Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilip geçilýän günlerinde A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabyna esaslanyp, täze “Ene ýüregi” atly sahna eserini halk köpçüligine hödürledi. Spektaklda ene mukaddesligi, enäniň çagasyna, çaganyň enä bolan garaýşy çeper beýan edilýär. Spektaklyň baş gahrymany Mähriban ejäniň (aktrisa Anastasiýa Balandina) 4 çagasy, ýagny 3 ogly, 1 gyzy bolup, olaryň üçüsem edepli-terbiýeli wepaly çagalar. Mähriban ejäniň ýanýoldaşy Haýdar aga-da (artist Mihail Rogow) sadadan sypaýy adam. Ol arheolog bolup işleýär. Mähriban ejäniň ortanjy ogly Yklym (artist Kerim Ataýew) ýangyn söndüriji gullugynda işleýär. Mähriban eje ol ogluna guwanýar, buýsanýar. Onuň işi barada gije-gündiz alada edip gezýär. Enäniň uly ogly Baky (artist Rasul Nurymow) ol maşgalaly bolup, ejesinden aýry ýaşaýandygyna garamazdan, hemişe ejesiniň halyndan habar alyp durýar. Spektaklyň ahyrynda Bakynyň maşgalasynda perzent dünýä inýär. Muňa Mähriban ejäniň begenjiniň çägi bolmaýar. Ol elmydama çagalarynyň jan saglygy, iş rowaçlygy üçin dileg edip gezýär. Bu eseriň üsti bilen ene mukaddesligi, ene bilen perzendiň arasyndaky söýgi aýdyň we açyk görkezilipdir. Ene bilen perzentleriniň arasynda bolup geçýän söýgi, yhlas, agzybirlik, jebislik seniň ruhuňa ruh goşup, durmuşa, ýaşaýşa bolan höwesiňi artdyrýar. Spektakla tomaşa edeniňde ene bilen perzentleriň arasyndaky agzybirlige, mähir-muhabbetlige buýsanýarsyň. Bu spektaklyň häzirki ýaşlarymyz üçin terbiýeleýjilik ähmiýeti örän uludyr. Spektakly Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, teatryň baş ýolbaşçysy, režissýor Aşyrmuhammet Rahmanow sahnalaşdyrdy. Spektaklyň bezeg işleri we saz bezegi üçin suratkeş Batyrdurdy Batyrow hem-de kompozitor Omar Igamow yhlas baryny siňdiripdir. Spektaklyň dowamynda ýerine ýetirilýän aýdymlar hem spektakla öwüşgin goşupdyr. Şu ýerde pursatdan peýdalanyp, teatryň döredijiligi barada kelam agyz durup geçesim gelýär. Çünki bu teatryň sahnasynda dürli milletleriň, doganlyk halklaryň durmuşyndan ýazylan eserler boýunça spektakllar taýýarlanyp, halk köpçüligine ýetirilip durulýar. Şonda şol halklaryň milliligi edim-gylymlary, häsiýetleri teatryň artistler topary tarapyndan çeper beýan edilýär. Teatryň artistler topary rus milletinden, türkmen oglan-gyzlaryndan ybarat bolup, olar haýsy milletiň eserini sahnalaşdyrsalar-da olary tapawutlandyryp bolmaýar. Bu bolsa olaryň şol janlandyrýan gahrymanlarynyň keşplerine yhlasyny siňdirip, irginsiz zähmet çekýändiklerinden nyşan. Ine, hut şu “Ene ýüregi” atly spektaklda hem Mähriban ejäniň keşbini aktrisa Anastasiýa Balandina edil türkmen maşgalasy ýerine ýetirýän ýaly bolup görünýär. Sözümiň ahyrynda teatryň döredijilik toparyny täze “Ene ýüregi” atly spektaklyň şowly çykandygy üçin tüýs ýürekden gutlap, olara geljekde-de döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
Akmyrat Hojaberdiýew,
Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň hünärmeni.