Ir zamanlarda bir garga tomsuň jokrama yssysynda gaty suwsapdyr. Suwuň gözlegine çykan garga hiç ýerden suw tapmandyr. Bu ýagdaý gargany gaty gynandyrýar. Birdenem ýaňky uçup barýan garganyň gözi suwly küýzä kaklyşýar. Garga pessaýlaýar-da, onuň erňegine gonýar. Garga suwsuzlygyny gandyrmak üçin küýzäniň içine kellesini sokan-da, onuň düýbündäki suwa çüňki ýetmän, ymsynyp galaýýar. Näumyt galan garga allaniçiksi bolýar. Onuň güýji küýzäni bir gyra ýykmakdan hem ejiz gelýär. Kyn ýagdaýa düşen garga dalla isläp, töweregine ser salan-da, çaşyp ýatan çagyl daşlaryna gözi düşýär. Ol esli oýlanyp durýar-da, çagyl daşlaryny çüňki bilen daşap, küýzäniň içine atyp ugraýar.
Suw ýokarlygyna ep-esli galyp, küýzäniň bokurdagyna ýetýär. Garga bu emeline öz ýanyndan monça bolup, suwdan teşneligini gandyrýar-da, ol ýerden uçup gidýär.
Netije: Isleg bolsa, ony ýerine ýetirmäge hemişe sebäp tapylýar.
Güýçli isleg ýa-da ahyrky zerurlyk çykalga tapmaga itergi berýär.
Terjime eden Kakamyrat Hudaýberdiýew,
Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen
21-nji orta mekdebiň okuwçysy.