Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja şäherinde arap dilindäki esasy kitaplary terjime etmek maksady bilen, “Terjoman” baýragy döredildi. Şarjanyň täze baýragy arap eserlerini beýleki dillere terjime edýän neşirýatçylara niýetlenip, ol arap dünýäsini we olaryň adamzat medeniýetine goşan goşandyny dünýä ýaýmakdan ybaratdyr.
Baýragyň umumy möçberi Birleşen Arap Emirlikleriniň 1,3 million dirhemine (353 900 dollar töweregi) deň bolup, meşhur arap eserlerini terjime etmäge gönükdirilendir. Onuň 70 göterimi ýeňiş gazanan kitaplary terjime etmäge hukukly halkara neşirýatyna, 30 göterimi bolsa, ýeňiş gazanan kitaplary çap etmäge hukugy bolan arap neşirýatçylaryna berler.
Şarjanyň kitap edarasynyň başlygy Ahmed Al Ameri 30-njy oktýabrdan 9-njy noýabra çenli dowam etjek “Sharjah International Book Fair” kitap ýarmarkasynda baýraga dalaşgärleriň sanawyny mälim eder.
Birleşen Arap Emirlikleriniň üçünji uly şäheri Şarja 2019-njy ýylda Bütindünýä kitap paýtagty adyna eýe boldy. Bu abraýly dereje kitap okamagy ündemekde gazanylan üstünlik üçin berlip, bir ýyl dowam edýär. Şeýle hem Şarjada kitap neşirýatyna, neşirýatlaryň söwda işlerine gönükdirilen ilkinji erkin zolak açyldy. 2001-nji ýyldan bäri Bütindünýä kitap paýtagtlarynyň sanawy boýunça Şarja 19-njy şäherdir.