Türkmenistanyň Prezidenti
Ýaponiýanyň Imperatoryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Naruhitony Ýaponiýanyň Imperatory hökmünde tagta geçmegi mynasybetli, oňa tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Milli Liderimiz gutlag hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça yzygiderli pugtalanýan we kämilleşýän gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemegiň guwandyryjydygyny nygtady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz iki ýurduň ägirt uly mümkinçiliklerini bellemek bilen, halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge Türkmenistanyň taýýardygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatoryna berk jan saglyk, şahsy bagtyýarlyk we abadançylyk, Ýaponiýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylygy, öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi.
(TDH).
Ýaponiýanyň Imperatory Akihito uly ogly, mirasdüşer şazada Naruhitony tagta çykaryp, özüniň dynç alşa gidýändigini mälim etdi. 30-njy aprelde Tokionyň merkezindäki Imperator köşgünde Naruhitonyň tagta geçmegi mynasybetli uly dabara geçirildi. Şol gün 85 ýaşly Akihito orta asyrlaryň hökümdarlarynyň biçüwindäki resmi lybasynda köşk toplumynyň çäklerindäki ybadathana bardy. Akihito ybadathanadaky däplerini berjaý edenden soň, şol ýerdäki köşgüň zynatly zaly “Seýden Masu-no-ma”-da öz ýerine uly oglunyň tagta geçýändigi mynasybetli guralan resmi dabara gatnaşdy. Bu ýerde imperatorlyk ygtyýarlygynyň nyşanlary bolan gylyjyň, gymmat bahaly daş – ýaşmanyň, imperator we döwlet möhürleriniň tagta geçýän Imperatora gowşurylyş dabarasy boldy. Dabara 300 adamdan ybarat Imperatoryň maşgala agzalary, Ministrler Kabinetiniň agzalary, Parlamentiň iki palatasynyň ýolbaşçylary, ýokary kazyýetiň kazylary we şäher häkimliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Dabarada Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe ýurduň raýatlarynyň adyndan çykyş edip, täze Imperatory tagta geçmegi bilen gutlady. Ol hökümet baştutany hökmünde Ýaponiýanyň gülläp ösmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny aýtdy. Soňra Akihito Imperator hökmünde soňky gezek halka ýüzlendi.
Düzgüne görä, Akihito 30-njy apreliň soňky sekundyna çenli hökümdar hasaplanýar. 1-nji maýdan onuň 59 ýaşly uly ogly Naruhito imperator boldy. Ýapon Imperatorynyň meýletin tagtdan gitmegi soňky gezek 1817-nji ýylda bolupdyr. Ýurduň täze taryhynda Imperator ilkinji gezek tagtdan el çekýär. Çünki XIX asyryň ikinji ýarymyndan soň, kada-kanunlar Imperatoryň tagtda ömürlik galmagyny talap edýär. Akihito 1989-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda hrizantema tagtyna geçenden soň, aýaly Mitiko bilen halka has ýakyn durmakda uly tagalla etdiler. Olar ýurduň dürli künjeklerinde bolup, halkyň hal-ýagdaýlary bilen gyzyklandylar.
Akihitonyň patyşalyk eden 30 ýylynyň dowamynda ýurtda asudalyk höküm sürüp, ol “Parahatçylyk” eýýamy diýlip atlandyryldy.
Ýaponiýanyň täze 126-njy Imperatory Naruhitonyň çykyşyndan soň, ýapon senesi boýunça täze “Reýwa” eýýamynyň (Tertip we sazlaşyk) birinji ýyly başlandy. “Reýwa” diýip at berlen eýýam barada Ministrler Kabinetiniň baş sekretary Ýosihide Suga mälim etdi. Ýapon teleýaýlymynda göni ýaýlym arkaly iki iýeroglifden ybarat bolan “Reýwa” diýen ýazgy görkezildi. Täze eýýamyň sene hasaby, ýurtda milady senesi bilen bir wagtda ulanylar.
“Reýwa” sözi “Manýosýu” atly ýapon şygryýet tezkireleriniň birinden saýlanyp alnypdyr. Eserde baharyň başlarynda erigiň gülleýän pursady suratlandyrylýar.
Naruhito täze wezipede özüniň ilkinji gezek halka ýüzlenmesinde Konstitusiýa we halkyň erk-eradasyna laýyklykda, döwletiň hem-de milletiň agzybirliginiň nyşany hökmünde öz wezipesini ýerine ýetirjekdigini söz berip, tagtdan gidýän kakasyna hoşallyk bildirdi.
Ýaponiýanyň 85 ýaşly Imperatory Akihito ýaşy bir çene barandygy üçin 2016-njy ýylda dynç alşa çykmagy niýet edinýändigini mälim edipdi. Şondan soň ýurduň Parlamentinde uzaga çeken maslahatyň netijesinde, 2017-nji ýylyň iýunynda Imperatora häkimiýetden gitmäge ygtyýar berýän ýörite kanun kabul edilip, ol diňe Akihito degişli edildi. Geçirilen pikir soralyşyga laýyklykda, ýaponlaryň aglabasy Akihitonyň ygtyýarlygyndan el çekmek baradaky islegine düşünmek bilen garaýandyklaryny mälim etdiler. Ýaponiýada Imperator Konstitusiýa laýyklykda, döwlet ýolbaşçysy saýylman, eýsem, diňe milletiň agzybirliginiň nyşany bolup durýar. Onuň syýasy ygtyýarlyklary bolman, diňe simwolik häsiýete eýedir. Milli kada-kanunlar hem-de ýurduň Esasy kanuny Imperatoryň ömürlik tagtda galmalydygyny tassyklaýar, emma kadadan çykma hökmünde Akihitonyň haýyşy ýerine ýetirildi.
Mirasdüşer şazada Naruhito 1960-njy ýylyň 23-nji fewralynda Tokioda dünýä inýär. Şazada çagalygyndan aýdym-saz, tennis, gaýa dyrmaşmak, at münmek we beýsbol bilen gyzyklanýar. Ol 1983-86-njy ýyllar aralygynda Oksford uniwersitetiniň ýanyndaky Merton kollejinde okaýar. 1988-nji ýylda Gakusýuin uniwersiteti tarapyndan berlen taryh ylymlarynyň magistri diýen ylmy derejä eýe bolýar. Naruhito suw ekoulgamynyň meselelerine aýratyn üns berýär we köplenç bu mowzukdaky ylmy işleri bilen tanalýar. 1993-nji ýylda mirasdüşer şazada ozalky diplomat, BMG-niň Halkara kazyýetiniň başlygynyň gyzy Masako Owada öýlenýär. Naruhitonyň aýaly çagalygyny Moskwada geçirip, Beýik Britaniýada we ABŞ-da bilim alýar. 2001-nji ýylda olaryň gyzy – Aýko dünýä inýär.