Ýer togalagynyň ähli ýerinde şol ýeriň geografik ýagdaýyna görä, dürli jandarlar ýaşaýar, ösümlikler ösýär. Şol sebäpli ýaşaýan ýerimizde islendik jandary ýa-da ösümligi görüp bilmeýäris. Alys ýurtlarda ýaşaýan täsin haýwanlary diňe şol ýere baryp ýa-da haýwanat baglarynda görmek bolýar. Şeýle jandarlaryň biri hem Orta we Günorta Amerikada ýaşaýan latynça “Bradypus pygmaeus” diýlip atlandyrylýan jandardyr. Olara köp dilde “ýalta jandar” diýilýär. Günde ortaça 35-40 metr ýöreýän bu jandarlaryň, esasan, iki görnüşi – iki hem-de üç dyrnaklysy bar. Boýy ortaça 60 sm-e ýetýän ýalta jandarlary ýabany pişikler, ýyrtyjy guşlar awlaýar. Şol sebäpli olar iýmitlenmek üçin köplenç gijesine daşary çykýar. Olaryň üç barmaklysynyň iň kiçi görnüşlisini bolsa, gündizine hem görmek bolýar. Sebäbi olar diňe Karib deňzindäki Eskudo de Weraguas adasynda ýaşaýar, bu ýerde bolsa, hiç hili ýyrtyjy jandar ýok.
Örän haýal hereket edýändigine garamazdan, bu jandarlaryň sany azalmandyr. Sebäbi olaryň duşmanlary köp bolsa-da, olary tutmak aňsat däl. Mysal üçin, ýalta jandarlar bilen bir ýerde ýaşaýan has çalasyn maýmynlary bürgütler aňsatlyk bilen awlap bilýär. Munuň sebäbini alymlar ýalta jandarlaryň derisiniň reňkiniň agaçlaryňka örän meňzeşdigi bilen düşündirýärler. Bürgüdiň gözi näçe ýiti hem bolsa, gaty zerur bolmasa hereket etmeýän bu jandarlary görüp bilmeýän eken. Agaçlaryň şahalarynda ýaşaýan bu jandarlar, esasan, ýapraklar we ownuk mör-möjekler bilen iýmitlenýär. Olaryň iýmitinden alýan energiýasy özi bilen deň jandaryňkydan iki esse azdyr. Olar haýal hereket edensoň, bu energiýa olaryň ýaşamagy üçin ýeterlik. Mundan başga-da, olaryň bedeniniň temperaturasy örän pesdir – 32 dereje. Onuň bedeni bu ýylylygy saklamak üçin köp energiýa zerurlyk duýmaýar. Şeýle hem soňky geçirilen barlaglar bu jandarlaryň bedenleriniň energiýany has netijeli peýdalanýandygyny ýüze çykarypdyr.