Her bir ynsanyň durmuşynda özüniň ilkinji mugallymy bolýar. Ilkinji mugallym baradaky ýakymly ýatlamalar biziň her birimizde çagalyk dünýämiziň iň gyzykly we bagtyýar pursatlary bilen sepleşýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Älem içre at gezer” romanynda Berdimuhamet mugallymyň: “Dünýäde çagadan gymmatly zat ýokdur. Ony özüni hem, ýene müňlerçe adamlary hem bagtly edip biler ýaly terbiýelemeli” diýen parasatly jümlesi her mugallymyň baş maksadyna öwrülmelidir. Ine, şu maksada eýerip işleýän mugallymlary taýýarlamaklygy özüniň baş wezipesi hasaplaýan, açylan döwründen bäri mugallymlaryň müňlerçesini taýýarlap, ýurdumyzyň bilim ulgamyna saldamly goşant goşýan okuw mekdepleriniň biri-de Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebidir.
Geliň, bu baýry okuw mekdebiniň döreýşiniň taryhyna ser salalyň! 1927-nji ýylyň maýynda Mary şäherinde bu mekdebiň düýbi tutulýar we ol Merw pedtehnikumy diýlip atlandyrylýar. Şol ýylyň 1-nji sentýabrynda pedtehnikum öz işine başlaýar, şol wagt onuň düzüminde kurslaryň biri we gysga wagtlyk taýýarlyk kurslarynyň ikisi hereket edipdir. Pedtehnikumyň 1931-nji ýylda ilkinji goýberilişi bolup, onuň doly kursuny 23, pedkursy 25, sowatsyzlygy ýok etmek (likbez) we ählumumy başlangyç bilimi amala aşyrmak maksady bilen açylan üç aýlyk kursuny 170 okuwçy tamamlaýar. Şeýlelikde, pedtehnikum şol ýyl mekdeplere ýaş mugallymlaryň 218-sini ugradýar. Şolardan 6-sy tehnikumyň özünde mugallym bolup işe galýar.
1937–nji ýylda Merw pedtehnikumy Mary pedtehnikumyna öwrülýär. 1939–njy ýylda bolsa, ikinji pedagogik uçilişesi diýlip atlandyrylýar. Şol ýyl Mary pedtehnikumyna Türkmenbaşy şäherinden gazak bölümi hem geçirilýär. 1940–njy ýylda uçilişede üç bölüm bolup, ol bölümlerde 300–den gowrak okuwçy okadylýar. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy pedagogik uçilişesine hem öz täsirini ýetirýär. Ýagny, şol döwürde okuwyň möhleti 2,5 ýyla çenli gysgaldylýar. 1941–nji ýylyň dekabrynda uçilişäniň okuwçylaryndan 98 sany ýaş ýigit döwlet synaglaryny möhletinden öň tabşyryp, meýletinlik bilen Watan goragyna gidýärler.
2001-nji ýylda bu pedagogik uçileşe Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi diýlip atlandyrylýar. Mugallymçylyk mekdebi häzirki güne çenli 13 müňe golaý pedagogik hünärmen taýýarlady.
Häzirki wagtda mekdebimizde tejribeli mugallymlaryň 90-dan gowragy zähmet çekýär. Olardan biri “Türkmenistanyň bilimde at gazanan işgäri”, altysy “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medalyň eýesi, üçüsi “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna”, biri “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medallaryň eýesi, biri “Görnükli alym zenan” atly Baş baýragyň eýesi, ikisi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, ýedisi bolsa “Türkmenistanyň ussat mugallymlarydyr”.
Biz hem hormatly käriň eýelerini taýýarlaýan bu bilim ojagynyň agzybir işgärlerine alyp barýan asylly zähmetlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Aýnur Rozyýewa,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.