“Guş ganatsyz bolmaz, adam – arzuwsyz” diýlişi ýaly, adam dünýä inip, daş-töwerekdäki zatlara düşünip ugran wagtyndan başlap, islendik zada ýetmegiň arzuw – hyýalynda ýaşaýar. Çagalykda edilen arzuwlar has maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýar. Arzuwlaryň hasyl bolmagy üçin okamak, öwrenmek we zähmet çekmek gerek. Arzuwlan käriňde zähmet çekmek bolsa, höwesiňi artdyrýar hem-de üstünlik gazanmaga mümkinçilik döredýär. Sizi çagalykda öz ukyp-başarnyklary bilen bir käriň eýesi bolan ýaşlar bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Kiowa Kawowit 6 ýaşyndaka öz deň-duşlary üçin inçejik, dürli reňkli bilezik ýasaýar. Bu işde oňa kakasy Andrew goldaw berýär. Ýaş oýlap tapyjynyň ýasan bilezikleri we orta atan pikirleri telekeçileriň göwnünden turýar. Tiz wagtdan onuň taslamasyny durmuşa geçirýärler. Eýjejik gyzyň bu söwdadan alan girdejisi birnäçe aýyň dowamynda 100 müň dollardan geçipdir.
Angliýaly Harli Jordean beýleki deň-duşlary ýaly şarjagaz oýnamagy halaýan eken. Ol 8 ýaşyndaka şarjagazlaryň täze görnüşlerini döretmegi ýüregine düwýär. Netijede, öz pikirini durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaş tapýar we internet arkaly onuň söwdasyny amala aşyryp başlaýar. Ýaş oýlap tapyjynyň pikiri bilen döredilen oýunjaklaryň bahasy 8 funt sterling bilen 600 funt sterling aralygynda üýtgeýär.
Nik D’Aloisio kompýutere örän ökde bolup, entek 12 ýaşyndaka programma döredip başlaýar. 17 ýaşynda ýazan programmasyna 30 million dollar baha kesilýär. “Summly” şereketiniň düýbüni tutan Nik mobil enjamlar üçin applikasiýa taýýarlaýar.
Robert Neý entek 14 ýaşyndaka özbaşdak ýagdaýda kompýuter öwrenýär. Ol ilki bilen, “Bubble Ball” atly oýny “Apple” arkaly ulanyjylara hödürleýär. Iki hepdäniň dowamynda bu oýnuň muşdaklarynyň sany bir milliondan geçip, 2 million dollar girdeji gazanýar. Akyl-paýhasy talap edýän bu oýun şowly bolandan soňra Neý has çylşyrymly programmalary düzüp başlaýar.
11 ýaşly Sarah Nelson süýjülikleri gowy görýär. Onuň üstünlik gazanmagynda halaýan işini saýlamagynyň täsiri uly bolýar. Nelson girdejisiniň belli bir bölegini haýyr-sahawat gaznalaryna iberýär.
Ulalsaň kim boljak?
Ýapyk ýerde döredilen seýilgäh hasaplanýan “KidzMondo” bolsa, entek çagakaň gysga wagtlyk bir käriň eýesi bolmaga mümkinçilik berýär. Söwda merkezleriniň bir böleginde ýerleşýän bu güýmenje merkezleri körpeleriň täze zatlary öwrenmekleri we şol bir wagtda wagtyny gyzykly geçirmekleri üçin niýetlenen şäherjik. Oňa şäheriň kiçeldilen görnüşi hem diýse bolar. Dünýäniň dürli ýerlerindäki söwda-dynç alyş merkezlerinde döredilen bu şäherde köçeler, awtoulaglar, sagat diňi, hassahana, teatr we dürli binalar bar. Çagalar bu ýerde işleýärler, “pul” gazanýar, islese ony sowup, islese-de ýygnap köpeldip bilýärler. Şäherde 120-den gowrak kär bolup, her kärdäki işgär degişli iş eşigini geýýär. “Lukman” hassalara seredýär, uçarman uçara erk edýär. Eden işleri üçin “hak” alýar. Gysgaça aýdylanda, bu şäheriň “ýaşaýjylary” ulularyň edýän işini edip görýärler we jemgyýetde bilelikde işlemegi öwrenýärler.