Mekdep sapaklarynyň tamamlanýan pursatyndan başga wagt Demirgazyk Riçmond köçesi ümsümlikdi. Köçäniň gutarýan ýerinde, öz goňşularyndan birneme uzakdaky meýdançada iki gatly boş jaý bardy. Öz içindäki sapaly durmuşyna buýsanýan beýleki öýler bolsa, gyzylymtyl-goňur, parahat durky bilen biri-birine bakyşyp durdylar.
Biziň öýümiziň ozalky eýesi bolan keşiş içki myhman jaýynda ýaşan ekeni. Uzak wagtlap ýapyk duranlygy üçin ähli otaglaryň howasy dymyljykdy, aşhananyň gapdalyndaky nahar iýilýän otagda gerekmejek köne kagyzlar dargaşyp ýatyrdy. Men olaryň arasyndan sahypalary çyg çekip, ýygrylan kagyz sahaply birnäçe kitap tapdym: olar Walter Skottuň “Abbat”, “Widokanyň ýatlamalary” ýaly eserleri eken. Maňa sahypalary saralyp giden soňky kitap has-da ýarady. Öýümiziň arkasyndaky ideg edilmeýän bagda ýeke-täk alma agajy ösüp otyrdy, töwereginde bolsa, biri-birine çyrmaşyp giden birnäçe agaç bardy. Men olaryň biriniň düýbünden ozalky öý eýesiniň poslap giden welosiped nasosyny tapdym. Ol rehim-şepagatly keşişdi, ölenden soň ähli pullaryny haýyr-sahawat edarasyna, öýüniň goşlaryny bolsa, aýal doganyna miras galdyrypdy.
Gyşyň bir tutam günleri bolansoň, şamlygymyzy heniz oňly iýip ýetişmänkäk, iňrik garalyp ugrady. Biz köçä çykanymyzda, öýler tüm garaňkylyga bürenipdi. Asman giňişligi hemişe üýtgäp duran benewşe reňke giripdi, köçäniň çyralary öçügsi ýagtylyk berýärdi. Sowuk howa endamyňy jümşüldedýärdi. Biz gyzyşýançak oýnadyk. Gykylygymyz bu ümsüm köçede batly ýaňlanýardy. Oýun bizi garaňky geçelgeler bilen öýleriň ýeňsesine getirdi, biz ol ýerdäki külbelerde ýaşaýanlaryň gödeksi daraşmalaryna sezewar bolduk. Şol ýerde paýtunçy teblehanadaky atyny gaşaw bilen arassalap durka, bedewiň zynatly esbaplarynyň negada sazlaşykly jyňňyrdysy eşidilýärdi. Biz köçä dolanyp gelenimizde, aşhana penjireleriniň ýagtylygy eýýäm köçäni doldurypdy. Eger-de, daýym öwrümde gara berse, sag-salamat öýe girýänçä garaňkylyga duwlanýardyk. Birdenkä Menganyň uýasy doganyny çaýa çagyrmak üçin bosaga çykaýsa, alagaraňkylyga bukulyp, onuň köçäni başdan-aýak üns berip synlaýşyna tomaşa edýärdik. Biz onuň bosagadaky basgançakda duraryna ýa-da öýe girerine garaşýardyk, eger-de şol ýerde saklansa, öz tümlügimizden çykyp, sessiz-üýnsüz Menganyň öýlerine bakan ýönelerdik. Ol bize garaşar durardy, onuň suduryny ýarym açyk gapynyň ýagtylygyna saýgaryp bolýardy. Dogany oňa gulak asman, hemişe gaharyny getirýärdi, men oňa seredip, bosagadaky basgançagyň gapdalynda durýardym. Köýnegi bedeniniň hereketine tolkun atýardy, mymyjak saçynyň örümi bolsa, bir egnine atylandy.
