Iň täsin ir-iýmişleriň biri bolan hozuň (“Juglans”) birnäçe görnüşi bolýar. Onuň miwesi güýz aýlarynda bişýär. Gyşyna hoz agajynyň ýapraklary düşýär. Hozuň miwesiniň içi iki bölek bolýar. Ol edil adam beýnisine meňzeýär. Hozlaryň we maňyzlaryň ähli görnüşleri mikroelementlere we witaminlere, beloklara we aminoturşulyklara baýdyr. Hoz we beýleki maňyzlary yzygiderli iýýän adamyň ýüregi we beýnisi has gowy işleýär. Hozuň düzüminde gan damarlaryny berkidýän E witamininiň we immuniteti berkidýän C witamininiň köp mukdary bar. Hoz ýatkeşligi berkidýär, ganyň düzümindäki holesteriniň mukdaryny azaldýar, ýüregi we bagry goraýar. Hoz gan basyşynyň kadaly bolmagyna hem örän peýdalydyr. Ol immun ulgamyna oňaýly täsir edip, nerw bozulmalarynyň we ukusyzlygyň öňüni alýar.
Bu agajyň ata watany Kiçi Aziýa hasaplanýar. Ortaýer deňziniň kenarlaryna, Ýewropa we dünýäniň beýleki ýerlerine bu ýerden ýaýrandygy aýdylýar. Kawkazda hem irki döwürlerden bäri hoz we beýleki ir-iýmişleriň dürli görnüşleri ýetişýär. Hoz agajynyň uzynlygy 25 – 30 metre çenli bolup bilýär. Onuň agajynyň ýogynlygy 2-3 kähalatlarda 5 metre çenli bolup bilýär. Onuň gabygy açyk çal reňkli bolýar. Tomsuň ahyrynda agajyň gabygy aýrylyp başlaýar. Hoz agajy ýap-ýaşyl topy ýada salýar. Şol sebäpli ol bezeg agaçlarynyň uly görnüşine meňzeýär. Bu ösümlik dag eteklerinde, depelerde ýetişýär. Deňiz derejesinden 1000 metr beýiklik hozuň ösmegi üçin iň amatly şerti döredýär. Ol esasan yssy ýurtlarda ösýär, tohum arkaly köpeldilýär. Köki örän uzyn bolýar. Hozuň ýapraklary tekiz we uly bolup, onuň ýapraklaryny owkalasaň hoşboý ys berýär. Bu ysy mör-möjekleriň köpüsi halamaýar.
Hozuň miwesiniň daşynda ýaşyl gabygy bolýar. Onuň içinde iýmiş bar. Bilermenler ýaş aýratynlygyna seretmezden, her adamyň günde 1-2 hoz iýmeginiň beýnä täsiriniň uludygyny aýdýarlar. Onuň ýagy hem saglyk üçin ýaramlydyr. Ol dürli keselleriň öňüni almakda peýdalanylýar. 1 kg hozda 7 müň kaloriýa bolýar. Onuň ýapraklary hem gaýnadylyp içilýär. Ol kosmetikada hem giňden ulanylýar.