Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mil­li Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 25 ýyl­lyk baý­ra­my­na bat­ly ga­dam­lar bi­len bar­ýan ýur­du­my­zyň her bir gü­ni ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­re we ta­ry­hy wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň pä­him-paý­ha­sy, öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, ýe­til­ýän be­lent sepgit­ler bag­ty­ýar­ly­gyň gu­ja­gyn­da ýa­şa­ýan hal­ky­myz­da çuň­ňur buý­sanç duý­gu­la­ry­ny oýar­ýar.
Hä­zir­ki dö­wür­de umu­ma­dam­zat bäh­bi­di­ni na­zar­la­ýan mö­hüm me­se­le­le­riň saz­la­şyk­ly çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da iş­jeň orun eýe­le­ýän Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ab­ra­ýy gün-gün­den ýo­ka­ry gal­ýar. Mu­ny ýa­ňy-ýa­kyn­da, has any­gy, 14-nji iýun­da Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji mej­li­si­niň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na saý­la­nan­dy­gy hem do­lu­ly­gy­na tas­syklaýar.
Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň hil taý­dan tä­ze, ýo­ka­ry de­re­jä ga­lan­dy­gy onuň se­bit­dä­ki, şeý­le hem hal­ka­ra ýag­daý­la­ra oňaý­ly tä­si­ri­niň gün­sa­ýyn ar­typ baş­lan­dy­gy hem äş­gär gö­rün­ýär.
Mu­nuň özi mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan hal­ky­my­zyň mil­li bäh­bit­le­ri­ni ara­ýan oňyn Bi­ta­rap­ly­gyň ýö­rel­ge­le­ri­niň esa­syn­da çuň­ňur oý­la­nyşy­lan da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­nyň iş­le­nip dü­zül­me­gi bi­len gös-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan he­mi­şe pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li ýö­rel­ge­le­re yg­rar­ly bol­mak bi­len, bu ugur­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ýar. 2007-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň paý­tag­ty Aş­ga­bat­da BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa­da öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça Se­bit mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy, 2008-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gyç­la­ry bi­len BMG-niň BA-nyň “Ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň yg­ty­bar­ly we dur­nuk­ly üs­ta­şyr ge­çi­ril­me­gi, dur­nuk­ly ösü­şi, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de onuň hyz­ma­ty” at­ly ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi, 2010-njy ýyl­da Aş­ga­bat­da BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de we Ha­zar bas­seý­nin­de ýa­rag­syz­lan­mak me­se­le­si­ne ba­gyş­la­nan we­kil­çi­lik­li hal­ka­ra mas­la­ha­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi, 2015-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de howp­suz­lyk we pa­ra­hat­çy­lyk fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­me­gi hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ul­ga­myn­da ýur­du­my­zyň äh­mi­ýe­ti­niň örän ulu­dy­gy­ny äle­me äş­gär et­di.
Her bir ta­ry­hy iş çuň­ňur maz­mu­na eýe­li­gi bi­len ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ry­na ýa­zyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­ny­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 70-nji mej­li­sin­de eden çy­ky­şy hem mu­ny do­ly tas­syklaýar. Dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi üçin ta­ry­hy wa­ka öw­rü­len bu çy­ky­şyn­da mil­li Li­de­ri­miz umu­ma­dam­zat bäh­bi­di­ni na­zar­la­ýan bir­nä­çe me­se­le­le­ri öňe sür­di we ol me­se­le­ler mej­li­se gat­na­şy­jy­lar­da çuň­ňur gy­zyk­lan­ma­la­ry dö­ret­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da ýa­şa­ýyş-dur­muş me­se­le­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, sag­dyn-dur­muş ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek, hem­me­ta­rap­la­ýyn ada­lat­ly we ýo­ka­ry hil­li bi­li­mi üp­jün et­mek, gen­der deň­li­gi, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ka­da­laş­dyr­mak ýa­ly mö­hüm me­se­le­le­ri gör­kez­mek bo­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ne ýug­ru­lan bu me­sele­ler ba­ra­da aý­gyt­ly, anyk pi­kir­le­ri öňe sür­mek bi­len, bu ugur­da Türk­me­nis­ta­nyň eýe­le­ýän po­zi­si­ýa­sy­ny be­ýan et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň be­lent mün­be­rin­de eden ta­ry­hy çy­ky­şyn­da öňe sü­ren umu­ma­dam­zat bäh­bit­li me­se­le­le­ri­niň bi­ri-de bü­tin dün­ýä­de yg­ty­bar­ly we döw­re­bap ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň el­ýe­ter­li bol­ma­gy ha­kyn­da­ky wa­jyp me­se­le­dir.
2016-njy ýyl­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty köp ta­ry­hy wa­ka­la­ra bes­len­di. Şu ýy­lyň 5-nji ap­re­lin­de Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Yk­dy­sa­dy we Dur­muş ge­ňe­şi­niň mej­li­si­niň bar­şyn­da bir­ba­da üç dü­zü­me saý­lan­ma­gy aja­ýyp wa­ka bol­dy. Olar – 2017-2020-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da­ky dö­wür üçin BMG-niň Ylym we teh­ni­ka ba­ra­da­ky ko­mis­si­ýa­sy, 2016-2020-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da­ky dö­wür üçin Ilat we ösüş ko­mis­si­ýa­sy hem-de 2017-2020-nji ýyl­lar üçin Dur­muş taý­dan ösüş ko­mis­si­ýa­sy­nyň dü­züm­le­ri­dir.
“Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty­na eýer­ýän döw­le­ti­mi­ziň hä­zir­ki wagt­da 44 sa­ny iri hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň ag­za­sy bol­ma­gy, olar­dan 15-si­niň Türk­me­nis­tan­da öz­le­ri­niň we­kil­ha­na­la­ry­ny aç­ma­gy, türk­men dip­lo­mat­la­ry­nyň hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň 12-sin­de ýur­du­my­za we­kil­çi­lik et­mek­le­ri Bi­ta­rap­ly­ga esas­lan­ýan türk­men jem­gy­ýe­ti­niň de­mok­ra­tik sy­ýa­sa­ty­nyň uly ro­waç­lyk­la­ra eýe­di­gi­ni, ýur­du­myz­da hal­kyň gel­je­gi üçin her bir we­zi­pä­niň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ril­ýän­di­gi­ni dün­ýä aýan ed­ýär.
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­ny­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji mej­lis­le­ri­niň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na saý­la­nan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan bu gün­ki gün BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy ornuna bäşinji sapar eýe. Bu ta­ry­hy wa­ka bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň diý­seň gu­wan­dyr­ýar.
Mil­li Li­de­ri­miz Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na (ŞHG) ag­za ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň go­laý­da Daş­kent şä­he­rin­de ge­çen mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­la­ryň öňün­de çy­kyş et­mek bi­len Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tanyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­ga, aba­dan­çy­ly­ga, ro­waç­ly­ga da­ýan­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­na berk eýer­ýän­di­gi­ni ýe­ne-de bir ge­zek tas­syk­la­dy.
Goý, aja­ýyp döw­rü­miz­de dün­ýä ýurt­la­ry bi­len je­bis hyz­mat­daş­ly­gy ber­ki­dip, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny gün-gün­den ýo­kar­lan­dyr­mak­da nus­ga­lyk iş­le­ri alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun! Il-ýurt bäh­bit­li uly tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Azat SO­PY­ÝEW,
Türk­men döw­let ma­li­ýe
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.