23-nji mart­da Ita­li­ýa we Hy­taý “Bir gu­şak, bir ýol” tas­la­ma­sy bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da­ky me­mo­ran­du­ma gol çek­di­ler. Bu my­na­sy­bet­li Rim­de Ita­li­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ju­zep­pe Kon­te­niň we Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy Si Szin­pi­niň gat­naş­ma­gyn­da da­ba­ra ge­çi­ril­di. Ita­li­ýa glo­bal lo­gis­ti­ka inf­rast­ruk­tu­ra­sy­na gi­ren “Uly ýe­di­li­giň” il­kin­ji ýur­dy bo­lup, bu ba­ra­da al­ty ýyl mun­dan ozal hy­taý Li­de­ri mä­lim edip­di.
24-nji mart­da Si Szin­pin Fran­si­ýa­nyň Nis­sa şä­he­rin­den Mo­na­ko ge­lip, knýaz Al­bert II bi­len bolan du­şu­şyk ge­çir­di. Bu onuň Mo­na­ko il­kin­ji döw­let sa­pa­ry­dyr. Knýaz Al­ber II bi­len du­şu­şyk­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň ugur­la­ry ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy.
25-nji mart­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň baş­ly­gy Si Szin­pin hem-de Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron Pa­riž­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da bir­nä­çe mö­hüm şert­na­ma­la­ra gol çek­di­ler. Res­mi­na­ma­lar dür­li ugur­la­ry, şol san­da, ener­gi­ýa, me­de­ni­ýet, kos­mos, awiasiýa we gä­mi gur­lu­şyk, me­de­ni­ýet we bank ul­gam­la­ry bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri öz içi­ne al­ýar. Şeý­le hem hy­taý ta­ra­py­nyň 290 sa­ny “Air­bus A320” we on­lar­ça “Air­bus А350” uçar­la­ry sa­tyn al­ma­gy bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ryň bag­la­şyl­an­dy­gy mä­lim edil­di.
Mundan başga-da, Hy­taý­dan ba­ha­sy 1,2 mil­liard ýew­ro deň bo­lan 10 sany ýük gä­mi­si­ni sa­tyn al­mak ba­ra­da şert­na­ma baglaşyldy. Şeý­le hem, Fran­si­ýa­nyň ener­ge­ti­ka kom­pa­ni­ýa­sy EDF-niň Hy­taý­da ba­ha­sy 1 mil­liard ýew­ro deň bo­lan de­ňiz ýel elekt­rik be­ke­di­niň gur­lu­şy­gy ba­ra­da­ky, hem­ra­la­ry bi­le­lik­de gur­mak we iki ýur­duň yl­my mer­kez­le­ri­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da­ky şert­na­ma­la­ra gol çek­di­ler. Ne­ti­je­de, Pa­riž we Pe­kiniň arasynda ba­ha­sy 40 mil­liard ýew­ro ba­ra­bar bolan je­mi 15 sa­ny söw­da şert­na­ma­sy bag­laşy­ldy.
HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pin Fran­si­ýa iň esa­sy gün­ba­tar­ly hyz­mat­da­şy hök­mün­de ba­ha be­rip, bu sa­pa­ry­nyň iki ýur­duň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 55 ýyl­ly­gy­na ga­bat gelen­di­gi­ni aýt­dy.
– Hy­taý Fran­si­ýa bi­len esa­sy me­se­le­ler­de stra­te­gik gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge taý­ýar­dyr – di­ýip, Si Szin­pin bel­le­di. Ol Hy­taý bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň has-da ýa­kyn­laş­ma­gyn­da Fran­si­ýa­nyň uly rol oý­na­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Mak­ron öz ge­ze­gin­de Fran­si­ýa­nyň “Bir gu­şak, bir ýol” baş­lan­gy­jy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni nyg­tap, Hy­ta­ýy mö­hüm stra­te­gik hyz­mat­da­şy hök­mün­de gör­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri hy­taý-fran­suz hyz­mat­daş­lyk­la­ry­na çyn­la­kaý ynam bil­di­rip, iki ýurduň gel­jek­de uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­ga ta­gal­la ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler.
26-njy mart­da Pa­riž­de Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ronyň, HHR-iň baş­ly­gy Si Szin­piniň, Ger­ma­ni­ýa­nyň kans­le­ri An­ge­la Mer­keliň we Ýew­ro­ko­mis­si­ýa­nyň baş­ly­gy Žan-Klod Ýun­keriň gatnaşmagynda gep­le­şik­ler ge­çiril­di. Söw­da gat­na­şyk­la­ry we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mas­la­ha­tyň esa­sy te­ma­sy bol­dy. Du­şu­şyk­da GFR-iň kans­le­ri An­ge­la Mer­kel “Bir gu­şak, bir ýol” tas­la­ma­sy­nyň örän mö­hüm­di­gi­ni, oňa ýew­ro­pa­ly­la­ryň çynlakaý gyzyklanma bildirýändigini aýt­dy.
“Bir gu­şak, bir ýol” tas­la­ma­sy Hy­ta­ýyň hal­ka­ra baş­lan­gy­jy bo­lup, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň, Ýew­ro­pa­nyň we Af­ri­ka­nyň 60-dan gow­rak ýur­du­ny bir-bi­ri­ne baglanyşdyrýar. Hy­taý bi­len söw­da ara­gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­jek bu tas­la­ma ozal­ky bar bo­lan ugur­la­ry has-da kä­mil­leş­dir­mä­ge we tä­ze söw­da trans­port ýol­la­ry­ny dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Hä­zir­ki wagt­da Pe­kin bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da­ky söw­da do­la­ny­şy­gy öň­dä­ki orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýär. Ge­çen ýyl Ger­ma­ni­ýa bi­len Hy­ta­ýyň ara­syn­da­ky söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň 200 mil­liard ýew­ro ýe­ten­di­gi mä­lim edil­di. Söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň muk­da­ry bo­ýun­ça Be­ýik Bri­ta­ni­ýa (77 mil­liard ýew­ro) we Fran­si­ýa (55,6 mil­liard ýew­ro) Hy­ta­ýyň Ýew­ro­pa­da­ky esa­sy hyz­mat­daş­la­ry ha­sap­lan­ýar. Şeý­le hem Ita­li­ýa bi­len Hy­ta­ýyň ara­syn­da­ky söw­da do­la­ny­şy­gy 44 mil­liard ýew­ro deň bol­dy. Ge­çen ýyl Be­ýik Bri­ta­ni­ýa, Ger­ma­ni­ýa we Fran­si­ýa HHR-iň ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň 45 gö­te­ri­mi­ni çe­kip, ol 8 mil­liard ýew­ro ba­ra­bar bol­dy.