eçen ýyl hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Konsepsiýa milli ykdysadyýetimizi innowasion ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmaga, ylmy köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmaga, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, elektron resminamalar dolanyşygyna we şahsyýetiň elektron identifikasiýasy ulgamyna doly geçmäge ýardam berer.
Döwrebap internet tehnologiýalaryň täsiri bilen dünýäde işewürligi alyp barmakda düýpli özgertmeler bolup geçýär. Amallaryň doly awtomatizasiýasyna ýol açýanlygy sebäpli, elektron täjirçiliginde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler has hem aýdyňlygy bilen görünýär. Häzirki döwürde elektron söwda bazarlarynyň ösmeginiň esasy faktorlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda internet tehnologiýalaryň uly geljeginiň bardygynyň esasy görkezijisi bolup, elektron telekeçilige goýulýan maýa goýumlaryň uly möçberi, onuň ägirt dolanyşygy we maliýeleşdirilmegi çykyş edýär.
Internet – bu formal däl kompýuter tory bolup, ol millionlarça ulanyjylary birleşdirýär. Internet açyk ulgam bolup, onuň dolandyryp bolýan haýsy-da bolsa bir merkezi ýok. Internet aragatnaşygynyň birnäçe görnüşi hödürlenýär: bütindünýä kerep arkaly (world wide web), elektron habar beriş tagtalary we elektron poçta (e-mail). Bu ugurlaryň umumy häsiýeti – maglumatyň ýokary tizlikde geçmegidir. 5-6 ýyl mundan ozal internet ýöne maglumat alyş-çalyş ulgamy bolan bolsa, häzirki wagt elektron tehnologiýalar hünär işleriniň ähli görnüşlerine işjeň ornaşýar, gymmatly kagyzlar bazary, maliýe we haryt bazarlary şolara degişli bolup durýar.
Internet tehnologiýalaryň kömegi bilen dünýäde erkin kapital goýum hökmünde ulanmagyň iň gowy ýoly diýip ykrar edilen, gymmatly kagyzlaryň satyn alynmagy ähli isleg bildirýänlere elýeterli boldy. Birnäçe sekundyň içinde inwestision portfeli döredip bolýar we bökdençsiz zerur bolan maglumaty alyp (kotirowka, analiz, çaklama) ýurduň ähli nokadyndan aktiwleri dolandyryp bolýar. Häzirki wagtda teklipleri toplamagyň awtomatizirlenen ulgamyny döretmegiň basgançagynda dürs we doly awtomatik internet ulgamyny gurup bolýar. Uzakdan hyzmat etmegiň toplumlaýyn ulgamyndan müşderi ähli hyzmatlary daşdan alyp biler. Her kim öz aktiwlerini özi dolandyryp biler we ähli işleri boýunça elektron buýruklara gözegçilik edip biler. Müşderiniň brokeriň ýanyna pullary ýa-da gymmatly kagyzlary geçirmek, girizmek we çykarmak üçin, şeýle hem edilen amallaryň tertibini tassyklatmak üçin gitmegi zerur däl. Müşderä hyzmat etmek doly onlaýn gurşawda, ýagny hakyky wagt görnüşinde amala aşyrylýar.
Toplumlaýyn ulgam
şulardan ybarat:
1Internet treýding (gymmatly kagyzlaryň söwdasy);
2Internet-banking (pul serişdeleriniň dolandyrylyşy)
3Internet-depozitariý (gymmatly kagyzlaryň dolandyrylyşy).
Käbir görkezijiler ýakyn geljekde adaty broker kompaniýalaryň boljagynyň ähtimallygynyň örän pesdigini görkezýär. Internet ýuwaş-ýuwaşdan maliýe tranzaksiýalaryň we maýa goýumlaryň global ýaýran gurşawyna öwrülýär. Häzirki döwürde hususy maýadarlar, brokerler, banklar we başga institusional maýadarlar ýokary hilli maglumat-maliýe hyzmatlaryna eýe boldy. Elektron tehnologiýalaryň, kommunikasion serişdeleriň we informatizasiýanyň işjeň ýagdaýda işe girizilmegi gymmatly kagyzlar bazarynyň maglumat infrastrukturasynyň we bazar müşderileriniň arasyndaky hasap ulgamynyň ýokary derejede işjeňligini üpjün edýär.
Döwran Ýazdurdyýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň talyby.