösýän şäherleriniň reýtingini düzüpdir. Onda dünýäniň 131 sany ösen we ösüp barýan işewür merkezlerine baha berilýär. Sanawda Aziýa–Ýuwaş umman sebiti iň ösen sebit hasaplanyp, bu ýerlerde reýtingiň birinji 20-ligindäki iň ýokary depgin bilen ösýän şäherlere orun berlipdir. Aşakda dünýäniň ýokary depgin bilen ösýän 10 şäheri bilen tanyşdyrýarys.
1Bangalor, (Hindistan): Aziýanyň has ýokary depgin bilen ösýän şäherleriniň biri bolup, ulag gurluşygyny, elektronikany, aerokosmos önümlerini, telekommunikasion enjamlary öndürýän ylmy we senagat merkezleriniň biridir. Mundan başga-da, maglumat tehnologiýasyny öndürýän kompaniýalaryň köplügi üçin oňa “Hindi kremniý jülgesi” diýilmegi ýöne ýerden däldir. Şeýle hem bu ýerde Hindistanyň ylmy instituty we Milli aeronawtika barlaghanasy ýerleşýär.
2Haýdarabad, (Hindistan): Şäher ýurduň 29-njy ştatynyň dolandyryş merkezidir. Bu şäher hindi senagatynyň we söwda pudagynyň iň möhüm merkezleriniň biridir. Haýdarabad kompýuter senagaty merkezi bolup, ýokary tehnologiýaly şäher derejesi üçin Bangalor bilen bäsleşýär. Bu şäher hem ylmy-barlag merkezleriniň köplügi bilen tapawutlanýar.
3Hanoý, (Wýetnam): Wýetnamyň paýtagty, ilat sany boýunça ýurduň ikinji şäheri. Ýurduň syýasy, ylym-bilim we medeni merkezi bolup, senagat taýdan ikinji merkez bolup durýar. Hanoýda dünýäniň iri banklary we kompaniýalary ýerleşýär.
4 Deli, (Hindistan): Deli Hindistanyň möhüm işewür merkezleriniň biridir. Şäheriň ykdysadyýetiniň esasy pudaklary bolsa, maglumat tehnologiýasy, telekommunikasiýa, maliýe, syýahatçylyk we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolup durýar. Bu şäher ykdysady taýdan ösen şäherleriň biridir.
5Puna, (Hindistan): Ilaty 3,1 milliona deň bolan şäher awtoulag senagatynda öndürýän motosiklleri bilen tanalýar. Şäherde “Tata Motors”, “Mahindra & Mahindra”, “Mercedes-Benz”, “Force Motors” (Firodia-Group), “Kinetic Motors” ýaly kompaniýalaryň kärhanalary ýerleşýär. Ýurduň beýleki şäherlerinde bolşy ýaly, bu ýerde soňky ýyllarda maglumat tehnologiýasy pudagy has-da ösýär.
6Naýrobi, (Keniýa): Gündogar Afrikada iň uly şäherleriň biri bolup, Keniýanyň paýtagtydyr. Şäheriň 4 million töweregi ilaty bar. Bu ýerde Naýrobiň gazna biržasy (NSE) ýerleşýär. Şäherde birnäçe kompaniýalaryň we guramalaryň sebit wekilhanalary, şol sanda, “General Electric”, “Young & Rubicam”, “Google”, “Coca-Cola”, “Zain” we “Cisco Systems” ýerleşýär. Şeýle hem şäherde “Goodyear”, “General Motors”, “Toyota Motors”, “Coca-Cola” ýaly birnäçe halkara kompaniýalarynyň zawodlary işleýär.
7Çennai, (Hindistan): Ýurduň iň uly port şäheri bolup, bu ýerde hindi kompaniýalarynyň köp sanly iri şahamçalary ýerleşýär. Şeýle hem Madras gazna biržasy hereket edýär. Ýurtda öndürilýän awtoulaglaryň 40 göterimi bu ýerdäki “Hyundai”, “Ford”, “Mitsubishi”, TVS, “Ashok Leyland”, “Royal Enfield”, “TI Cycles” we MRF ýaly kompaniýalaryň zawodlarynda öndürilýär.
8Hoşimin, (Wýetnam): Wýetnamyň günortasyndaky 8 million ilatly şäher ýurduň iri şäherleriniň biridir. Hoşimin Wýetnamda has möhüm ykdysady we transport merkezi bolup, ýurda gönükdirilýän daşary ýurt maýasynyň esasy bölegini özüne çekýär. Soňky ýyllarda şäherde elektron senagaty, telekommunikasiýa, maglumat we kompýuter tehnologiýasy, ylmy barlaglar pudagy işjeň ösýär.
9Sian, (Hytaý): Şensi welaýatyndaky bu gadymy şäher eýýäm 3100 ýyldan gowrak wagt bäri belli bolup, birnäçe hanadanlygyň höküm süren döwründe ýurduň paýtagty bolupdyr. Häzirki wagtda ol baý medeniýete we taryhy mirasa eýe bolan häzirki zaman iri şäherleriň biridir.
10Guançžou, (Hytaý): Guandun welaýatynyň dolandyryş merkezi bolup, Hytaýyň günortasynyň syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki, ylym-bilim, medeni we transport merkezleriniň biridir. Guançžouda harytlaryň dürli görnüşleriniň ýüzlerçe lomaý bazarlary we ýüzlerçe senagat kärhanalary, fabrikleri we zawodlary ýerleşýär.