66 ýaş­ly Ma­ha Wa­çi­ra­long­korn (Ra­ma X) res­mi ýag­daý­da Tai­lan­dyň tä­ze patyşasy bol­dy. Bang­ko­gyň patyşa köş­gün­de öň­den gel­ýän däp-des­sur­lar esa­syn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­nyň bi­rin­ji gü­nün­de tä­ze pa­ty­şa 200 ýyl­dan gow­rak wagt mun­dan ozal ýa­sa­lan, ag­ra­my 7,3 ki­log­ra­ma deň bo­lan Ýe­ňiş tä­ji­ni geý­di. Şeý­le hem oňa Ýe­ňiş gy­ly­jy­ny, pa­ty­şa hä­ki­mi­ýe­ti­niň ny­şa­ny bo­lan gym­mat­ba­ha daş­lar bi­len zy­nat­la­nan na­gyş­ly naý­za­ny, ýel­pe­wa­jy, gül tä­ji­ni hem-de patyşa köw­şü­ni gow­şur­dy­lar. Bu da­ba­ra­lar ýurt­da 4-6-njy maý ara­ly­gyn­da do­wam et­di.

Ra­ma X ka­ka­sy Phu­mi­po­n Adul­ýa­de­t (1927- 2016) ara­dan çy­kan­dan soň, 2016-njy ýy­lyň 1-nji de­kab­ryn­da ýur­duň pa­ty­şa­sy diý­lip yg­lan edi­lip­di. Em­ma pa­ty­şa­nyň ka­ra­ry bi­len täç geý­dir­iş da­ba­ra­sy yza süý­şü­ri­lip­di. Ýur­dy 70 ýyl­lap do­lan­dy­ran Phu­mi­po­n Adul­ýa­de­t­iň täç geý­di­riş da­ba­ra­sy 1950-nji ýy­lyň 5-nji ma­ýyn­da ge­çi­ri­lip, şon­dan bä­ri ýurt­da şeý­le da­ba­ra ge­çi­ril­män­di. Täç geý­di­riş da­ba­ra­syn­dan bir­nä­çe gün öň Ma­ha Wa­çi­ra­long­korn azat­lyk­dan mah­rum edi­len 40 müň­den gow­rak ada­myň gü­nä­si­ni geç­di.
Patyşanyň tag­ta geç­me­gi my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­la­ryň ikin­ji gü­nün­de Ra­ma X res­mi ýag­daý­da pa­ty­şa­lyk de­re­je­si, şeý­le hem pa­ty­şa maş­ga­la­sy­nyň ag­za­la­ry­na dür­li de­re­je­ler be­ril­di. Da­ba­ra­dan soň­ra ge­çi­ri­len ýö­ri­şe äh­li is­leg bil­dir­ýän­ler gat­na­şyp, tä­ze hö­kü­me­te raý­daş­ly­gy­ny bil­dir­di­ler. Bu da­ba­ra­ly ýö­ri­şe 200 müň­den gow­rak adam gat­naş­dy. Pa­ty­şa bi­len bir­lik­de 1 müň 500-den gow­rak es­ger ýö­riş et­di.
Da­ba­ra­nyň üçün­ji gü­nün­de pa­ty­şa Ma­ha Wa­çi­ra­long­korn we pa­ty­şa­nyň aýa­ly Su­ti­da Wa­çi­ra­long­korn Uly köş­güň eý­wa­nyn­da halk bi­len di­dar­la­şan­dan soň, da­şa­ry ýurt­ly dip­lo­mat­la­ry ka­bul et­di.
Tai­land­da 1932-nji ýyl­dan bä­ri pa­ty­şa­nyň hä­ki­mi­ýet­de yg­ty­ýar­ly­gy az bol­sa-da, mil­le­tiň ag­zy­bir­li­gi­niň ny­şa­ny hök­mün­de mö­hüm rol oý­na­ýar. Pa­ty­şa­nyň tag­ta geç­me­gi ýurt­da mö­hüm wa­ka ha­sap­la­nyp, bu da­ba­ra­ny gu­ra­ma­ga 30 mil­li­on­ dol­lar­dan gow­rak se­riş­de harç­lan­dy.
