Me­de­ni mi­ra­syň, me­de­ni­ýe­tiň, geçmişiň ýa­dy­gär­li­gi hök­mün­de gö­rül­ýän ki­tap­ha­na­lar dün­ýä­de iň köp ün­si çek­ýän ýer­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ýaz­gy­lar, ar­hiw­ler, eser­ler san­ly ul­ga­ma ge­çi­ril­ýän hem bol­sa, ki­tap­ha­na­lar ýurt­la­ryň ta­ry­hy­ny, me­de­ni­ýe­ti­ni, baý mi­ra­sy­ny, ylym-bi­lim de­re­je­si­ni gör­kez­ýän, kes­git­le­ýän iň esa­sy ojak­la­ryň bi­ri hök­mün­de gö­rül­ýär. Şol bir ­wag­tyň özün­de, döw­let­le­riň iň esa­sy me­de­ni­ýet ojak­la­ry hem-de sy­ýa­hat­çy­lyk ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan ki­tap­ha­na­lar di­ňe bir gor­la­ryn­da­ky gym­mat­ly eser­ler, ki­tap­lar bi­len ta­pa­wut­lan­man, bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­bat­da-da halk köp­çü­li­gi­ni özü­ne çek­ýär. Dün­ýä­niň iň uly ki­tap­ha­na­la­ry­nyň sa­na­wyn­da ABŞ-dyr Rus­si­ýa­dan 2, Ang­li­ýa­dan, Ka­na­da­dan, Ýa­po­ni­ýa­dan, Fran­si­ýa­dan, Hy­taý­dan hem-de Is­pa­ni­ýa­dan 1 ki­tap­ha­na bar.

ABŞ-nyň Kong­res ki­tap­ha­na­sy
Ki­tap we ki­tap tek­çe­le­ri­niň sa­ny ba­bat­da dün­ýä­niň iň uly ki­tap­ha­na­sy ha­sap­lan­ýan ABŞ-nyň Kong­res ki­tap­ha­na­sy (Lib­ra­ry of Cong­ress) 1800-nji ýyl­da ýur­duň Kong­re­si ta­ra­pyn­dan bi­na edil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu ki­tap­ha­na­da 164 mil­li­on eser bo­lup, şo­la­ryň 38 mil­lio­ny ki­tap, 70 mil­lio­ny gol­ýaz­ma, 3,6 mil­lio­ny ses ýaz­gy, 14 mil­lio­ny fo­to­su­rat, 5,5 mil­lio­ny kar­ta hem-de 8,1 mil­lio­ny saz no­ta­sy­dyr. Bu­lar­dan baş­ga-da, ki­tap­ha­na­da en­tek do­ly ulgama salynmadyk ýe­ne-de 122 mil­li­on ese­riň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bu ki­tap­ha­na­da her gün­de or­ta­ça 14 müň tä­ze eser ka­bul edi­lip, az­da-kän­de ýer ýet­mez­çi­li­gi­ne-de se­bäp bol­ýar. Şol nuk­daý­na­zar­dan, Me­ri­lend hem-de Wir­ji­ni­ýa ştat­la­ryn­da ki­tap­ha­na­nyň goş­ma­ça bi­na­la­ry gu­rul­dy we bu ýer­de-de en­çe­me eserler aýaw­ly sak­la­nyl­ýar. Kong­res ki­tap­ha­na­sy şu se­bäp­ler­den dün­ýä­niň iň uly ki­tap­ha­na­sy ha­sap­lan­ýar.

Bri­tan ki­tap­ha­na­sy
Dün­ýä­niň iň uly ikin­ji ki­tap­ha­na­sy – Bri­tan ki­tap­ha­na­sy (The Bri­tish Lib­ra­ry) 150 mil­li­on­dan gow­rak ese­ri özün­de jem­le­ýär. 1753-nji ýyl­da Bri­tan mu­ze­ýi­niň şa­ham­ça­sy hök­mün­de gur­lan bu des­ga 1792-nji ýyl­da ýö­ri­te çy­ka­ry­lan ka­nun esa­syn­da ki­tap­ha­na öw­rül­ýär. Bu ki­tap­ha­na­da gol­ýaz­ma­lar, kar­ta­lar, ga­zet-žur­nal­la­ryň nus­ga­la­ry, çy­zgy­lar, saz no­ta­la­ry, ses ýaz­gy­la­ry, ir­ki ýyl­lar­da ber­len pa­tent­ler hem-de 8 mil­li­on sa­ny hat mar­ka­sy bar. Ki­tap­ha­na­nyň iň gym­mat­ly eser­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dün­ýä­de il­kin­ji çap edi­len diý­lip ha­sap­lan­ýan “Dia­mond Sut­ra” ki­ta­by bi­len Leo­nar­do Da Win­çi­niň ýandep­der­çe­si-de bar.

