Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, bu gün ýur­du­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, elekt­ron se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek, mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­na esas­lan­ýan ösen yk­dy­sa­dy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek, in­no­wa­si­on, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly, bäs­le­şi­ge ukyp­ly san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­ri ama­la aşyr­ma­ga gu­ra­ma­çy­lyk­ly gi­ri­şil­di. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň “Türk­me­nis­tan­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da” ka­bul eden Ka­ra­ry hem do­ly gü­wä geç­ýär.
Dü­nýä­dä­ki san­ly yk­dy­sa­dy­ýet we hal­ka­ra söw­da ba­ba­tyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da du­rup ge­çe­liň. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýäniň ila­ty­nyň ýa­ry­sy in­ter­net hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­ýar, ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy el te­le­fon­la­ry­ny ulan­ýar. Bu ýag­daý san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te hem gö­nü­den-gö­ni tä­sir ed­ýär. Bi­ler­men­ler san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te “no­bat­da­ky yk­dy­sa­dy öw­rü­li­şik” di­ýip ba­ha ber­ýär­ler. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bu tä­ze gör­nü­şi di­ňe en­jam­lar ýa-da iri mag­lu­mat mer­kez­le­ri bi­len bag­ly bol­man, adam­la­ryň gün­de­lik dur­mu­şy­na öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Bu adam­la­ryň gün­de­lik iş­le­ý­şi­ne, gün­de­lik dur­mu­şy­my­za, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne hem tä­sir ed­ýär. San­ly yk­dy­sa­dy­ýet il­ki bi­len bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri giňeldýär, wag­ty­my­zy tyg­şyt­ly ulan­ma­ga şert dö­red­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýet­de san­ly ul­gam hal­ka­ra söw­da­nyň ösmegine täsir edip, pul ge­çi­rim­le­ri­ni örän gys­ga wagt­da ge­çir­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
Dün­ýä­de hal­ka­ra söw­da­da ýew­ro hem-de ABŞ-nyň dol­la­ry has köp ula­nyl­ýar. 2013-nji ýyl­dan bä­ri bu ugur­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ag­la­ba ýur­du­nyň pul bir­li­gi bo­lan ýew­ro öň­de­li­gi eýe­le­di. Ge­çen ýy­lyň ahy­ryn­da bol­sa, ame­ri­kan dol­la­ry öňe geç­di. Hal­ka­ra pul ge­çi­rim­le­ri we yk­dy­sa­dy mag­lu­mat­la­ry taý­ýar­la­ýan “swift.com” saý­ty­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ýew­ro­nyň hal­ka­ra söw­da­da ula­ny­ly­şy soň­ky 5 ýy­lyň do­wa­myn­da 44%-den 35,75%-e çen­li aza­lyp­dyr. Ame­ri­kan dol­la­ry­nyň ula­ny­ly­şy 29,7%-den 39,9%-e çy­kyp­dyr. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, bu iki pul bir­li­gin­den baş­ga funt ster­ling, ýa­pon ýe­ni we hy­taý ýua­ny has köp ula­nyl­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň has ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­me­gi ne­ti­je­sin­de, hin­di ru­pi­ýa­sy­nyň we hy­taý ýua­ny­nyň has hem hüm­met­len­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. “Swif­tiň” mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, 2003-nji ýyl­da hal­ka­ra söw­da­da öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň ikin­ji on­lu­gyn­da iki sa­ny Azi­ýa ýur­dy gör­ke­zil­ýär. 2023-nji ýy­la çen­li bu gör­ke­zi­ji­niň al­ta ýet­ip, Hy­taý, Hin­dis­tan, Ýa­po­ni­ýa, Gü­nor­ta Ko­re­ýa we Sin­ga­pu­ryň bu sa­na­wa gir­jek­di­gi aý­dyl­ýar. Bi­ler­men­ler san­ly ul­ga­myň hal­ka­ra söw­da­nyň ös­me­gi­ne, adam­la­ryň ma­li­ýe ul­ga­my­na go­şul­ma­gy­na, has aň­sat söw­da et­mä­ge, pul süý­şür­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Hä­zir­ki wagt­da bü­tin dün­ýä­de bank­la­ryň ara­syn­da pul ge­çi­rim­le­rin­de ula­nyl­ýan ul­ga­myň ýo­la goý­la­ny­na köp wagt geç­di. Ösen teh­no­lo­gi­ýa “Bitcoin” ýa­ly krip­to­wal­ýu­ta­lar ar­ka­ly örän gys­ga wagt­da has az çyk­da­jy edi­lip, pul ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik be­ril­ýär. Em­ma hä­zir­ki wagt­da krip­to­wal­ýu­ta ulan­maz­dan hem pul ge­çir­ýän ul­gam­lar dö­re­dil­ýär. My­sal üçin, “Rip­per Labs” at­ly şe­re­ket yg­ty­bar­ly “san­ly dep­der” ulan­mak ar­ka­ly müş­de­ri­le­ri­niň ibe­ren pu­lu­ny baş­ga pul bir­li­gin­de al­ma­ga, my­sal üçin, ýen ibe­ren bol­sa, ru­pi­ýa gör­nü­şin­de gys­ga wagt­da al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýär. Şe­re­ke­tiň ulan­ýan teh­no­lo­gi­ýa­sy bir­nä­çe se­kunt­da dün­ýä­niň is­len­dik ýe­ri­ne pul ibe­rip bil­ýär. Ösen teh­no­lo­gi­ýa ar­ka­ly ony has gys­ga wagt­da we ar­zan ba­ha­dan iber­me­giň müm­kin bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Hat­da hä­zir­ki wagt­da smart­fon­lar ar­ka­ly hem pul ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän kä­bir ul­gam­lar bar.

Nä­zik Hu­daý­ber­di­ýe­wa,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.