Men her gün irden myhman otagyndan olaryň öýleriniň işigine garaýardym. Penjiräniň etegine perdäniň ýeter-ýetmez edilip çekilenligi zerarly, köçeden görünmeýärdim. Gyz bosaga çykandan, ýüregim gürsüldäp ugrady. Men daşky otaga atylyp çykdym, kitaplarymy aldym-da, yzyndan ýöräp ugradym. Men hemişe onuň goňur geýimli syratyny gözden sypdyrmaýardym. Biz ýolumyzyň aýra düşýän öwrümine baryp ýetenimizde, ädimlerimi ýygjamlatdym-da ondan ozup geçdim. Şeýle ýagdaý tas her gün diýen ýaly gaýtalanýardy. Men tötänden kelam agyz bolaýmasa, onuň bilen hiç mahal gürleşmändim. Muňa garamazdan, onuň ady meniň aşyk kalbymda aýdym bolup ýaňlanýardy.
Onuň keşbi hat-da söýgi bilen has çapraz gelýän ýerlerde-de ýaranymdy. Şenbe agşamy daýzam bazara gidende, mydama onuň torbalaryny göterişýärdim. Biz giň bazaryň içi bilen barýarkak, söwda bilen ber-başagaý bolýan aýallara gabat geldik, olaryň galmagallarynyň, içine et salnan çelekleriň gapdalynda ätiýaçly duran satyjylaryň şaňňy sesleriniň hem-de köçe aýdymçylarynyň hiňlenýän sesleriniň içinden geçip gitdik. Bu şagalaň meni durmuş hakda ýeke-täk duýga atardy; men yşkyň pyýalasyny birgiden mähelläniň içinden sag-aman geçirdim diýip oýladym. Onuň ady meniň özümiňem düşünmeýän täsin doga-dileglerimde zybanymdan syzyp başlady. Käte ýüregimden gaýdýan siller gursagymy ýarara getirýärdi. Men bu işiň soňunyň nähili tamamlanjagy barada pikir etmeýärdim. Onuň bilen bir gün gürleşip biljegime inçejik umydym bardy. Eger-de gürleşäýsem, öz garjaşyk söýgimi nädip duýdurarkam? Meniň bedenim arfa ýaly bolsa, onuň sözleridir hereketleri tarlarymyň üstünde ýüwürýän barmaklar mysalydy.
Bir gije keşişiň ýaşan şol myhman jaýyna girdim. Garaňky, ýagyşly gijedi, öýde ses-üýn ýokdy. Men penjireleriň döwlen aýnasynyň birinden ýagşyň zemine düşýän şybyrdysyny eşitdim, tükeniksiz ownuk iňňepisint damjalar ezilen joýalarda towusýardylar. Duýgularymyň ählisi özüni bukmaga meýilli ýalydy, olardan sypyp gaçmakçy ýaly, ellerimiň aýasyny tä saňňyldaýança biri-birine gysyp, öz ýanymdan birnäçe gezek onuň adyny tutup pyşyrdadym.
Ol ahyry bir gün maňa habar gatdy. Haçan-da, ol maňa ilkinji söz bilen ýüzlenende, şeýle bir aljyraňňylyga düşdüm welin, näme jogap berjegimem bilmedim. Ol menden Arabiýa1 bazaryna gidip-gitmänligimi sorady. Meniň oňa “hawa” ýa-da “ýok” diýip, jogap berenimem ýadyma düşenok.
– Juda üýtgeşik bazar – diýip, ol dillendi. Ol özüniň bazara baryp göresiniň gelýändigini syzdyrdy.
– Özüň näme üçin gideňok? – diýip, men ondan soradym. Ol gürleýärkä goşaryndaky kümüş bilezigini üznüksiz pyrlap durşuna, bu hepde dersleriniň kändigi sebäpli gidip bilmeýändigini ýaňzytdy. Onuň iki oglan dogany papagyň üstünde çekeleşýärkä, men bosagadaky basgançagyň gapdalynda durdym. Ol germejiň demirleriniň birinden ýapyşyp, kellesini maňa tarap egip durdy. Gapymyzyň öňündäki çyranyň ýagtysy onuň ap-ak boýnuna, egninden aşak düşüp duran zülplerine, germejiň üstündäki ellerine düşýärdi. Yşyk gyzyň bir tarapyny, köýneginiň akja keşdeli jähegini ýagtyltýardy. Ol maňa:
– Şo bazary senem halarsyň – diýdi.
– Eger men gidäýsem, saňa-da bir zatlar getirerin – diýdim.
