Belka diýlende, kiçijik, goňrumtyl reňkli, pişge guýruk, owadanja jandar göz öňüňe gelýär. Emma dünýäniň dürli ýerlerinde şol ýeriň tebigy aýratynlyklaryna görä dürli görnüşli belkalar ýaşaýar. Malabar atly belka bolsa, ululygy we reňki bilen tapawutlanýar. Latynça ady “Ratufa indica” atly jandar wagtynyň köp bölegini agaçda geçirýär. Hindistandaky tokaýlyklarda ýaşaýan malabarlar sarymtyl, goňur-sary, gara-goňur, al we açyk goňur reňklerde bolup, olaryň hemmesiniň gulagynyň arkasynda ak tegmil bolýar.
Olaryň bedenleriniň boýy 36 santimetre, guýrugynyň uzynlygy 61 santimetre çenli bolýar. Agramy 1,5-2 kilogram bolan jandarlaryň 5 görnüşi bar. Tropik tokaýlyklarda ýaşaýan jandarlar agaç köweklerinde öý ýasanýarlar. Olar ýyrtyjy guşlar ýa-da geçigaplaň ýaly duşmanlarynyň gelýänini aňsalar, şaha ýapyşyp gymyldaman durýarlar. Olaryň reňki duşmanlaryndan goranmaga ýardam edýär. Bir agaçdan beýleki agaja 6 metre çenli böküp bilýän, ortaça 20 ýyl ýaşaýan endemik jandarlaryň bu görnüşi diňe Hindistandaky tokaýlyklarda duş gelýär.