Ka­na­da­nyň Mil­li ki­tap­ha­na­sy we ar­hi­wi
54 mil­li­on ese­ri bo­lan Ka­na­da­nyň Mil­li ki­tap­ha­na­sy we ar­hi­wi (Lib­ra­ry and Archives Cana­da) 1872-nji ýyl­da dö­re­dil­ýär. Ot­ta­wa şä­he­rin­de ýer­leş­ýän ki­tap­ha­na dün­ýä­niň iň uly 3-nji ki­tap­ha­na­sy­dyr. Ady dür­li ýyl­lar­da üýt­ge­di­len ki­tap­ha­na 2004-nji ýyl­da ýur­duň ar­hiw eda­ra­sy bi­len bir­leş­di­ril­ýär. Bu ki­tap­ha­na “Hä­zir­ki we gel­jek­ki ne­sil­ler üçin Ka­na­da­nyň res­mi­na­ma­lar mi­ra­sy­nyň aýaw­ly sak­lan­ma­gy” di­ýen şy­gar bi­len oky­jy­la­ra hyz­mat ed­ýär.

Nýu-Ýork halk ki­tap­ha­na­sy
ABŞ-nyň iň uly 2-nji, dün­ýä­niň iň uly 4-nji ki­tap­ha­na­sy ha­sap­lan­ýan Nýu-Ýork halk ki­tap­ha­na­sy (New York Pub­lic Lib­ra­ry) 1911-nji ýyl­da gu­rul­ýar. Bu ki­tap­ha­na­nyň ar­hi­win­de 50 mil­li­on­dan gow­rak eser bo­lup, des­ga DVD we CD-le­riň köp­lü­gi bi­len hem aý­ra­tyn ün­si çek­ýär. Bi­na­gär­lik ba­bat­da hem şä­he­riň iň köp ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan bu ki­tap­ha­na ýyl­da or­ta­ça 18 mil­li­on ja­han­keş­de gel­ýär. Ki­tap­ha­na­nyň bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri onuň pe­ti­gi­niň be­ýik­li­gi bo­lup, ol 16 met­re ba­ra­bar­dyr. Bi­na­nyň di­war­la­ry dür­li-dür­li kar­ti­na­lar bi­len be­ze­len­dir.

Rus­si­ýa­nyň Döw­let ki­tap­ha­na­sy
Rus­si­ýa­nyň Döw­let ar­hi­wi di­ýen de­re­jä hem eýe bo­lan Mosk­wa­da­ky Rus­si­ýa­nyň Döw­let ki­tap­ha­na­syn­da (Rus­si­an Sta­te Lib­ra­ry) 43 mil­li­on sa­ny eser bar. Rus di­lin­den daş­ga­ry-da 247 dil­de ese­ri bo­lan ki­tap­ha­na 1862-nji ýyl­da dö­re­dil­ýär. Bu ki­tap­ha­na­nyň go­run­da ýö­ri­te kar­ta­lar, aý­dym-saz we ses ýaz­gy­la­ry, az san­ly nus­ga­sy bo­lan yl­my iş­ler hem-de ma­ka­la­lar bar.

Rus­si­ýa­nyň Mil­li ki­tap­ha­na­sy
Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­dä­ki Rus­si­ýa­nyň Mil­li ki­tap­ha­na­syn­da (Na­tio­nal Lib­ra­ry of Rus­sia) 36 mil­li­on­dan gow­rak eser bar. Rus­si­ýa­nyň Döw­let ki­tap­ha­na­syn­dan soň, ýurt­da 2-nji uly ki­tap­ha­na bo­lan bu ka­şaň bi­na 1795-nji ýyl­da Ýe­ka­te­ri­na II döw­rün­de gu­rul­ýar. Bu ki­tap­ha­na­nyň dö­re­dilme­gi­ne 1794-nji ýyl­da Pol­şa­nyň paý­tag­ty War­şa­wa­da Za­lus­kiý ta­ra­pyn­dan gur­lan Ýew­ro­pa­da­ky il­kin­ji halk ki­tap­ha­na­sy esa­sy se­bäp bol­ýar. Bu ki­tap­ha­na­da Ýew­ro­pa dil­le­rin­de 420 müň eser aýaw­ly sak­la­nyl­ýar.

