13-14-nji iýun aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 19-njy sammiti geçirildi. ŞHG-niň sammitine gatnaşmak maksady bilen Russiýa, Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Hindistan we Pakistan ýaly ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylary Bişkekde ýygnandylar. Maslahatda howpsuzlyk, häzirki döwrüň howply wehimlerine garşy göreş, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, ynsanperwerlik ugurlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi hem-de Ýakyn Gündogar meseleleri we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, ykdysadyýet, logistika, infrastruktura we kommunikasiýa ýaly ugurlar maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.
Sammitiň dowamynda ŞHG-niň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Sammitiň ahyrynda 20-den gowrak resminamalara gol çekildi.
Maslahatda ŞHG-niň sebit hyzmatdaşlygynyň täze nusgasynyň emele gelip, sebitiň parahatçylygyna we ösüşine uly goşant goşýandygy bellenildi.ŞHG: düzümi we iş ýörelgesi
2001-nji ýylda döredilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) dünýäniň iň iri bileleşikleriniň biridir. Bu bileleşige Russiýa, Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, şeýle hem Hindistan, we Pakistan degişlidir. Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa ýaly ýurtlaryň synçy derejesi bolup, Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka bolsa, gepleşik boýunça hyzmatdaş ýurtlar bolup durýarlar. ŞHG-ä girýän ýurtlaryň umumy meýdany 34 million inedördül metrden gowrakdyr. Bu Ýewraziýanyň 60 göterimine barabardyr. Bileleşigi düzýän ýurtlarda jemi 3 milliarddan gowrak adam ýaşaýar. Bu Ýer togalagynyň ilatynyň ýaryna deňdir. ŞHG-ä dünýäniň jemi içerki önüminiň dörtden biri düşýär.
2016-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda ŞHG-niň baş sekretary wezipesine Raşid Alimow saýlandy. Şoňa çenli ol Täjigistanyň daşary syýasat edarasyna ýolbaşçylyk edip, ýurduň BMG-däki hemişelik wekili bolupdy. ŞHG-niň edaralaryndaky karar diňe ylalaşyk arkaly kabul edilip, bu ýörelge guramanyň düzgünnamasynda hem tassyklanandyr.