Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşler ýolunda ynamly öňe barýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, häzirki zaman tehnologiýalaryna, kompýuterleşdirilen bilimlere, öňdebaryjy iş tejribelerine esaslanýan döwrebap bilim edaralaryny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, bilim ulgamynyň hil taýdan kämilleşdirilmegi, ösen dünýä döwletleriniň oňyn tejribelerini öwrenmek, özleşdirmek we ylym-bilim binýadyny has hem kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy kabul edildi. Bu Konsepsiýanyň we ony durmuşa geçirmekligiň meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň binýadynda “Elektron okuw merkezi” we onuň lokal görnüşde (intranet iş režiminde) işleýän “E-okuw portaly” döredildi. Institutyň kafedralary, mugallymlary bilen bilelikde bu “E-okuw portalynyň” maglumatlar binýady ähli dersler boýunça elektron görnüşli (umumy, amaly we tejribe okuw ýazgylary, kitaplar, synag sowalnamalary, umumy-amaly okuwlaryň wideo ýazgylary) maglumatlar bilen yzygiderli kämilleşdirilýär.
Ylym-bilim ulgamynda halkara tejribäni öwrenmek arkaly ösen dünýäniň häzirki zaman talaplaryna ýetmek we hil taýdan kämilleşdirmek biziň döwletimiziň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty hem ösen döwletleriň halkara derejeli iş tejribelerini öwrenmek maksady bilen, Ýewropa Bileleşiginiň “Erasmus+” maksatnamasynyň çäklerinde birnäçe taslamalara gatnaşdy we üstünlikli durmuşa geçirdi. Ýewropa Bileleşiginiň “Erasmus+” maksatnamasynyň çäklerinde “Täze tehnologiýalar arkaly Merkezi Aziýada ýokary bilimiň kämilleşdirilmegi” atly täze taslama gatnaşmaklyga hukuk gazanyldy.
Bu taslama ýurdumyzdanTürkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti gatnaşýar. Ýewropa Bileleşigi döwletlerinden bolsa, Bolgariýa Respublikasynyň Angel Kançew adyndaky Ruse uniwersiteti, Lýuksemburg döwletinden Lýuksemburg uniwersiteti, Italiýadan “Università degli Studi d Pavia” uniwersiteti we Portugaliýadan “Coimbra” uniwersiteti gatnaşýar. Merkezi Aziýa döwletlerinden Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan Respublikalaryndan 3 sany ýokary okuw mekdepleri hem gatnaşýar.
Bu taslamanyň ilkinji duşuşygy we maslahaty 8-18-nji mart aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Angel Kançew adyndaky Ruse uniwersitetinde geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrligi, ýokarda ady agzalan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar we iş saparynda boldular. Bu maslahatda taslamanyň 3 ýyllyk möhletinde ýerine ýetirilmeli işler, özleşdirilmeli usulyýetler, guramaçylyk we tehnologik mümkinçilikler hakynda Ýewropa Bileleşiginiň ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň, bu ugurdaky bilermenleriniň çykyşlary diňlenildi. Bu taslama hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny biziň ýokary okuw mekdebimizde amala aşyrmakda hil taýdan uly goldaw bolar. Bize şeýle halkara derejeli tejribeleri öwrenmäge we özleşdirmäge döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Arkadagymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris.
Rejep Agaýew,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.