Abdullah Ri’ayatuddin Al Mustafa Billah Malaýziýanyň 16-njy patyşasy boldy. Täze soltanyň saýlawlary ýurduň paýtagty Kuala-Lumpurda geçirildi. Ol öz wezipesini bäş ýyl ýerine ýetirer.
Ýaponiýanyň ýadygärlikler gaznasy “Mori” 2018-nji ýylda dünýäniň iň täsirli şäherleriniň sanawyny mälim etdi. Sanawda birinji onluga Nýu-Ýork, Tokio, Pariž we Singapur girdi. Reýtingiň awtorlary ykdysadyýet, ylmy-barlag we innowasiýany ornaşdyryş, ekologiýa ýaly dürli ýagdaýlary göz öňünde tutup, 44 şähere baha berdiler.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdy esasy bäş ugur boýunça ösdürmek maksady bilen, umumy bahasy 8,1 milliard dollara deň bolan taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamasyny tassyklady.
Gresiýanyň Parlamenti Makedoniýa Respublikasynyň adyny Demirgazyk Makedoniýa diýip üýtgetmek baradaky ylalaşygy makullady. Şertnamanyň makullanmagy Ýewropa Bileleşigi tarapyndan goldaw tapdy.
Saud Arabystanynyň nebit kompaniýasy “Saudi Aramco” Günorta Koreýanyň nebiti gaýtadan işleýän kompaniýasy “Hyundai Oilbank”-yň 20 göterim paýnamalaryny 1,6 milliard dollara satyn almagy meýilleşdirýär. Geleşik saud nebitini Günorta Koreýanyň nebiti gaýtadan işleýän kompaniýasyna ugradylyşynyň mukdaryny artdyrmaga gönükdirilendir.
29-njy ýanwarda Fransiýanyň paýtagtynda Himiki elementleriň Halkara ýylynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Ol ÝUNESKO-nyň Pariždäki edara binasynda 80-den gowrak halkara ylmy guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Bahreýniň hökümeti tomsa çenli meýdany 100 müň inedördül metre deň bolan dünýäniň iň uly suwasty parkyny gurmagy meýilleşdirýär. Ol Bahreýniň syýahatçylyk boýunça edarasynyň taslamasydyr. Parkyň gurluşygy ýakyn günlerde başlap, onuň daşky gurşawa hiç hili zyýany bolmaz.