Te­bi­gy gur­şa­wy go­ra­mak we te­bi­gy se­riş­de­ler­den re­je­li peý­da­lan­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň eko­lo­gi­ýa ba­bat­da­ky sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­dyr. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge, daş­ky gur­şa­wyň go­ral­ma­gy­ny, ila­ty­my­zyň ýa­şaý­şy üçin aras­sa daş­ky gur­şa­wy üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, suw we ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni aýaw­ly peý­da­lan­mak, Aral hem-de Ha­zar de­ňiz­le­ri­niň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ga­zan­mak bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň öze­ni­ni düz­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi su­wuň, top­ra­gyň, ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­rini oňyn çöz­mek ba­bat­da uly ta­gal­lala­ry ed­ýär. Mu­nuň üçin dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­da dür­li tas­la­ma­lar hem-de giň gerim­li çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ho­wa goý­be­ril­ýän ha­pa gaz­la­ryň möç­be­ri­ni a­zalt­mak, dür­li ula­nyş­dan ga­lan plas­tik, ka­gyz, po­lie­ti­len, re­zin, agaç se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek ba­bat­da hem de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Bu ugur­da ýur­du­myz­da hem dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ula­nyş­dan ga­lan plas­tik, ka­gyz, po­lie­ti­len, re­zin, agaç se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek hem-de şo­lar­dan önüm­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça ki­çi önüm­çi­lik­le­ri ýo­la goý­du­lar. Bu iş­le­ri do­wam edip, ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da zi­bil­le­ri we ga­ty ga­lyn­dy­la­ry gaý­ta­dan iş­le­ýän önüm­çi­lik tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak mak­sat edi­nil­ýär. Bu tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, bir ýyl­da 500 müň ton­na go­laý zi­bil­le­ri we ga­lyn­dy­la­ry gaý­ta­dan iş­le­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­räp, mu­nuň özi daş­ky gur­şa­wyň go­ral­ma­gy­na go­şant bo­lar. Tas­la­ma­la­ry hu­su­sy ta­rap­la­ryň ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň we karz se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na iki ýy­lyň do­wa­myn­da ama­la aşyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
“Ýa­şyl ösüş stra­te­gi­ýa­sy” hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä, iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ra hem-de kö­pa­syr­lyk mil­li däp­le­re esas­lan­ýan dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi­niň gu­ral­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Suw we beý­le­ki te­bi­gy se­riş­de­le­ri aýaw­ly sak­la­mak hem-de gaý­ta­dan di­kelt­mek, çöl­leş­mä­ge, ýer­le­riň za­ýa­lan­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek, te­bi­gy we teh­no­gen bet­bagt­çy­lyk­la­ry öňün­den duý­dur­mak we ne­ti­je­le­ri­ni pe­selt­mek Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­dyr.
Diýarymyzda ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li ba­gy-bos­san­ly­ga bü­re­mek mak­sat­na­ma­sy ýur­du­my­zyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da dün­ýä işi­ne ägirt uly go­şan­dy­dyr. Şol mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de şä­her­le­riň, ilat­ly ýer­le­riň tö­we­rek­le­rin­de, aw­to­mo­bil we de­mir ýol­la­ry­nyň ugur­la­ryn­da tä­ze to­kaý­lyk­lar döredilýär. Te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­re yl­my taý­dan çe­me­leş­me­giň mö­hüm­di­gi, in­no­wa­si­on we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly çöz­güt­le­ri, şol san­da ila­ty arassa agyz suwy bi­len üp­jün et­mek ul­ga­myn­da öň­de­ba­ry­jy iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry or­naş­dyr­mak, se­na­ga­tyň ha­pa suw­la­ry­ny aras­sa­la­mak, ola­ry eke­ran­çy­lyk üçin gaý­ta­dan peý­da­lan­mak ugur­la­ry­ny hem bel­läp geç­mek ýer­lik­li bo­lar.
Dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ýer­lik­li ula­nyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, dür­li ga­lyn­dy­la­ry tä­ze­den iş­le­mek ba­bat­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­te” geç­me­giň ze­rur­dy­gy­ny he­mi­şe bel­läp ge­çip, bu ugur­da hem ýur­du­myz­da gu­rul­ýan äh­li se­na­gat des­ga­la­ry­nyň, il­kin­ji no­bat­da, daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­syz bol­ma­gy üçin ta­gal­la­lar ed­ýän­di­gi mä­lim­dir. Şo­nuň üçin ýur­du­myz­da gu­rul­ýan äh­li kär­ha­na­lar­da teh­no­lo­gi­ýa­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar. Umu­man, ýur­du­my­zda äh­li ugur­lar­da edil­ýän ta­gal­la­lar eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edilmegine gö­nük­di­ri­len­dir.
Hä­zir­ki wagt­da daş­ky gur­şa­wyň ha­pa­lan­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler di­ňe bir döw­let ýa-da se­bit de­re­je­sin­de mö­hüm bol­man, eý­sem, dün­ýä de­re­je­sin­de esa­sy me­se­le­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Şo­nuň üçin hem ýur­du­myz­da daş­ky gur­şa­wyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak ba­bat­da uly ta­ga­llalar edil­ýär. Hal­ky­my­zyň äh­li ba­bat­­da asu­da hem-de aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin bi­möç­ber ala­da­lar ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze çuň­ňur ho­şal­ly­gy­my­zy bil­dir­ýä­ris.

Mi­ras AL­LA­BER­DI­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.