Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanyp, bilim berlişiniň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Häzirki wagtda bolsa, bu Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor maksatnama üpjünçiligi, onuň binýadyna bolsa, sanly bilim portallary işlenilip taýýarlanyldy. Sanly bilim portallary özünde elektron resminamalary, elektron poçta, uzak aralykdan bilim almaklygy, ylmy işleri, olimpiadalary, okuw kitaplaryny okatmagyň elektron serişdelerini, forumlary jemleýär.
Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Şonuň bilen bir hatarda bolsa, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly okuw kitaplary, gollanmalar, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia maksatnamalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynda hem okuw kitaplaryny, okuw gollanmalaryny taýýarlamak, okuw işine döwrümize laýyk gelýän täze tehnologiýalary we tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Institutymyzyň elektron kitaphanasynda elektron maglumat gorlary döredilýär. Institutymyzda dürli dersler boýunça elektron kitaphanamyzyň üsti bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda dersara bäsleşikler guralýar.
Biziň Jemagat hojalygy institutymyzda mugallymlar we talyplar ýokary tizlikli optiki-süýümli internet ulgamyna birikdirilen häzirki zaman kompýuterlerden ýerlikli peýdalanyp, sanly kompýuter maksatnamalaryny işläp taýýarlaýarlar. Institutymyzyň elektron kitaphanasy we elektron otaglary bitewi bir tor ulgamyna birikdirilip, elektron kitaplaryň döredilmegi talyplaryň we mugallymlaryň ähli okuw kitaplaryny, gollanmalaryny netijeli peýdalanmaklaryna, daşary ýurt edebiýatlaryny okamaklyga, ylmyň we tehnikanyň täzelikleri bilen tanyşmaklaryna mümkinçilik döredýär.
Şamyrat Şamyradow,
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň talyby.