28-29-njy iýunda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 14-nji gezek guralýan “Uly ýigrimiligiň” (G20) sammiti geçirilip, onuň barşynda dünýä ykdysadyýeti, söwda, maýa goýumlary, innowasiýa, emeli aň, öýjükli ykdysadyýet, howpsuzlyk, maglumat tehnologiýasy we ekologiýa bilen baglanyşykly meseleler aýratyn ähmiýete eýe boldy. Häzirki wagtda “G20” dünýäniň ilatynyň üçden iki bölegini emele getirýär. 1999-njy ýylda esaslandyrylan bu Halkara guramasynyň mejlisinde halkara maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Uly ýigrimiligiň 15-nji sammiti 2020-nji ýylda Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçiriler.
Gazetimiziň şu sanynda dünýä ykdysadyýetiniň kerwenbaşysy hasaplanýan 20 ýurduň jemi içerki önümi barada maglumat bermegi makul bildik. Bu maglumat Halkara pul gaznasynyň “Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň gelejegi” atly soňky hasabatlarynyň biri esasynda taýýarlandy.
Eger-de 80-nji ýyllaryň ykdysadyýetiniň 20-ligini düzýän döwletlere nazar aýlasak, onda olaryň 17-siniň heniz hem sanawda durandygyna hem-de diňe täze üçüsiniň goşulandygyna göz ýetireris. Ykdysadyýetiň esasy öňdebaryjylary amaly taýdan üýtgewsizligine galýarlar. Seljerişler bu ýurtlaryň global ykdysadyýetiň başyny çekijilerdigini, olaryň dünýäniň baýlygynyň uly bölegine eýedigini görkezýär. Ykdysadyýeti güýçli 10 ýurduň milli girdejisi dünýä ykdysadyýetiniň 67%-ini, bilelikde 20-si bolsa, 81%-ini eýeleýär.
ABŞ. Nominal jemi içerki önüm: 19,39 trillion dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti): 19,39 trillion dollar.
Bu ýurt 1871-nji ýyldan bäri ykdysadyýeti güýçli ýurt hökmünde dünýäde öz ornuny saklap gelýär. ABŞ-nyň milli girdejisi şu ýyl 20,41 trillion dollara ýeter diýlip garaşylýar. ABŞ köplenç dünýä ykdysadyýetiniň öňdebaryjysy hasaplanýar. Ýurduň ykdysadyýeti ösen infrastruktura, tehnologiýa we baý tebigy gorlaryna daýanyp, dünýä ykdysadyýetiniň dörtden birini eýeleýär. Içerki milli girdejiniň köp bölegini önümçilik däl pudaklar (80%), önümçilik bolsa 15% töweregini eýeleýär. 2023-nji ýyla çenli ABŞ-nyň ykdysadyýeti 24,53 trillion dollara, onuň yz ýanyndan gelýän Hytaýyň bolsa, 21,57 trillion dollara ýetjekdigi çak edilýär.
Hytaý. Nominal jemi içerki önüm: 12,01 trillion dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti): 23,15 trillion dollar.
Ýurt soňky onýyllyklarda okgunly ösüşleri gazandy. Hytaýyň önümçilik we eksport kuwwatlyklary nazara alnyp, oňa dünýäniň fabrigi hem diýilýär. Emma geçen ýyllarda önümçilik däl ugurlar bilen birlikde, gaýtadan işleýän senagatyň hem ähmiýeti artyp başlady. Hytaý 1980-nji ýyllarda 305,35 milliard dollar içerki milli önümi bilen ýedinji orny eýelän bolsa, ABŞ-nyň jemi içerki önümi 2,86 trillion dollara deňdi. 1978-nji ýylda bazar özgertmeleriniň başlamagy bilen ýurduň ykdysady ösüşi ýylda 10%-e ýetýär.
Ýaponiýa. Nominal jemi içerki önüm: 4,87 trillion dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti): 5,42 trillion dollar.
Ýurt ykdysadyýeti boýunça dünýäde üçünji orny eýeläp, içerki milli girdejisi 4,87 trillion dollara deňdir. Ýurduň ykdysadyýeti birnäçe kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolsa-da, ýurduň ykdysady ösüşi durnuklylygyny saklaýar. Ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önüminiň ortaça möçberi 38 439,52 dollara deňdir.
Germaniýa. Nominal jemi içerki önüm: 3,68 trillion dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti): 4,17 trillion dollar.
Ýurduň ykdysadyýeti Ýewropada iň güýçlüsidir. Ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önüminiň ortaça möçberi 44 549,69 dollara deňdir. Germaniýa 1980-nji ýylda 850,47 milliard dollar möçberindäki nominal jemi içerki önümi bilen üçünji ýerde durýardy.
Beýik Britaniýa. Nominal jemi içerki önüm: 2,62 trillion dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti): 2,91 trillion dollar.
Beýik Britaniýanyň ykdysadyýeti, esasan, hyzmatlar pudagyna daýanyp, milli girdejide onuň paýy 75 %-e deňdir. Ýurduň azyk önümleriniň 60%-i öz içinde öndürilýär.
Hindistan. Nominal jemi içerki önüm: 2,61 trillion dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti): 9,45 trillion dollar.