Ýa­po­ni­ýa­nyň Mil­li Mej­lis ki­tap­ha­na­sy
1948-nji ýyl­da gur­lan Ýa­po­ni­ýa­nyň Mil­li Mej­lis ki­tap­ha­na­sy­nyň (Na­tio­nal Di­et Lib­ra­ry) ar­hi­win­de 41 mil­li­on­dan gow­rak eser sak­la­nyl­ýar. As­lyn­da bu ki­tap­ha­na 1890-njy ýyl­da dö­re­di­len Ýa­pon im­pe­ra­tor­lyk mej­li­si­ne de­giş­li 2 ki­tap­ha­na­nyň hem-de 1872-nji ýyl­da gur­lan im­pe­ra­tor­lyk ki­tap­ha­na­sy­nyň bir­leş­di­ril­me­gin­den soň, peý­da bol­ýar. Bi­na­gär­lik ba­bat­da ta­pa­wut­lan­ýan des­ga­nyň gi­ri­şin­de ýa­pon we grek dil­le­rin­de “Ha­ky­kat er­kin­li­ge elt­ýär” di­ýen se­tir­ler ýa­zyl­gy.

Fran­si­ýa­nyň Mil­li ki­tap­ha­na­sy
40 mil­li­on ese­ri özün­de jem­le­ýän Fran­si­ýa­nyň Mil­li ki­tap­ha­na­sy (French Na­tio­nal Lib­ra­ry) sa­naw­da 7-nji or­ny eýe­le­ýär. Pa­riž­de ýer­leş­ýän bu ki­tap­ha­na­da Or­ta asyr­la­ra de­giş­li gol­ýaz­ma­la­ryň en­çe­me­si bar. Ki­tap­ha­na bu ba­bat­da dün­ýä­de öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ola­ryň ara­syn­da ro­man­lar, di­wan­lar, Gün­do­gar ede­bi­ýa­ty­na de­giş­li ýaz­gy­lar, di­ni ýa­zgy­lar, Pas­kal, Di­de­ro, Apol­li­nar, Prust, Ko­lett we Sart­re ýa­ly ede­bi­ýat­çy­la­ryň, ta­ry­hy şah­sy­ýet­le­riň gol­ýaz­ma­la­ry, ýan­dep­der­çe­le­ri bar. 1461-nji ýyl­da düý­bi tu­tu­lan ki­tap­ha­na ga­dy­my grek ta­ry­hy­na de­giş­li gol­ýaz­ma­lar ba­bat­da hem is­len­dik ada­myň ýüz tut­ýan ýer­le­ri­niň il­kin­ji­si hök­mün­de uly meş­hur­ly­ga eýe­dir.

Hy­ta­ýyň Mil­li ki­tap­ha­na­sy
115 dil­de 35 mil­li­on­dan gow­rak ese­riň sak­lan­ýan ýe­ri bo­lan Hy­ta­ýyň Mil­li ki­tap­ha­na­sy (The Na­tio­nal Lib­ra­ry of Chi­na) 1909-1912-nji ýyl­lar­da Pe­kin­de gu­rul­ýar. Owa­dan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ki­tap­ha­na her ýyl 5 mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy ge­lip gör­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da ki­tap­ha­na­da eser­ler san­ly ul­ga­ma ge­çi­ril­ýär. San­ly ul­ga­ma ge­çi­ri­len eser­le­riň göw­rü­mi hä­zir­lik­çe 1323 te­re­baý­ta ýet­ýär.

Is­pa­ni­ýa­nyň Mil­li ki­tap­ha­na­sy
Paý­tagt Mad­rid­de ýer­leş­ýän Is­pa­ni­ýa­nyň Mil­li ki­tap­ha­na­sy (Bib­lio­teca Nacio­nal de Es­pa­na) 1712-nji ýyl­da gu­rul­ýar. 33 mil­li­on tö­we­re­gi eser sak­la­nyl­ýan ki­tap­ha­na­nyň san­ly ul­gam­da­ky oky­jy­la­ry­nyň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­ýar. Eser­le­riň ag­ram­ly bö­le­gi is­pan di­lin­de bo­lup, bu ki­tap­ha­na­da aý­ra­ty­nam La­tyn Ame­ri­ka­nyň gör­nük­li we­kil­le­ri­niň gol­ýaz­ma­la­ry, ki­tap­la­ry, eser­le­ri bar.

Maýsa Emirowa, Halkara ynsanperwer
ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.