Şol gijeden soň, birgiden oýlanmalar pikirlerimiň baryny bulaşdyrdy. Men irizegen, ýüregedüşgünç küýlerden saplanmaga çalyşýardym. Gijelerine otagymda, gündizlerine sapakda, onuň keşbi beýnime agram salyp, okaýan sahypamyň arasynda perde bolýardy. “Arabiýa” sözüniň bogunlary ruhumdaky ümsümligiň jümmüşinden eşidildi, meni maşrygyň owsuny bilen özüne ýesir etdi. Men şenbe güni bazara gitmäge rugsat soradym. Daýzam juda geňirgenip, munuň haýsydyr bir syrynyň ýokdugyna umyt bildirdi.
Sapakda diňe birnäçe sowallara jogap berip bildim. Men mugallymymyň ýüzündäki mähribanlygyň, gyňyrlyk bilen ornuny çalyşýandygyny aňdym. Ol ýaltaçylyga ýüz urmazlygymy sargady. Garjaşyk pikirlerimiň başyny bir ýere birikdirip bilmedim. Indi meniň hem-de arzuwlarymyň arasynda duran durmuşyň çynlakaý oýnuna sabyr-takadym ýokdy.
Şenbe güni irden daýymdan ikindinara bazara gitmekçidigimi duýduryp, pul soradym. Ol şlýapasy üçin çotga gözläp, eşik gysdyrylýan ýerde başagaý bolup durka, maňa gysgaça jogap gaýtardy:
– Bor, ýegen, işden gelemsoň beräýerin.
Ol daşky otagdaka, myhman jaýa girip, penjiräniň öňünde oturyp bilmeýärdim. Öýden keýpsiz çykdym-da, haýallyk bilen mekdebe ýöneldim. Howa diýseň gamaşykdy, bir ynjalyksyzlyk ýüregimi gurşan ýalydy.
Nahar edinmek üçin öýe gelemde, daýym heniz gelmän eken. Ýöne entek irdi. Men biraz oturdym, sagada siňe seretdim, jykgyldy ýüregime düşüberende otagdan çykdym. Basgançakdan öýüň ýokarky gatyna galyp ugradym. Belent, sowuk, boş, ýürekgysdyryjy otaglar meni erkinlige çykardylar. Aýdyma hiňlenip, ol otagdan beýleki otaga gezim etdim. Penjiräniň gabadynda köçede oýnap ýören dostlarymy synladym. Olaryň pessaý, düşnüksiz sesi eşidildi, maňlaýymy sowuk aýna diräp, onuň ýaşaýan garşymdaky jaýyna nazar aýladym. Men diňe onuň göz öňüne getirmelerim bilen janlandyrylan goňur geýnen kaddy-kamatyndan, çala yşyk düşýän boýnundan, germejiň üstündäki elinden we köýneginiň keşdeli jäheginden başga hiç zat görmän ol ýerde köp wagtlap irikge boldum.
Soňra men aşak düşdüm we otagyň içinde iki-baka gezmeläp ugradym. Daýzam şeýle diýdi:
– Gynansak-da, bazarlyk işiňi ertä goýmaly bolaýmagyňam ahmal.
Sagat sekiziň ýarynda daýymyň daşky otagyň gapysyny açýan şakyrdysy eşidildi. Men onuň öz-özi bilen gepleşýänini, paltosynyň agramyndan ýaňa eşik asylýanyň yraň atýandygyny eşitdim. Bu alamatlardan özümçe many çykardym. Haçan-da, daýym naharyň başyna geçende, ondan ýene-de bazara gitmäge pul soradym. Ol ähli zady unudan eken.
– Indi giç dälmi – diýip, ol köp manyly gepledi.
Men sesimi çykarmadym. Daýzam azmlylyk bilen:
– Oňa berere puluň ýokmy? Goý, gitsin! Ony şeýle hem garaşdyrmak kemini goýmadyň ahyryn – diýdi.
