Täçbibi Gafurowany halk köpçüligi, esasan, mahmal sesi bilen tanaýandyrlar. “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň terjime (dublýaž) bölüminde hindi kinofilmlerde baş keşplerde çykyş edýän aktrisalaryň sesini türkmen diline geçirmegiň ussady bolupdy. Täçbibi daýza ir döwürler Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň sahnasynda ýazyjy Towşan Esenowanyň pýesasy esasynda teatr režissýory, Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowowyň sahnalaşdyran “Gelin gelýär” atly spektaklynda Jöwza atly aýalyň keşbini ussatlarça ýerine ýetiripdi. Bu sahna oýnunda Jöwza (Täçbibi Gafurowa) şeýle-de Amansoltan Peleň (Sabyr Ataýewa) ikisiniň gelinleriniň otludan düşenlerinde çalşylmagy we şondan soňky gülküli wakalar dogrusynda söhbet açylýar. Şol keşp hem teatr muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolup, aktrisa uly şöhrat getiripdi.
Türkmenistanyň halk artisti, köpleriň halypasy Täçbibi Gafurowa 1924-nji ýylyň 4-nji iýunynda Balkan welaýatynyň Hazar (öňki Çeleken) şäheriniň Garaköl obasynda dünýä inýär. Täçbibi daýzanyň ýaşlyk döwri Ikinji jahan urşy ýyllaryna gabat gelýär. Täçbibi entek çagaka öz doganlarynyň içinde iň zehinlisi hem dogumlysy bolupdyr. Ol mekdepde özüni göreldeli alyp baryp, oňat bahalar bilen okapdyr. Ol ilki Aşgabatdaky çagalar öýünde, soňra mugallymlary taýýarlaýan ýöriteleşdirilen mekdepde okaýar. Mugallymçylyk mekdebinde okap ýören ýyllary Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky teatr sungaty institutyndan, geljekde türkmen teatr sungatyny ösdürjek zehinli ýaşlary gözläp halypa mugallymlar gelýär. Täçbibi Gafurowany 200-den gowrak ýaşlaryň arasyndan saýlap, Moskwadaky teatr institutyna öň okap ýören türkmen toparynyň düzümüni doldurmak üçin artistçilik bölümine okuwa iberýärler. Moskwada ony juda ýaşdygyna (14 ýaş) garamazdan, şertleýin okuwa kabul edýärler. Täçbibi institutda Türkmenistanyň halk artistleri Fahriýa Alyýewa, Sabyr Ataýewa, Meret Atahanow, Durdy Saparow, Ata Saryýew dagy bilen bile okaýar. Instituty 1941-nji ýylda tamamlan Täçbibi türkmen drama teatrynda döredijilik işine başlaýar. Entek talypka ol “Zor aýakdan lukman bolan”, “Garyplyk nadanlyk däl”, “Bronopoýezd 14–69”, “Heleý gybatlary”, “Geçen günler” atly sahna oýunlarynda çykyş edýär. Türkmen teatryna zehinli artistiň gelip goşuljakdygyna ynam döredýär. Täçbibi Gafurowa bütin ömrüniň dowamynda 200-den gowrak spektaklda baş keşplerde çykyş edýär. Onuň döreden gahrymanlary milli teatr sungatymyzyň taryhyna nusgawy keşpler hökmünde girýär. Olardan Bazar Amanowyň “Keýmir kör” taryhy dramasyndaky Näzigiň, Guseýin Muhtarowyň “Daň atanda” oýnundaky Soltanyň, “Şeýtan zürýatlary” oýnunda Nabadyň, Gara Seýitliýewiň “Kümüş gapyrjagynda” Nabadyň, Hydyr Derýaýewiň “Ykbalynda” Enekütiniň, “Sekizinji hazynada” Selbiniň, Berdi Kerbabaýewiň “Magtymguly” spektaklynda Meňliniň, Aman Kekilowyň “Söýgi” oýnunda Nabadyň, Seýit Ahmediň “Gelinleriň gozgalaňynda” dürli ýyllarda dürli gahrymanlaryň, Towşan Esenowanyň “Gelin gelýär” oýnunda Jöwzanyň keşpleri aktrisanyň iň esasy ýatda galan keşplerdir.