Tai­land­da pa­ty­şa sim­wo­lik hä­si­ýe­te eýe. Ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri Par­la­ment saý­law­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri esa­syn­da saý­lan­ýar. Tai­lan­dyň Mil­li Ýyg­na­gy (par­la­ment) we­kil­ler pa­la­ta­sy­na (aşa­ky pa­la­ta) we se­na­ta (ýo­kar­ky pa­la­ta) bö­lün­ýär. Ka­nun esa­syn­da we­kil­ler pa­la­ta­syn­da 500 we­kil, se­nat­da bol­sa, 150 we­kil bar. Pa­la­ta­la­ryň ag­za­la­ry­ny halk saý­la­ýar. Ka­nu­na gö­rä, we­kil­ler pa­la­ta­sy her 4 ýyl­dan, se­nat bol­sa 6 ýyl­dan bir ge­zek saý­lan­ýar.
Tai­land Pa­ty­şa­ly­gy Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da­ky döw­let bo­lup, ol Hin­di-hy­taý ýa­ry­m a­da­sy­nyň gü­nor­ta-gün­ba­tar bö­le­gin­de we Ma­lak­ka ýa­ry­m a­da­sy­nyň de­mir­ga­zyk bö­le­gin­de ýer­leş­ýär. Ol gün­do­gar­da Kam­bo­ja we La­os, gün­ba­tar­da Mýan­ma hem-de gü­nor­ta­da Ma­laý­zi­ýa bi­len ser­het­leş­ýär.
68,62 mil­li­on ila­ty bo­lan Tai­land 1939-njy ýy­la çen­li Si­am diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar­. Ýur­duň döw­let di­li bo­lan tai di­lin­de “thai” sö­zi “er­kin­lik”, “land” bol­sa, iň­lis di­lin­de ýurt di­ýen ma­ny­ny aň­la­dyp, “Tai­land” “Er­kin­li­giň ýur­dy” di­ýen ma­ny­ny ber­ýär.
Ýurt­da 24-nji mart­da Par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ri­ldi. Bu sy­ýa­sy çä­rä saý­law­çy­la­ryň 80 gö­te­ri­mi gat­na­şyp, onuň gu­tar­nyk­ly ne­ti­je­le­ri­niň ýa­kyn gün­ler­de mä­lim edil­jek­di­gi aý­dyl­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, şol saý­law­lar­da Su­da­rat Ke­ýu­ro­fa­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky “Tai­lar üçin” par­ti­ýa­sy Par­la­ment­de 137 or­na, Pra­ýut Çan Oça­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky hä­zir­ki do­lan­dy­ry­jy par­ti­ýa “Halk döw­let güý­ji” 118 or­na, “Ge­le­jek” par­ti­ýa­sy 86 or­na, De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy 54 or­na, “Bum­ýaž­taý” par­ti­ýa­sy 52 or­na, Tai li­be­ral par­ti­ýa­sy hem 11 or­na eýe bol­dy.
2014-nji ýy­lyň maý aýyn­da hä­ki­mi­ýe­te Pra­ýut Çan-Oça ge­lip, ýur­duň Prem­ýer-mi­nistr­li­gi­ne bel­le­nip­di. Pa­ty­şa­lyk­da 51,4 mil­li­on ada­myň ses ber­mä­ge hu­ku­gy bar. Ýurt bo­ýun­ça 92 müň 320 saý­law uças­to­gy iş­le­di. Saý­law­la­ryň ne­ti­je­le­ri do­ly mä­lim edi­len­den soň­ra Par­la­ment ýur­duň tä­ze Prem­ýer-mi­nist­ri­ni saý­lar.