Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da il­kin­ji ze­nan ýol­baş­çy bel­len­di. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň çöz­gü­di esa­syn­da gu­ra­ma­nyň Že­ne­wa şä­he­rin­dä­ki ştab-kwar­ti­ra­sy­nyň ýo­ka­ry we­zi­pe­si­ne rus­si­ýa­ly dip­lo­mat Tat­ýa­na Wa­lo­wa­ýa saý­lan­dy. BMG-niň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bu we­zi­pe ze­nan maş­ga­la yna­nyl­dy. Že­ne­wa eda­ra­sy­nyň baş di­rek­to­ry (gys­gal­dy­lan gör­nüş­de UNOG) – BMG-niň ul­ga­myn­da­ky iň ýo­ka­ry we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Bu ýer­de BMG-niň 20-den gow­rak hal­ka­ra dü­züm bir­li­gi ýer­leş­ýär. Tat­ýa­na Wa­lo­wa­ýa 1946-njy ýyl­da dö­re­di­len Že­ne­wa eda­ra­sy­nyň il­kin­ji ze­nan ýol­baş­çy­sy­dyr.

Rus­si­ýa bi­len Hy­ta­ýy bir­leş­dir­ýän köp­ri gu­rul­ýar. Amur der­ýa­sy­nyň üs­tün­de gur­lan aw­to­mo­bil köp­rü­si­niň iki bö­le­gi bir­leş­di­ril­di. 2016-njy ýy­lyň ahy­ryn­da gu­rul­ma­ga baş­la­nan we 1 ki­lo­metr uzyn­ly­gyn­da­ky köp­ri Rus­si­ýa­nyň Bla­go­we­şensk şä­he­ri bi­len Hy­ta­ýyň Heý­he şä­he­ri­ni bir­leş­dir­er. Des­lap­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, her ýyl bu köp­rüden 3 mil­li­on ýo­lag­çy­nyň hem-de 6 mil­li­on ton­na ýü­küň geç­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Ony 2020-nji ýy­lyň tom­sun­da ýa-da güý­zün­de ulan­ma­ga ber­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry­na ýo­ka­ry sy­lag be­ril­di. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­re­şe ýew­ro­pa gym­mat­lyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na go­şan go­şan­dy üçin Be­ýik Kar­lyň adyn­da­ky hal­ka­ra baý­ra­gy gow­şu­ryl­dy. Gu­ter­reş bu baý­ra­ga my­na­syp bol­ma­gy­nyň özi üçin uly bagt­dy­gy­ny bel­läp, äh­lu­mu­my ma­ýyl­gan­ly­ga gar­şy gö­reş­dä­ki ta­gal­la­la­ry­ny güýç­len­dir­jek­di­gi­ni bel­le­di. Bu baý­rak 1950-nji ýyl­dan bä­ri gow­şu­ryl­ýar. Mun­dan ozal, bu baý­ra­ga An­ge­la Mer­kel, Uins­ton Çer­çill, Bill Klin­ton, To­ni Bleýer my­na­syp bol­dy. Ge­çen ýyl bu baý­rak bi­len Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron sy­lag­lan­dy.

Da­ni­ýa­da Par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ril­di. 5-nji iýun­da ýurt­da mil­li baý­ram – Kons­ti­tu­si­ýa gü­ni bel­le­nip ge­çil­di. Şol gün hem ýur­duň par­la­men­ti ha­sap­lan­ýan Fol­ke­tin­giň (Da­ni­ýa­nyň bir pa­la­ta­ly mej­li­si) de­pu­tat­la­ry saý­lan­dy. 179 orun üçin 12 sy­ýa­sy par­ti­ýa­dan 900 da­laş­gär gör­ke­zil­di. Saý­law­lar­da Met­te Fre­de­rik­se­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky So­si­al-de­mok­rat par­ti­ýa­sy üs­tün­lik ga­zan­dy.

Al­žir­dä­ki saý­law­lar yza süý­şü­ril­di. Bu ýurt­da­ky Pre­zi­dent saý­law­la­ry da­laş­gär­le­riň ýok­du­gy se­bäp­li ozal bel­le­nen se­ne­sin­de, ýag­ny 4-nji iýul­da ge­çi­ril­me­ýär. Bu ba­ra­da ýur­duň Kons­ti­tu­si­on ge­ňe­şi ha­bar ber­di. Saý­law­la­ryň ha­çan ge­çi­ril­jek­di­gi ba­ra­da en­tek mälim edilmedi.

Hy­taý de­ňiz plat­for­ma­syn­dan älem gi­ňiş­li­gi­ne kos­mos en­ja­my­ny iber­di. Ýur­duň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek kos­mos en­ja­my Sa­ry de­ňiz­de gur­na­lan ug­ra­dyş plat­for­ma­syn­dan üs­tün­lik­li älem gi­ňiş­li­gi­ne ug­ra­dyl­dy. Ýur­duň hö­kü­me­ti­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, “Çanç­žen-11” ky­sym­ly kos­mos en­ja­my­ny äle­me çy­kar­mak işi şow­suz ta­mam­la­nan ýag­da­ýyn­da hem en­ja­myň dü­zü­min­de deň­ziň go­la­ýyn­da­ky ýer­le­re howp sal­ýan zat­la­ryň ýok­du­gy mä­lim edi­lip­di.

Dün­ýä­niň iň ki­çi ça­ga­sy hem­me­le­ri haý­ran gal­dyr­dy. 2018-nji ýy­lyň de­kabr aýyn­da ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň San-Die­go şä­he­ri­niň has­sa­ha­na­syn­da dün­ýä inen 245 gram ag­ram­da­ky gyz­ja­gaz dur­muş ýo­lu­na do­wam et­me­gi bi­len köp­le­riň ün­sü­ni çek­di. Go­laý­da bu gyz­ja­gaz 2 ki­log­ram ag­ra­ma ýe­ten­den soň­ra has­sa­ha­na­dan çy­ka­ryl­dy. Ol dün­ýä­niň iň ki­çi ça­ga­sy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.