Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda halkymyzyň milli mata önümleri we zenanlarymyzyň jadyly el sungaty barada: “Bagtyýarlyk döwründe türkmen gelin-gyzlary milli mata önümlerinden taýýarlanylan egin-eşikleri üýtgeşik höwes hem-de buýsanç bilen geýýärler. Akgaýma tahýaly oglanlara, gültahýaly gyzlara, öýme ýaglykly gelinlere, ak gyňaçly enelere, çäkmenli atalara gözüň düşende, pederlerimiziň pähim-parasaty siňen milli gymmatlyklarymyzyň, asylly ýörelgelerimiziň, gadymy däp-dessurlarymyzyň dowamlydygyna buýsanjyň goşalanýar. Türkmenleriň egin-eşikleri özüniň biçüwiniň ýönekeýligi, görnüşiniň köstsüzligi we salykatly reňk öwüşgininiň aýratynlygy bilen tapawutlanýar” diýlip bellenilýär.
Türkmenleriň öý hünärmentçiliginde nah we ýüň matalary dokamak işi hem uly ähmiýete eýe bolupdyr. Matany dokamak we olary taýýarlamagyň ýörelgeleri häzirki wagtda hem käbir etraplarda nesilme-nesil dowam edip gelýär. Türkmenistanyň sebitlerinde ýerli ilat egin-eşik üçin matany öý usulynda dokamagy başarypdyr. Matalar dürli-dürli bolup, olaryň her görnüşi belli bir geýim üçin niýetlenilipdir.
Düýe ýüňünden we goýnuň ýüňünden dokalan matalar erkek adamlara don tikmek üçin ulanylypdyr. Pagtadan alaça, biz, setin, jir matalar dokalypdyr. Dürli çyzyklar geçen ýüpek matalar: el keteni, sowsany, jöwher, göwderi, galbiri, çepbetow, ýedi-dürli, gyrmyzy donluk, kese atym, garmadonluk, daraýy ýaly milli geýimler üçin niýetlenen matalar dokalypdyr. Türkmen zenanlarynyň geýýän köýneklik matalarynyň iň meşhury keteni bolupdyr. Ýüpekden gyzyl, gyrmyzy, gök ýaşyl, syýa reňkli we gije-gündiz ketenileri dokalypdyr. Ýüzi çyzmykly ýüpek matalar “gyrmyzy donluk”, “maldaýy”, “çepbetow”, “garmadonluk” gelin-gyzlaryň çabytlaryny, donlaryny, erkek adamlaryň gyrmyzy donlaryny, kürtekçelerini, garma donlaryny tikmek üçin ulanylypdyr. Matalar we ýüplük gyrmyzy hem gara reňklere boýalypdyr. Sebäbi bu reňkler türkmene mahsus reňkler bolup, boýalan ýüplükden örtgüleri, ýaglyklary we başga-da köp zatlary dokapdyrlar. Ýöne, gülgüne öwüşginli ýüpekden dokalan gyrmyzy keteni mydama ileri tutulypdyr.
Ene-mamalarymyz öý şertlerinde oba hojalyk önümlerinden çig maly egin-eşik etmek üçin öz elleri bilen taýýarlapdyrlar. Pagtany jyk agaç guralyň kömegi bilen çigidinden arassalapdyrlar. Ýylgyndan bolan saýgyjyň we ýüň daragynyň kömegi bilen goýunlaryň we düýeleriň ýüňüni taýýarlapdyrlar. Pagtadan dokalan alaça matasy aýal we erkek adamlaryň egin-eşigi üçin ulanylypdyr. Türkmenlere mahsus bolan matalaryň birnäçe görnüşleri bar. Matalar dokalyş aýratynlyklary boýunça hem tapawutlanýarlar. Ýüpek bilen nah garylyp dokalan matalar hem eşik tikmek üçin ulanylypdyr. Türkmenler özleriniň dokan matalaryndan başga goňşy halklaryň matalaryny hem giňden peýdalanypdyrlar. Muňa mysal edip, özbekleriň “şahsy” matasyny, maýda gülli çit matany, ýalpyldawuk ala donluk matalaryny görkezmek bolar. Eýranyň küjüli çit matasy, ak we gyzyl reňkli daraýysy eşik hem eşigiň işligi üçin giňden peýdalanylypdyr.
