Hy­taý­da te­bi­gy ga­zyň sarp edi­li­şi 2017-nji ýyl­da 14,5%, 2018-nji ýyl­da 18,1% art­dy. Ýö­ne yk­dy­sa­dy ösü­şiň gow­şa­ma­gy ne­ti­je­sin­de, 2024-nji ýy­la çen­li dö­wür­de ösü­şiň or­ta­ça dep­gin­le­ri her ýyl­da 8%-e çen­li pe­se ga­çar.
Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­ti te­bi­gy ga­zy sarp et­me­giň ar­ty­şyn­da 4% de­re­je­dä­ki or­ta­ça ýyl­lyk dep­gin­le­ri bi­len iri çeş­me bol­ma­gyn­da gal­ýar. 2024-nji ýy­la çen­li umu­my sarp edi­li­şiň ösü­şi­niň 60%-i bu se­bi­tiň pa­ýy­na dü­şer.
Şeý­le hem ga­za bo­lan dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki is­le­giň ösü­şi­ne ABŞ-nyň, Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň we De­mir­ga­zyk Af­ri­ka­nyň ga­zy sarp edi­şi­niň ar­ty­şy ýar­dam be­rer.
Ýew­ro­pa­da ga­za bo­lan is­leg kö­mür we atom elekt­rik be­ket­le­ri­niň ýa­pyl­ma­gy se­bäp­li ar­tar. Şol bir wag­tyň özün­de ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dilýän çeş­me­le­ri­niň ula­nyl­ma­gy­nyň art­ma­gy hem-de bi­na­la­ry ýy­lat­mak üçin sarp edi­lýän energiýanyň azal­ma­gy ga­za bo­lan is­le­gi çäk­len­di­rer.
Se­na­gat pu­da­gy ga­za bo­lan is­le­giň ösü­şi­niň esa­sy se­bä­bi bo­lup dur­ýar. Te­bi­gy ga­zyň ýan­gyç hem-de çig mal hök­mün­de se­na­gat­da sarp edi­li­şi ýyl­da 3 gö­te­rim ar­tar we ga­zyň 2024-nji ýy­la çen­li dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki sarp edi­li­şi­niň 46 gö­te­ri­mi­ni üp­jün eder. Em­ma elektrik ener­gi­ýa­sy pu­da­gy te­bi­gy ga­zy köp sarp edi­ji bol­ma­gyn­da ga­lyp, 2024-nji ýy­la çen­li umu­my is­le­giň 40%-i onuň pa­ýy­na dü­şer.
2018-nji ýyl­da dün­ýä de­re­je­sin­de ga­za bo­lan is­leg 4,6% ösüp, köm­rüň or­nu­ny eýe­le­mä­ge ýar­dam ber­di. ABŞ we Hy­taý bu ösü­şiň esa­sy iki ker­wen­ba­şy­sy bol­du­lar. Bu ýo­ka­ry dep­gin 2010-njy ýyl­dan bä­ri do­wam ed­ýär.
ABŞ-da 2018-nji ýyl­da gaz önüm­çi­li­gi 11,5% ösüp, onuň ýo­ka­ry dep­gin­le­ri 1951-nji ýyl­dan bä­ri sak­la­nyp gel­ýär we bu ýur­dy dün­ýä­de gaz çy­kar­ma­gyň ösü­şi bo­ýun­ça iň iri çeş­me­le­riň bi­ri hök­mün­de öňe çy­kar­ýar. Hy­taý, Awst­ra­li­ýa, Rus­si­ýa we Eý­ran ýa­ly beý­le­ki iri ön­dü­ri­ji­ler hem önüm­çi­lik­le­ri­niň re­kord de­re­je­le­ri­ni gör­kez­ýär­ler.
ABŞ ga­zyň sa­ty­ly­şy­nyň ösü­şi bo­ýun­ça öz li­der­li­gi­ni sak­lar diý­lip ga­ra­şyl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, önüm­çi­li­giň ýyl­lyk möç­be­ri 2024-nji ýy­la çen­li 1 tril­li­on kub­met­re çen­li ýo­kar­la­nar. ABŞ, Awst­ra­li­ýa we Rus­si­ýa 2024-nji ýy­la çen­li ga­zyň ösüp bar­ýan eks­por­ty bo­ýun­ça iri çeş­me­le­ri bo­lar.
Su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy gaz ba­za­ryn­da söw­da­nyň möç­be­ri 2018-nji ýy­lda­ky 432 mil­liard kub­met­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 2024-nji ýy­la çen­li 546 mil­liard kub­met­re ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Hy­taý 2024-nji ýy­la çen­li 109 mil­liard kub­metr ga­zy sa­tyn alyp, Ýa­po­ni­ýa­dan öňe ge­çer, su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy ga­zy sa­tyn al­mak bo­ýun­ça iri im­port edi­ji ýurt­la­ryň bi­ri bo­lar.
Hal­ka­ra ener­gi­ýa agent­li­gi­niň ha­sa­ba­ty­na la­ýyk­lyk­da, göz öňün­de tu­tul­ýan döw­rüň ahy­ry­na çen­li ABŞ 2024-nji ýyl­da 113 mil­liard kub­metr su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy eks­port edip, Ka­tar­dan we Awst­ra­li­ýa­dan öňe ge­çer. Şu döw­rüň için­de su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy ga­zyň eks­por­tu­nyň ösü­şi­niň 90% tö­we­re­gi ABŞ, Awst­ra­li­ýa we Rus­si­ýa ýa­ly ýurt­la­ryň pa­ýy­na dü­şer.