Bu oýna “dorokei” hem diýilýär. Irki döwürlerden bäri ýapon çagalarynyň arasynda oýnalýan bu oýun häzir hem uly meşhurlyga eýedir. Oňa “syçan-pişik” oýny hem diýilýär. Bu oýnuň Ýaponiýanyň dürli ýerlerinde başgaçarak oýnalýan görnüşleri hem bar. Emma olaryň ählisinde çagalar deň iki topara bölünýär. Toparlaryň biri “syçan”, beýlekisi “pişik” diýlip atlandyrylýar. Ilki “syçanlary” gabap goýmak üçin çyzyk çyzylýar. Soňra beýleki topar syçanlaryň gaçmagy üçin belli bir wagt berýär. Mysal üçin, 10-a çenli sanalyp bilner. Soňra gaçan çagalary beýleki topardakylar kowalap başlaýar. Gaçýan çaganyň islendik ýerine kowalaýanyň eli degse, ol tutuldy hasap edilýär we çyzygyň içine getirilip “gabalýar”. “Syçanlaryň” gaçmaklary üçin hem belli bir çäk bolup, onuň daşyna çykmak gadagan. Gaçýan çagalar çyzygyň içindäki çagalary garşydaş topardan birine tutulmazdan ellese, ol halas bolýar. Oýun ähli “syçanlar” tutulyp, çyzygyň içine getirilýänçä dowam edýär.