Türkmenistan Merkezi Aziýada keteni matanyň Watany hasaplanylýar. Mälim bolşy ýaly, ýüpekçilik türkmenleriň hojalygynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Ýüpek mata beýleki matalardan has gymmatly hasap edilipdir. Geçen asyryň 50-60-njy ýyllarynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýüpek gurçugyndan elde ýüpek sapagyny almagy başarypdyrlar. Ýüpek sapagy ýasamak üçin ilki bilen ýylyň mart-aprel aýlaryndan ýüpek gurçugyny tut ýapraklary bilen üç aýlap iýmitlendirýärler. Üç aýdan soňra gurçuklar gowy doýansoň özüniň pilesini sarap başlaýar. Gurçuklar sarap bolýança, olaryň bolýan ýerine müşk yslaryny hem-de himiki serişdeleriň yslaryny goýbermek bolmaýar, sebäbi haçan-da şol ys beriji serişdeler ornaşaýan ýagdaýynda onda gurçuk öz pilesini saramagy bes edýär. Gurçuklar pilesini sarap bolandan soňra olar bir-birden aýry-aýrylykda arassalanýar. Soňra piläniň içindäki gurçuk kebelege öwrülýär. Pile taýýar bolandan soňra ony sapak etmek üçin birnäçe işler ýerine ýetirilip başlanýar. Piläni gazanda gaýnadyp, kelep agajynyň kömegi bilen ýüpegi kelepläpdirler. Ýüpegi keleplemek üçin gaýnap duran gazanda onuň bir ujuny tapyp sapak saralyp başlanýar. Igiň we çarhyň kömegi bilen ýüňi, ýüpegi, nahy egrip, kelepläp, naýçalara sarap, dokma üçin çig mal taýýarlapdyrlar. Saralan sapaklara reňk bermek üçin ýörite boýaglar peýdalanylyp başlanýar. Sapaklary boýamak üçin ýörite gazanda suw gaýnadylyp, taýýar sapaklar gazana salnyp haýsy reňke boýaljak bolsa, şol ösümligiň özi ýa-da gabygy atylýar. Ösümligiň reňki sapaga geçýär we reňkli sapaga öwrülýär. Taýýar bolan sapaklardan tara guralynyň üsti bilen dürli reňklere boýalan ýüpekden mata dokalýar.
Türkmen zenanlary matalary boýamak we olaryň gözelligini baýlaşdyrmak üçin ösümliklerinden ýerlikli peýdalanyp, owadan egin-eşikler, ýüpekler üçin reňkleri döredipdirler. Türkmenler ösümliklerden alynýan reňkleri peýdalanyp, XIX-XX asyryň ortalaryna çenli tebigy boýaglary taýýarlapdyrlar. Olar ýokary derejeli öwüşgini, adatdan daşary durnuklylygy we ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanypdyr. Türkmen halkyna mahsus reňkleriň biri hem gyzyl reňkdir. Gyzyl boýag adatça gyzylboýa kökünden we käbir mör-möjeklerden alnypdyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň durmuşynda gyzyl reňk saglygy, abadançylygy beýan etmekde uly ähmiýete eýedir. Gyzyl reňk oduň, baýlygyň, güýjüň-kuwwatyň, söýginiň, hyjuwyň reňkidir. Gök we mawy boýaglary nil diýen otdan, sary boýagy dürli ýapraklardan, otlardan, agaçlaryň miwelerinden we gabyklaryndan alypdyrlar. Boýagda gök reňk (nil) ýüpegi goýy gök öwüşginiň ähli görnüşlerine we ýaşyl goýy zeýtun reňke boýamakda giňden ulanylypdyr. Naryň gabygyndan alnan sary reňke ketenileriň gyra sarysy üçin niýetlenen ýüpleri boýasalar, hozdan alnan gara reňk alaça dokalanda, gyrmyzy reňkiň arasyndaky gara zolaklyk ýüpler üçin ulanylypdyr. Buzgunç boýag ketenä özboluşly ýakymly ys beripdir. Boýag işinde ýüpek süýümini aşgarlamak, reňkiň solmazlygyny gazanmak üçin daglyk ýerlerden alynýan zäk peýdalanylypdyr. Agardyjy serişde hökmünde daşkömrüň küli hem ulanylypdyr. Geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda diňe ösümlik boýaglaryndan peýdalanylman, eýsem, şol döwürde ýaňy ýüze çykyp ugran himiki boýaglardan hem peýdalanylyp başlanýar. Häzirki wagtda bolsa, ylmyň gazanan üstünlikleri netijesinde, ene-mamalarymyzyň elde dokan mata önümleri we boýaglary ýurdumyzda ýörite gurlup, ulanylmaga berlen fabriklerde, kärhanalarda dokalyp, reňkli sapaklar öndürilip halkymyza hödürlenýär.
Ähli babatda geçmişimiziň gymmatlyklaryna, maddy hem maddy däl miraslaryna gaýtadan eýe bolmaga ak ýollar açan Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk bildirýäris!
Oraznabat Saparowa,
Magtymguly adyndaky
TDU-nyň talyby.