Türk­men­ler­de ga­dym­dan gel­ýän “Er­tir tur, ata­ňy gör, ataň­dan soň – aty­ňy”, “At yzy­ny taý ba­sar, ge­çi yzy­ny koý ba­sar”, “Aw­çy gör­me­se it gö­rer, it gör­me­se at gö­rer”, “Aty­ny sö­ýen­den at ga­lar”, “At sak­la­mak, han sak­la­mak”, “At rys­ky al­nyn­da”, “At üs­tü­ndä­ki­ni ta­nar”, “Be­dew at men­zil ke­ser”, “Taý ýe­tiş­se at dy­nar, ogul ýe­tiş­se ata”, “Taý ata ýe­ti­rer, at – my­ra­da” ýa­ly pä­him­ler bar. Geç­miş­de türk­men hal­ky öz dur­mu­şy­ny be­dew at­syz göz öňü­ne ge­tir­män­dir. Her bir türk­me­niň how­lu­syn­da at bo­lup­dyr. Be­dew mün­mek türk­me­niň ger­çek­lik ede­bi­niň des­su­ry­dyr. Bu des­sur türk­men maş­ga­la­syn­da ata­dan og­la, aga­dan inä mi­ras bo­lup geç­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de, at­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, at­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ýan ho­ja­lyk­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Mu­ňa my­sal edip, Kö­ne­ür­genç et­ra­by­nyň “Ak­ ýol” ge­ňeş­li­gi­niň çä­gin­de ýa­şa­ýan Tä­ze­baý Baý­na­za­ro­wy aýt­mak bo­lar. Tä­ze­baý aga en­çe­me ýyl­lar­dan bä­ri at­çy­lyk, se­ýis­çi­lik bi­len meş­gul­la­nyp, ata-ba­ba hü­nä­ri­ni do­wam et­dir­ýär. Şu gün­ki gün Tä­ze­baý aga maş­ga­la ag­za­la­ry bi­len 6 baş aty idet­ýär­. Ge­le­jek­de ola­ry kö­pelt­me­gi göz öňün­de tut­ýar. Şu ýy­l bu ho­ja­ly­gyň at­la­ry­nyň sa­ny­na ýe­ne bir taý­ça­nak go­şul­dy. Maş­ga­la ag­za­la­ry ýag­şy umyt-ar­zuw­lar bi­len tä­ze taý­ça­na­ga “Sum­ruh” di­ýip at goý­du­lar. Ho­ja­ly­gyn­da­ky at­lar Ak­daş, Si­mu­luk, Per­wa­na at­la­ry­nyň nes­lin­den­dir. “Za­man” daý­han bir­le­şi­gi­niň çä­gin­den at­lar üçin ýö­ri­te böl­ünip ber­len 7 gek­tar ýer­de her ýy­l ot-iým­lik ekin­le­ri ekip, be­re­ket­li ha­syl al­ýar. 2 gek­tar ýe­re ar­pa, 2 gek­tar ýe­re ýo­run­ja, 5 gek­tar ýe­re mek­ge­jö­wen ekip ýe­tiş­dir­ýär. Şu gün­ler ge­çen güýz aý­la­ryn­da eki­len ar­pa gü­nün sa­nap boý alyp, baş­la­ma­ga dur­dy. Te­bi­ga­ta aý­ra­tyn görk be­rip, al-ýa­şyl öw­süp otu­ran ýo­run­ja­nyň bi­rin­ji oru­my­na taý­ýar­lyk gör­ülýär. Bu bol­sa, at­la­ry ýy­lyň do­wa­myn­da dok sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ekin ek­mek­de, ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de daý­han bir­le­şi­gi­niň me­ha­ni­za­tor­la­ry ýa­kyn­dan ýar­dam ber­ýär­ler.
Ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri türk­men be­dew­le­ri halk da­ba­ra­la­ry­nyň äh­li­sin­de – toý­lar­da, ogul per­zen­di­niň do­gul­ma­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­lar­da, sün­net toý­la­ryn­da mö­hüm or­ny eýe­läp­dir. Şu­lar ýa­ly şan­ly da­ba­ra­lar­da at ça­py­şy­gy, at üs­tün­dä­ki oýun­la­r ge­çi­ri­lip­dir.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de türk­men be­dew­le­ri­niň şan- şöh­ra­ty has-da ar­şa gal­ýar. Bu gün­ki gün be­hiş­di be­dew­le­ri­miz ähli toý­dur baý­ram­la­ry­my­zyň be­ze­gi­ne öw­rül­di. Tä­ze­baý aga­nyň Per­wa­na, Ta­ýa­tym at­la­ry di­ňe bir et­ra­by­myz­da däl­-de, eý­sem, we­la­ýa­ty­my­zyň çäk­le­rin­de toý­dur baý­ram­lar­da ge­çi­ril­ýän ça­py­şyk­lar­da baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­ýar. Tä­ze­baý aga­nyň at­çy­lyk, se­ýis­çi­lik kä­ri­ni kem­siz öw­ren­ýän og­ly Aman­gel­di ça­py­şyk­lar­da, aý­law­lar­da be­dew ata at­la­nyp, ök­de­lik bi­len ça­pyk­su­war­­lyk hem ed­ýär.
Özü­niň gö­zel­li­gi, ýyn­dam­ly­gy bi­len gö­ren­le­ri haý­ra­na goý­ýan ýel­den ýüw­rük be­dew­le­ri­mi­ziň şa­ny­na Ga­raş­syz di­ýa­ry­myz­da her ýy­lyň ap­rel aýy­nyň soň­ky ýek­şen­be­sin­de da­ba­ra­ly toý­lar tu­tul­ýar. “Türk­me­nis­tan ro­waç­ly­gyň – Wa­ta­ny” ýy­lyn­da toý­lan­ýan Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi, tu­tuş türk­men hal­ky­ny mä­hir­li gut­la­ýa­rys. Goý, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň il-ýurt bäh­bit­li tut­ýan tu­tum­ly iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç al­syn! Toý­la­r toý­la­ra ulaş­syn!

Gül­hu­mar HO­JAH­ME­TO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Da­şo­guz
we­la­ýa­ty­nyň Kö­ne­ür­genç et­rap ko­mi­te­ti­niň hü­när­me­ni.