Bilermenler tokaýlaryň goralmagyny howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmekde iň möhüm çäreleriň biri hasaplaýarlar. Tokaýlar her ýylda 2 milliard tonna kömürturşy gazyny özüne siňdirýär. Bu ähmiýetli işe gönükdirilen ähli çäreler amala aşyrylan halatynda, atmosferadaky zyňyndylaryň düýpli azalmagyna mümkinçilik berjekdigi hem-de global maýylganlygyň 2 dereje çäklerinde saklanjakdygy aýdylýar. Mundan başga-da, tokaýlar ýangyjyň sarp edilişini azaltmaga mümkinçilik berýär, çünki agaçlar gaýtadan dikelýän energiýa çeşmeleriniň 40%-ine çenlisini üpjün edýär.
Tokaýlary goramakda soňky 25 ýylyň içinde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Ýaramazlaşan ýerleri özleşdirmek boýunça geçirilen çäreleriň netijesinde, tokaýlaryň selçeňleşmegi 59% haýallady we şeýle ýagdaýlaryň öňüni almakda birnäçe işler amala aşyryldy. BMG-de tokaýlar boýunça Strategik meýilnama işlenip düzülip, onda, esasan, 2030-njy ýyla çenli tokaýlaryň meýdanyny 3%-e çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar. Ol 120 million gektary öz içine alyp, Günorta Afrika Respublikasynyň meýdanyna barabardyr.
Tokaýlardaky agaçlaryň bikanun çapylmagynyň olaryň selçeňleşmegine alyp barýandygy mälimdir. Şeýle hem bilermenler oba hojalyk ýerleriniň giňeldilmeginiň tokaýlar üçin uly howp bolup durýandygyny aýdýarlar. Tokaýlaryň öri meýdanlary ýa-da ekerançylyk üçin ýok edilýän halatlary bolýar. Häzirki wagtda tokaýlary goramak bilen birlikde, adamzadyň oba hojalyk önümlerine bolan ösen isleglerini kanagatlandyrmak iň esasy mesele bolup durýar.
BMG bu meselä aýratyn üns berýär. Ilkinji gezek tokaýlary goramak meselesi 1992-nji ýylda Braziliýada geçirilen sammitiniň gün tertibine goşulypdy. Şol sammitde tokaýlary goramak boýunça bilelikdäki çäreleri göz öňünde tutýan esasy resminama kabul edilipdi. 2000-nji ýylda BMG-niň tokaýlar boýunça forumy döredilip, guramanyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda her ýylda maslahat geçirilýär.
Howanyň üýtgemeginiň meseleleri hem-de tokaýlaryň selçeňleşmeginiň çynlakaý netijelerine baha bermek şu ýylky forumyň esasy temasy boldy. Bilermenler tokaýlaryň peýdasynyň sanardan köpdügini, Ýer ýüzüniň abadançylygyny we eşretini üpjün etmekde tokaýlaryň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belleýärler.
Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar tokaýlaryň ýok bolup gitmegine howp salýan meseleler boýunça maliýe çäreleriniň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Tokaýlaryň ynsan durmuşynda aýratyn ähmiýetiniň bardygyna garamazdan, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş üçin bölünip berlen serişdeleriň az mukdarynyň tokaý ýerleriniň ulanylyşyny kämilleşdirmäge we tokaýlary gaýtadan dikeltmäge gönükdirilýändigi bellenildi. Tokaýlar howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini azaltmaga ýardam berýär. Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitlerinde tokaýlar 30 million gektar ýeri eýeleýär. Kanadanyň tokaýlary gury ýeriň 30%-ini eýeleýär.