Ajaýyp kitaplardyr eserler ynsanyň ýaşaýşyna terlik, juwanlyk, paýhaslylyk, joşgunlylyk çaýýar. Olar ömür paýhasyny, durmuş pelsepesini açyp görkezýän many-mazmunlary bir ýere jemleýär. Kitap biziň halkymyz üçin edil saçak ýaly mukaddes hasaplanýar. Halkymyzyň kitaba bolan hormat-sarpasy söz bilen beýan ederden örän uludyr. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem kitaba goýulýan hormat-sarpanyň beýikdigine akyl ýetirmek bolýar. Halkymyz milli eserleri, kitaplary bilen özüni dünýä tanatdy. Bu toprak “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly kitaplaryň dörän ýeri. Ruhy ündewli kitaplar adamzat aňynyň syrly mümkinçiliklerini oýarmakda, aň ösüşini kämilleşdirmekde, her bir haýyrly işiň başyna barlanda, sagdyn paýhasa eýermekde täsinden-täsin duýgulary, ylhamdyr joşgunlary bagyş edýär. Olaryň süňňüne söz jadysynyň ähli keramaty siňen. Biz kitaplaryň üsti bilen adamlary we älemleri, mahlasy ähli zady öwrenýäris. Kitaplar arkaly jemgyýetiň gymmatly hazynasy bolan nesilleri terbiýeläp, şahsyýeti kämilleşdirip, beýgeldip bolýar.
Nesillerde watançylyk terbiýesini kämilleşdirmekde beýik eserleriň belli bahasy ýokdur. Halal zähmeti, agzybirligi, belent adamkärçiligi, dost-doganlygy, mertligi, maksada okgunly bolmaklygy ündeýän sözler, paýhaslar, durmuş tejribeleri siňdirilen kitaplar mukaddeslik derejesinde görlüpdir. Aslynda, atalarymyz kitapda uly keramatyň jemlenýändigine ýürekden ynanypdyrlar. Hut şonuň üçin hem, hiç wagt şeýle kitaplary ýanyndan goýmandyrlar. Beýik işlere ruhlandyrýan sözleri okap, gujur-gaýrat tapypdyrlar. Sebäbi kitapda dili dogaly, köňli senaly adamlaryň aýdan sözleri bar. Ol sözleriň okalmagy, aňymyza ornamagy bilen bizde şoňa mynasyp häsiýetler kemala gelýär. Hut şu nukdaýnazardan hem, nesillerde watançylyk terbiýesini ýokary derejede kemala getirmek üçin olarda kitap okamak endigini oýarmak wajyp zatlaryň hatarynda görlüpdir.
Halkymyzda watançylyk terbiýesini ündeýän kitaplaryň hatarynda “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly eposlarymyz bilen birlikde Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Andalybyň, Mollanepesiň, Zeliliniň, Seýdiniň, Mätäjiniň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň dür dänesi deýin dury paýhasly eserleri we beýleki ajaýyp mazmunly kitaplar hem bar. Şu ugurda iň gymmatly hazyna bolsa, milli Liderimiziň edebi-taryhy eserleridir. “Älem içre at gezer” we “Döwlet guşy” romanlaryny şeýle kitaplaryň baş sanawynda goýup bolar.
Islendik eser hakyky durmuşa näçe ýakyn bolsa, ol şonça-da ýürege ýakyn bolýar, aň-akyla has çalt ornaşýar. Hormatly Prezidentimiziň bu eserleri durmuşyň we taryhyň aýdyň pursatlaryny özünde jemleýär. Kitabyň ilkinji sahypalaryny okap başlanyňdan, söhbedi edilýän wakalar göz öňüňde janlanýar. Bu edebi eserleriň anyk taryhy maglumatlar esasynda ýazylmagy, durmuş wakalarynyň çeper beýan edilmegi olaryň ylmylyk ähmiýetini has-da artdyrýar.
Maksada okgunly, zähmetsöýer, watansöýüji ynsan bolup ýetişmek üçin hormatly Prezidentimiziň eserleri hakyky halypalyk mekdebidir. Adatça, käbir kitaplary okanyňda, onuň içinden göwnüňe ýaran jümleleri, paýhaslary ýandepderçäňe belläp alýarsyň, emma bu kitaplar tutuşlygyna pähim-parasada ýugrulandygy üçin, ol her bir ynsanyň ýan kitabyna öwrülýär. Şunuň ýaly ajaýyp kitaplar bilen terbiýelenen nesil Watanymyzyň hem, halkymyzyň hem wepaly ogul-gyzlary bolup ýetişerler.
Watan berkararlygymyzyň kepilidir, mukaddesdir, ezizdir, döwletli ýol-ýörelgämiziň, şan-şöhratymyzyň, bagtyýar şu günümiziň we röwşen geljegimiziň nyşanydyr. Watan mukaddesligini, onuň özygtyýarly we garaşsyz ösüşini gorap saklamak, pugtalandyrmak, at-abraýyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak belent borçdur, mertebedir hem-de derejedir.
Saparmamed KURBANMAMEDOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň
uly mugallymy.