Köp ada­myň pi­kir edi­şi­niň ter­si­ne bu­me­rang­la­ryň äh­li­si zy­ňy­lan­dan soň­ra yzy­na gel­me­ýär. Zy­ňan ada­myň ýa­ny­na gaý­dyp gel­ýän bu­me­rang­lar di­ňe Awst­ra­li­ýa­da ýa­şa­ýan taý­pa­lar­da bo­lup, olar dür­li mak­sat­lar üçin ula­nyl­ypdyr. Bü­kü­len ser­des­se gör­nüş­li gu­ral­dan Awst­ra­li­ýa­da ýa­şa­ýan taý­pa­lar sport mak­sat­ly, şeý­le hem guş­la­ry aw­la­mak üçin ga­ty ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri peý­da­la­nyp­dyr­lar. Bu­me­ran­ga meň­zeş, em­ma yzy­na gaý­dyp gel­me­ýän şeý­le gu­ral­la­ry Mü­sür­de, Hin­dis­ta­nyň gü­nor­ta­syn­da, In­do­ne­zi­ýa­da (Bor­neo ada­sy) we Ame­ri­ka­da hem ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri ula­nyp­dyr­lar. Aw et­mek mak­sa­dy bi­len ula­ny­lan bu gu­ral­lar Awst­ra­li­ýa­da­ky­lar­dan has uzyn we agyr bo­lup­dyr. Kä­bir­le­ri­niň uç­la­ry­ny çeň­ňek gör­nüş­li edip hem ýa­sap­dyr­lar. Awst­ra­li­ýa­ly­la­ryň bu­me­rang­la­ry bol­sa, has ýe­ňil we ýu­ka bo­lup, umu­my uzyn­ly­gy 50 – 75 san­ti­metr, ag­ra­my 350 gram tö­we­re­gi bo­lup­dyr. Ola­ryň iki ujy köz­de gyz­dy­ry­lyp, bi­ri beý­le­ki­si­niň ter­s ta­ra­pyna ep­len­ýär. Bu­me­rang ýer bi­len ugur­daş ýa-da bi­raz aşak ta­rap zy­ňyl­sa, bi­raz­dan ýo­ka­ry ga­lyp, 15 met­re çen­li beý­ge­lip bil­ýär. Eger bir ujy ýe­re de­ger ýa­ly edi­lip zy­ňyl­sa, ýe­re de­gen­den soň­ra 45 metr­lik aý­law edip, zy­ňa­nyň go­la­ýy­na düş­ýär. Onuň nä­dip yzy­na gel­ýän­di­gi alym­lar ta­ra­pyn­dan do­ly anyk­lan­ma­sa-da, iki ujy­nyň egi­mi­niň tä­si­ri­niň bar­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar. Bu üýt­ge­şik gu­ra­lyň nä­dip oý­la­nyp ta­py­lan­dy­gy ba­ra­da hem bel­li ne­ti­jä ge­lin­me­di. Bu­me­rang guş aw­la­mak­da hem örän tä­sir­li gu­ral bo­lup­dyr. Guş aw­la­mak üçin ony has ýo­ka­ryk zy­ňma­ly. Onuň ýer­dä­ki kö­le­ge­si­ni gö­ren guş­lar ýyr­ty­jy guş bar­dyr öý­düp, on­dan gaç­mak üçin aşak­ly­gy­na agaç­la­ryň ara­sy­na sü­mül­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, al­jy­ran guş­lar şa­ha­la­ryň ara­sy­na ge­rlen to­ra düş­ýär­ler.
Bu­me­rang ta­ryh­da ha­sa­ba al­nan iň ga­dy­my sport gör­nü­şi ha­sap­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da kä­bir ýurt­lar­da bu­me­ran­gyň ny­şa­na ýa­kyn­lyk, ara­lyk, tiz­lik we tut­mak ugur­la­ry bo­ýun­ça ýa­ryş­lar gu­ral­ýar.