Daýym meniň bu haýyşymy unudanlygyna gynanýandygyny aýdyp, halaýan gadymy bir nakylyny mysal getirdi: “Oýunsyz bir iş Jekiňem ýüregine düşýär”. Ol nirä barýanymy sorady, ikinji gezek gaýtalanymda bolsa, –“Araplaryň öz bedewi bilen hoşlaşygyny” bilmeýärmiň – diýdi. Aşhanadan çykanymda, daýzama bu goşgynyň birinji setirini labyzly aýdyp berdi. Men onuň uzadan şaýy pullaryny elimde mäkäm gysyp, Bakingem köçesiniň ugry bilen demir ýol menziline ugradym. Gaz çyralary bilen ýiti ýagtylandyrylan köçäniň durky, syýahatymyň maksadyny aýdyňlaşdyrýardy. Men otlynyň üçünji derejeli boş wagonynda ornaşdym. Otly teý ugramansoň içim byjyklaýardy. Otly ahyry menzilden ýuwaşlyk bilen gozgandy. Ol köne jaýlaryň arasyndan, lowurdaýan derýalaryň üstünden assyrynlyk bilen öňe ümzük atýardy. “Westland Row” menzilinde jemende bary wagonlara kürsäp urdy, ýöne ýolbeletler munuň bazardan aňry gitmeýändigini aýdyp, olary yzyna gaýtardylar. Boş wagonda ýeke özüm galdym. Biraz salymdan otly kiçiräk beketde togtady. Gün batan çagy otludan düşemde ýagtylandyrylan sagat dilleri dokuza on minut galandygyny görkezýärdi. Meniň göni garşymda, uly binanyň çat maňlaýynda jadyly ýazgy şöhlelenýärdi.
Men bazaryň ýapylaryndan ätiýaç edip, alňasadym. Men üsti ýarsyna çenli basyrylan uly bazara girdim. Dükanlaryň ählisi diýen ýaly ýapykdy, bazaryň ýarysyndan gowrak ýeri garaňkydy. Şunuň ýaly ümsümligiň kitaphanada bolýandygyny bilýärdim. Men bazaryň ortasyna çenli çekinibräk bardym. Heniz açyk duran dükanlaryň töwereginde birnäçe adam üýşüp durdy. Ýüzüne reňkli çyralar bilen “Café Chantant” diýlip ýazylan perdäniň öňünde bolsa, iki kişi mejmäniň üstündäki pullary sanaýardy.
Men dükanlaryň biriniň öňünde aýak çekdim, çini güldanlara, gülli çaý toplumyna göz aýladym. Dükanyň gapysynyň agzynda bir juwan gyz iki sany geýnüwli boý ýigit bilen gülşüp gürleşýärdi. Olaryň çalgyrt iňlisçesi ünsümi çekdi. Biygtyýar gürrüňlerine diňşirgendim.
– Men hiç haçan beýle zady diýmedim!
– Sen diýdiň!
– Men diýmesem näme!
– Dogrudan hem, ol muny diýmedimi?
– Hawa, men ony eşitdim.
– Sen… aldawçy!
Juwan gyzyň gözleri maňa kaklyşdy. Golaýyma gelip:
– Saňa näme gerek? – diýip, gödegsiräk sorady. Onuň äheňi sowuk-salady; muny diňe borjy bolanlygy üçin soraýan ýalydy. Men ýuwaşlyk bilen, edil maşrygyň iki sakçysy kimin dükanyň garaňky girelgesiniň iki tarapynda duran uly küýzelere seredip:
– Ýok, sag boluň! – diýip pyşyrdadym.
Gyz güldanlaryň biriniň ýerini üýtgedip, oglanlaryň ýanyna gyssandy. Olar ýene-de şol bir zat hakda gürrüň etmäge durdylar. Ol ýene-de bir-iki sapar gaňrylyp maňa seretdi.
Men beýdip durmagyň peýdasyzdygyny bilýän-de bolsam, onuň harytlaryna islegimiň hakykata has-da golaý ýaly bolup görünmegi üçin dükanyň öňünde birneme durdum. Soňra assa-assadan yzyma öwrüldim-de, bazaryň çetine bardym. Elimdäki şaýy pullarymy kisäme okladym. Men bazaryň bir künjünden çyralaryň öçürilýändigi barada mälim edýän kimdir biriniň sesini eşitdim. Bazaryň köp bölegi indi bütinleý garaňkydy. Men garaňkylyga garap, meniň islegimi unudanlaryň bolşuna gaty gynandym we ol ýerden elim boş yzyma dolandym.
Terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew.
“Zaman-Türkmenistan”.