Şu ýylyň mart aýynda Ýewropa Parlamentinde sese goýlan awtorlyk hukuklary baradaky kanun güýje girizildi. Agza ýurtlaryň öz içki kanunçylygyny täze kanuna görä üýtgetmekleri üçin iki ýyl möhlet berildi. Kanun, esasan, internet ulgamy bilen bagly bolup durýar. Täze düzgüne görä, internet ulgamynda hemmeler üçin elýeterli bolan maglumat, eger olar gorag astynda bolsa, göçürilip alynmagyna rugsat berilmeýär. Kanun teklibini häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň býujet we işgärler boýunça komissary Gýunter Ettinger sanly ykdysadyýet we jemgyýet boýunça komissary bolan döwründe (2014-2017) taýýarlapdy. Ettinger täze düzgüniň mundan ozalky degişli kanuny sanly döwre we onuň zerurlyklaryna kybap getirjekdigini belledi. Şeýle hem täze düzgün awtorlaryň internet arkaly ýaýradýan eserlerinden has gowy girdeji gazanmaklaryna mümkinçilik berer.