Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de QWER­TY kla­wia­tu­ra­la­ry giň­den ula­nyl­ýar. Bu kla­wia­tu­ra­da­ky harp­la­ryň ýerleşişi ýa­zuw ma­şyn­ka­sy­nyň oý­la­nyp ta­py­la­nyn­dan bä­ri o di­ýen üýt­ge­me­di. Ýa­zuw ma­şy­ny­ny oý­lap ta­pan Kris­to­fer Le­tem Şoulz 1867-nji ýyl­da ýa­zuw ma­şyn­ka­sy­nyň pa­ten­ti­ni al­ýar. Em­ma bu en­jam­da teh­ni­ki nä­saz­lyk ýü­ze çyk­ýar. Bu en­jam­da­ky harp­lar çalt-çaltdan ba­sy­lan­da, harp­la­ryň ýaýlary gy­syl­ýan eken. Şoulz bu me­se­lä­ni çöz­mek üçin harp­la­ryň iň­lis di­lin­de haý­sy har­pyň nä­de­re­je­de ula­nyl­ýan­dy­gy­na gö­rä üýt­ged­ýär. Şeý­le­lik­de, baş­lan­gy­jyn­da “Q” har­py du­ran­ly­gy se­bäp­li “Q” kla­wia­tu­ra di­ýil­ýän harp ter­ti­bi dö­re­ýär. 1874-nji ýyl­da onuň önüm­çi­lik hu­kuk­la­ry­ny sa­tyn alan “E. Re­ming­ton & Sons” şe­re­ke­ti hem şol harp ter­ti­bi­ni sak­la­ýar. Şeý­le hem ýa­zuw ma­şy­ny­nyň iň­lis­çe­si “Ty­pe Wri­ter” sö­zü­ni eme­le ge­tir­ýän äh­li harp kla­wia­tu­ra­nyň ýo­kar­ky se­ti­ri­ne ýer­leş­di­ri­lip­dir. Mu­nuň se­bä­bi şol dö­wür tä­ze oý­la­nyp ta­py­lan en­ja­myň ady­ny aň­sat­lyk bi­len ka­gy­za ýa­zyp, ony ma­ha­bat­lan­dyr­mak aň­sat bo­lup­dyr.
Soň­ky ýyl­lar­da has aň­sat ýaz­mak üçin baş­ga­ça ter­tip­li kla­wia­tu­ra­lar hem tek­lip edi­lip­dir. My­sal üçin, Wa­şing­ton uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry Aw­gust Dwo­rak 1932-nji ýyl­da iň­lis di­lin­de has köp ula­nyl­ýan harp­la­ry or­ta­ky se­ti­re ýer­leş­di­ri­len ter­ti­bi tek­lip edip­dir. Em­ma “Q” kla­wia­tu­ra öw­re­ni­şi­len­soň, öň­ki düz­gün do­wam et­di­ri­lip­dir. Bu­lar­dan baş­ga-da, türk di­li üçin “F”, fran­suz we beý­le­ki käbir diller üçin has amat­ly bo­lan “A” kla­wia­tu­rasy hem bar.