Täçbibi Gafurowa Mollanepes teatrynda sahnalaşdyrylan dünýä belli nusgawy spektakllarda, ýagny, Şekspiriň “Korol Liri”, “Romeo we Žuletta”, Gogolyň “Derňewçi”, Hamza Hekimzada Nyýazynyň “Baý we batrak”, Fridrih Çilleriň “Mekirlik we söýgi”, Maksim Gorkiniň “Wassa Železnýowa”, Resul Gamzatowyň “Dagly gyz”, Nikolaý Ostrowskiniň “Günäsiz günäkärler”, Abdulla Kahharyň “Agyryly dişler” ýaly eserler esasynda sahnalaşdyrylan spektakllarda dürli gahrymanlaryň keşplerini ýerine ýetirip, türkmen tomaşaçylaryna daşary ýurt medeniýetini tanyşdyrmakda-da özüniň ölçegsiz uly goşandyny goşýar. Täçbibi Gafurowa esasy işiniň daşyndan radiooýunlarynda, telewizion spektakllarda-da çykyş edýärdi. Ol kino sungatynyň terjime bölüminde türkmen diline geçirilýän filmlere ses bermegiňem ussadydy. Onuň mahmal sesini ýurdumyzda tanamaýan az-azdyr. Halypanyň ses beren daşary ýurt filmleriniň sany 500-den geçýär.
Täçbibi daýzanyň milli kino sungatymyza goşan goşandy örän uludyr. Ol “Ilkinji ekzamen”, “Meniň dostum Meleguş”, “Aýal ata çykanda”, “Agyr ýük” atly çeper filmlerde biri-birine meňzemeýän gahrymanlaryň keşplerini ýerine ýetiripdi. Täçbibi daýzanyň radiooýunlaryň, tele- spektakllaryň režissýorlarynyň öz goýýan oýunlarynda esasy keşpleriň birinde çykyş etdirip bilseler armanlary ýokdy. Onuň döreden keşpleri işine elmydama jogapkärli çemeleşýändigini tassyklaýardy. Bu barada Täçbibi daýza şeýle diýýär:
– Gahrymanlarym mydama gapdalymda. Olar özüm bilen des-deň gadam urmasa men şol keşbi heniz-henizler çig saýýaryn.
Entek 17 ýaşyndaka ilkinji keşplerini janlandyran meşhur sahna hem kino ussadynyň ady türkmen sungatynyň taryhynda uly ähmiýete eýedir. Täçbibi daýza hakda söz açanyňda, teatryň düýbüni tutan halypalar Bazar Amanow, Aman Gulmämmedow, Nurjemal Söýünowa, Sona, Suraý Myradowalar, Myrat Seýitnyýazow, Mama Babaýewa, Sabyr Ataýewa ýaly ägirtler biygtyýar ýadyňa düşýär. Köpleriň halypasy ussat aktýor mahmal sesli Täçbibi Gafurowa teatr hem kino sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary nazara alnyp, 1960-njy ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti, 1984-nji ýylda bolsa, Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly atlar dakylýar. Ol 2017-nji ýylda Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen orden bilen sylaglanýar. Teatr we kino sungatynda ýarym asyra golaý zähmet çeken Täçbibi Gafurowanyň döredijiligine Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň goýýan hormaty hem belent sarpasy bimöçberdir.
Alkyşda söýgi, mähir, rowaçlyk, rowanalyk bar. Çünki, bu alkyş söýgüden, mähirden doly ene ýüreginiň uzak ýyllar döreden keşpleri bilen, halkymyza mähir-söýgi paýlan sungat ussatlarynyň ýüreginiň owazy. Köpleriň halypasy Täçbibi Gafurowa 2018-nji ýylyň dekabr aýynda aradan çykýar. Bu günki gün Täçbibi daýzanyň ösdürip kemala getiren üç gyzy — Bossan, Gülnar, Bahar hersi öz saýlap alan kärlerinde zähmet çekýärler. Täçbibi daýzanyň üç gyzyndan bäş agtygy we 8 çowlugy bar. Täçbibi daýzanyň maşgalasyndan uly gyzynyň agtygy Nurana sazçylyk mekdebinde okasa, körpe gyzy Baharyň agtygy Rahmanberdi sungata ýykgyn edýär.