Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýylynyň içinde ýetilen şöhratly menzilleri seriňde aýlanyňda, özygtyýarlylygyň, özbaşdaklygyň çäksiz gudratdygyna tagzym edýärsiň. Şol pursat:
Arkadag saýasynda
Berkarardyr döwletim.
Ykbalyň bijesinde
Aty çykan türkmen biz –
diýen setirleri gaýtalanyňy duýman galýarsyň. Garaşsyzlygymyzyň gudraty bilen haly, palas, keçe… ýaly milli miraslaryň hem, behişdi bedewimiziň hem ykbalyna nur-şugla çaýyldy. Türkmen halkynyň durmuşynyň, ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegi bolan, toýuna, şatlygyna, gündelik aladasyna şärik bolan bedewleriň waspy Mätäji, Seýitnazar Seýdi… ýaly söz ägirtleriniň şygyrlaryna siňdi. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet guşy”, “Türkmen medeniýeti”, “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganaty bedewler” ýaly eserlerinde ahalteke bedewleriniň häsiýetliligi, düşbüligi, göze gelüwli owadanlygy şahyrana beýan edilýär. Elbetde, diňe bir ata-babalarymyzyň söýgüsini gazanmak bilen çäklenmän, eýsem Parfiýa döwleti barada gymmatly ýazgylary galdyran grek taryhçysy we geografiýaçysy Strabonyň “Geografiýa” atly eserinde ýatlanan, Ksenofon ýaly jahankeşde alymlary haýrana goýan tapylgysyz, gymmatly mirasymyza – behişdi bedewlerimize has-da buýsanjyň artýar. Antik döwürden şu güne çenli ýaşaýşyň haýsy pursatyna nazar aýlasaňam, ahalteke bedewleriniň mizemez şöhratyna duş gelmek bolýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseriniň ikinji kitabynda: “Käbir çaklamalara görä, beýik makedon serkerdesiniň rowaýata siňen Busefal atly şa bedewi hut şu nusaý atlarynyň tohumyndan döräpdir” diýen setirleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Şeýle hem bu eserde ýene bir maglumatda: “Nusaý ybadathanasynyň diwarlary çeper suratlar bilen bezelipdir, olaryň biriniň däne-däne böleklerini hünärmenlere dikeltmek başartdy. Bu tapylgysyz sungat eserini bu günki gün Aşgabatdaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde synlap bolýar. Tapyndynyň awtory, belli alym B. Pilipkonyň pikirine görä, onda Parfiýanyň atly goşunynyň ýörişi şekillendirilipdir” diýlip beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen medeniýeti” atly eserinde 1941-1945-nji ýylyň Watançylyk urşunyň Ýeňiş paradynyň başyny çeken türkmeniň ak bedewidigi buýsanç bilen ýatlanýar. Ýeňiş paradynyň öňünden Marşal T. Žukow üçin at saýlamaga ýörite taýýarlyk görülýär. Şonda dürli tohumdan bolan atlaryň birnäçesini aýmançanyň içine salyp, köpçüligiň öňüne çykanda oýnap, tans etjek düşbi aty saýlamak üçin orkestrde dürli sazlary çalýarlar. Ýöne olaryň hiç biri hem olaryň göwnünden turmaýar. Saz çalyp, halys surnugan sazandalar dynç almaga oturýarlar. Edil şol pursadam ak ahalteke bedewi germewden böküp çykýar-da, tans oýnamaga, oýun etmäge başlaýar. Marşal üçin şol at saýlanyp alynýar we ilkinji Ýeňiş paradynyň başyny çeken ak ahalteke bedewi dünýäniň taryhyna girýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan dünýäde meşhur türkmen atlaryna berilýän uly ähmiýet, olary halkara derejesinde wagyz etmek, atçylyk sportuny düýpli ösdürmek boýunça durmuşa ornaşdyrylýan tutumly işleriň geriminiň artmagynyň netijesinde milli mertebämiz hem barha ýokarlanýar. Dünýäniň medeni gaznasyna özüniň milli buýsanjyny goşan halk hökmünde ahalteke tohumly atlary ösdürip ýetişdirýän, seýisçilik sungatyny kämilleşdirýän halkymyz öz behişdi bedewleri bilen sungatyň belent derejelerine çykdy. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaraly bellenilip geçilýändigi, ussat çapyksuwarlaryň ýelden ýyndam bedewlerimiz bilen dürli halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýändikleri, eziz Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap aýlawlary gurýandygy, hormatly Prezidentimiziň ýygy-ýygydan gamyşgulak bedewlerimize atlanmagy ýurt möçberinde atçylyga berilýän ünsüň ýokarydygyny görkezýär.
Behişdi ahalteke bedewleriniň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň aladasy bilen gözel paýtagtymyzda we ähli welaýatlarymyzda aýlawlar guruldy. Döwlet derejesinde geçirilýän toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz biri-birinden owadan, ýüwrük, ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Gahryman Arkadagymyzy, şeýle hem atşynaslarymyzy, eziz ildeşlerimizi ýetip gelýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Toýlar toýa ulaşsyn!
Aýtäç Gurbandurdyýewa,
Türkmenbaşy etrabynyň 2-nji orta
mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.