Halkara pul gaznasynyň maglumatlaryna görä, Hindistan şu ýyl Beýik Britaniýadan ozup, bäşinji orna eýe bolmagyna garaşylýar. Ýöne ýurduň ilatynyň köplügi jemi içerki önümiň jan başyna düşýän mukdaryny belli bir derejede azaldyp, ol 1 982 dollara deňdir. Hindistanyň ykdysadyýeti 1980-nji ýyllarda jemi 189,438 milliard dollara deň bolup, on üçünji orny eýeleýärdi. Hindistan ýaňy-ýaňylar hem agrar ýurtdy. Şu günki günde ýurduň hyzmatlar pudagy dünýäniň iň tiz ösýän pudagy bolup, onuň paýyna ykdysadyýetiň 60%-den gowragy, düşýär.
Önümçilik iň möhüm pudaklaryň biri bolup, oňa hökümetiň “Hindistanda öndür!” diýen başlangyjy bilen aýratyn üns berilýär. Eksporta garaşlylygyň çäkliligi, süýşürintgilere daýanç, ilat sany we orta gürpdäki synpyň ösüşi ýurduň ykdysady kuwwatyny düzýär.
Fransiýa. Nominal jemi içerki önüm: 2,58 trillion dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti): 2,83 trillion dollar.
Fransiýa dünýäniň iň köp gelim-gidimli ýurdy bolup, ykdysadyýeti boýunça Ýewropada ikinji, dünýäde bolsa, ýedinji orny eýeleýär. Ýurt öz ilatyna ýokary durmuş derejesini hödürläp, ol jemi içerki önümiň jan başyna düşýän 44 549 müň dollary bilen tapawutlanýar. Fransiýa öňdebaryjy oba hojalyk önümlerini öndüriji bolup, Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki ähli oba hojalyk ýerleriniň üçden bir bölegi bu ýurduň paýyna düşýär. Ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşinde syýahatçylyk pudagynyň hem aýratyn ähmiýeti bar. Fransiýa oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça dünýäde altynjy orny eýeläp, olary eksport etmek boýunça hem Birleşen Ştatlardan soň ikinji orny eýeleýär. Önümçilik pudagynda himiýa senagaty hem-de awtoulag gurluşygy agdyklyk edýär.
Braziliýa. Nominal jemi içerki önüm: 2,05 trillion dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti): 3,24 trillion dollar.
Braziliýa Latyn Amerikasynda iň uly we gür ilatly ýurtdur. Halkara pul gaznasy ýurduň ykdysadyýetiniň şu ýyl 2,5%-e çenli ösüş gazanjakdygyny habar berýär. Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika Respublikasy bilen birlikde Braziliýa hem BRIKS-iň düzümine girýär. Ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önüminiň ortaça möçberi 9 681 dollardan ybaratdyr.
Italiýa. Nominal jemi içerki önüm: 1,93 trillion dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti): 2,31 trillion dollar.
Italiýa – Ýewro zolagyň öňdebaryjy agzalarynyň biridir. Ýurduň eksporty we biznese goýýan maýalary ýurduň ykdysady ösüşine sebäp bolýar. Ýurduň ykdysadyýeti 2016-njy we 2017-nji ýyllarda degişlilikde, 0,9% we 1,5% ösdi. Onuň häziki wagtda hem durnukly ýagdaýy saklaýandygy habar berilýär.
Kanada. Nominal jemi içerki önüm: 1,65 trillion dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti): 1,76 trillion dollar.
Kanada 2015-nji ýyldan bäri ösüş gazanyp, durnuklylygyny saklap gelýär. Kanadanyň ilatynyň jan başyna düşýän girdejisiniň möçberi 45 000 dollardan gowrakdyr. Şol bir wagtyň özünde hyzmatlar esasy pudak bolup, önümçilik ykdysadyýetiň düýp özenini düzýär. Kanada önümçilige aýratyn üns berip, bu ýagdaý onuň geljekki ykdysady ösüşiniň kepilidir.
Şeýle hem…
Koreýa Respublikasy. Nominal jemi içerki önüm: 1,53 trillion dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti): 2,02 trillion dollar.
Russiýa. Nominal jemi içerki önüm: 1,52 trillion dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti): 4,01 trillion dollar.
Awstraliýa. Nominal jemi içerki önüm: 1,38 trillion dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti: 1,24 trillion dollar.
Ispaniýa. Nominal jemi içerki önüm: 1,31 trillion dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti): 1,77 trillion dollar.
Meksika. Nominal jemi içerki önüm: 1,15 trillion dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti): 2,45 trillion dollar.
Indoneziýa. Nominal jemi içerki önüm: 1,01 trillion dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti): 3,24 trillion dollar.
Türkiýe. Nominal jemi içerki önüm: 849,48 milliard dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti): 2,17 trillion dollar.
Niderlandlar. Nominal jemi içerki önüm: 825,745 milliard dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti) 916,07 milliard dollar.
Saud Arabystany. Nominal jemi içerki önüm: 683,82 milliard dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti): 1,77 trillion dollar.
Şweýsariýa. Nominal jemi içerki önüm: 678,57 milliard dollar. Jemi içerki önüm (satyn alyjylyk ukybynyň pariteti): 517,17 milliard dollar.