Şwesiýada çagalar edebiýaty boýunça berilýän Astrid Lindgren baýragynyň täze eýesi mälim edildi. Şu ýyl bu baýraga belgiýaly ýazyjy Bart Muýart mynasyp boldy. Bart Muýart Belgiýanyň meşhur ýazyjylarynyň biri bolup, 40-dan gowrak kitabyň we köp sanly baýraklaryň eýesidir. Ol “Galp notaly duet” atly ilkinji romanyny ýaňy 16 ýaşyndaka 1980-nji ýylda ýazypdyr. Roman üç ýyldan soň neşir edilip, kitabyň şowly çykmagy onuň soňky ykbalyny kesgitleýär. Muýart ýazyjylyk karýerasyny saýlap alýar. Muýart käbir kitaplarynda tekst bilen sazy sepläpdir. Şeýlelikde, onuň “Behişt” (2015) we “Ýaradylyş” (2003) ýaly romanlary ses ýazgysy bilen birlikde satylypdyr. Çagalar ýazyjysy Bart Muýart baýragyň esaslandyrylan ýyly – 2002-nji ýyldan bäri her ýyl dalaşgär bolup, ol diňe şu ýyl bu baýraga mynasyp boldy.
Geçen ýyl Astrid Lindgreniň adyny göterýän halkara edebiýat baýragyna amerikan ýazyjy zenany Žaklin Wudson mynasyp bolupdy. Astrid Lindgren baýragy çagalar we ýetginjekler edebiýatynda gazanylan üstünlikler üçin berilýän uly pul sylagydyr. Ol 2002-nji ýylyň ýanwarynda Şwesiýanyň çagalar ýazyjysy Astrid Lindgren (1907 – 2002) aradan çykandan soňra Şwesiýa hökümeti tarapyndan esaslandyrylýar. Baýraga mynasyp bolan 5 million şwed kronyny (500 müň ýewro) bilen sylaglanýar.