Azadynyň döredijiligi bilen tanşanyňda, beýik akyldaryň ata-babalarymyzyň paýhasyndan, dana oý-pikirlerinden syzyp çykan nakyllardyr atalar sözlerini öz döredijilik galypyna salandygyna göz ýetirmek bolýar. Muny beýan etmek üçin aryf-akyldaryň “Wagzy-azat” eserine ýüzlenmek zerurdyr.
Döwletmämmet Azady 6000 setir töweregi, 2314 beýtden ybarat bolan “Wagzy-azat” eserini kämillik käsesiniň goýalyp, öz ýaşan döwründe beýik söz ussady, alym, akyldar, filosof we din meselelerinden ýeterlik baş çykarýan ussat hökmünde ykrar edilen wagty ýazypdyr.
“Wagzy-azat” eseri dört bapdan ybarat bolup, onuň birinji babynda döwlet gurmagyň zerurlygy we adyl şa hakynda, ikinji bapda haýyr-sahawat işleri, şeýle hem perzendiň 40 borjy dogrusynda gürrüň gozgalýar. Eseriň üçünji baby alymlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň häsiýetlerine, dördünji baby-da derwüşlere bagyşlanýar.
Tanymal alym, öz döwründe türkmen ylmyna saldamly goşant goşan Ahmet Bekmyradow Döwletmämmet Azadynyň oguznamaçylyk däbini dowam etdirmegine ilkinji itergi beren ýagdaý hakynda söz açyp, şahyryň poemasyna oguz türkmenleriniň gaýy taýpasyndan bolan Gaznawy hökümdary Söbük Teginiň we onuň ogly Mahmydyň durmuşyndan alnan hekaýatlary girizmegini, akyldaryň hut özüniň hem gökleň tiresinden bolup, gökleňleriň bolsa, gaýylaryň bir şahasy bolandygy hakda düýpli pikirleri beýan edýär. Bu ýagdaý her bir şahyryň islendik eserine belli bir derejede onuň şahsyýetiniň, durmuş nazaryýetiniň siňýändigi bilen baglydyr.
Şeýlelikde, Azady döredijiliginde dürli çeşmelerden, ilki bilen, türkmen halkynyň parasatly sözlerinden, gözbaşy tereň gadymy halk döredijiliginden we baý milli dessançylyk ugurlaryndan peýdalanypdyr. Gündogaryň baky parlak ýyldyzlary Saady, Jamy, Hapyz, Haýýam, Dehlewi, Rumy, türki halklaryň şahyrlaryndan Hoja Ahmet Ýasawy, Fizuly, Nowaýy, Nesimi, Hajy Bekdaş Weli, Ýunus Emre ýaly beýik söz ussatlarynyň döredijiligi bilen ýakyndan tanyş bolmagy şahyryň döredijiliginiň gülläp ösmegine getiripdir.
Beýik akyldar öz eserlerinde many-mazmuny boýunça tutuş bir halkyň akyl gazanynda gaýnap, eýi ýetirilen, telim asyrlaryň synagyndan geçip, halk köpçüliginiň durmuşy meseleleri barada gelen netijeleriniň jemi bolan nakyllara ýygy-ýygydan ýüzlenipdir. Meselem, akyldar “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” nakylyny:
Maslahatsyz iş puşeýmanlyk bolar,
Akly-küll bolmaz kütehdanlyk bolar
– diýip, ussatlarça şygyr galybyna salypdyr. Beýik akyldaryň döredijiliginde şeýle mysallar bir ýa-da iki däl, onlarça. Muňa akyldaryň “Baş bolmasa, göwre läş” nakylyny:
Göwre läş bolgaý eger baş bolmasa,
Bitmez iş Hak lutpy ýoldaş bolmasa,
“Ekdiler – iýdik, ekeris – iýerler” nakylyny:
Ekin ekmek halka emr etgeý emir,
Ýagny, ondan nep ala baý-u pakyr,
“Ýakma – bişersiň, gazma – düşersiň” nakylyny:
Her kişi ot ýaksa – özi bişer,
Gazsa her kim çah – oňa özi düşer – görnüşinde işläp, oňa şygryýetiň ganatyny bermegi aýdyň mysaldyr. Ýeri gelende aýtsak, beýik akyldaryň bu setirleriniň 2012-nji ýylda “Kunst-welt e. V Berlin” nemes medeni guramasynyň dürli ýurtlaryň we halklaryň ajaýyp wekilleri bilen tanyşdyrýan “Dünýäniň öňdengörüjileriniň ýodasy” atly taslamasy üçin seçilip alnandygyny hem ýatlap geçmek isleýäris.
Gülşat BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň
Halkara gatnaşyklary
institutynyň baş kitaphanaçysy.