Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmekde we wagyz etmekde, Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda ylym we medeniýet ulgamlarynda gazananlaryny bütin dünýä ýaýmakda dünýä nusgalyk işler amal edilýär. Umumadamzadyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan bu işler mähriban halkymyz bilen bir hatarda, dünýä halklarynda çuňňur gyzyklanmalary artdyrýar.
Milli medeniýetimizi ýaýbaňlandyrmak Arkadag Prezidentimiziň hemişelik aladasy. “Türkmenler gaýtalanmajak medeni, ruhy we edebi gymmatlyklary döreden, adamzadyň medeni we ylmy genji-hazynasyna taýsyz goşant goşan dünýäniň iň gadymy halklarynyň biridir” diýip, milli Liderimiz örän jaýdar belleýär. Eziz Arkadagymyzyň parasatly sözleriniň çuňňur mana eýedigini dünýä medeniýetiniň altyn ojagy hökmünde şöhratlanyp gelen gadymy Merw hakynda asyrlaryň dowamynda dünýä alymlarynyň galdyran taryhy ýazgylaryna nazar salmak arkaly-da göz ýetirmek bolýar.
Merw hakyndaky ilkinji ýazgylar gadymy döwrüň taryhçysy Al-Makdisiniň işlerinde beýanyny tapypdyr. Tanymal taryhçy Merw hakynda şeýle ýazgylary galdyrypdyr: “Maru-şahu-jahan ady bilen belli bolan Mary arassa klimaty, gülleýän, ajaýyp we giň şäherdir. Ýaşaýyş jaýlary owadan we beýik, öýler öz gözellikleri bilen şäheriň iki tarapyna hem edil gaýma ýaly çekilen görnüşde. Şäherdäki köpçülikleýin ybadathana metjitleriniň ikisi-de daşdan salnypdyr, olarda agaç we bassyrma ýok. Şäheriň bazarlary owadan, onda islän harydyňy tapmak bolýar”.
Mälim bolşy ýaly, gadymy Merw ýadygärlikler toplumy bilen bir hatarda, dürli medeni we durmuş gymmatlyklary bilen-de dünýä medeniýetiniň taryhynda mynasyp orny eýeläpdir. Orta asyrda ýaşap geçen arap geografiýaçysy Şetdahri Merwiň gymmat bahaly önümleri hakynda söhbet açyp: “Iň gözel ýüpek we nah matalar Merwde öndürilýär. Sap ýüpekden tikilen milli lybaslar zenanlaryň gözelligine gözellik goşýar. Bu ýere gelýän täjirler ol matalary alman gidip bilmeýärler. Çünki, uzak ülkelerden gaýdanlarynda, olara ilkinji edilýän sargyt Merwiň ýüpek parçalary bolup durýar” diýip ýazypdyr. Öz döwrüniň belli taryhçysy Ýakudynyň ýazmagyna görä, uly islege eýe bolan ýüpek matalar XII asyryň başynda Merwiň Şabamhan obasynda dokalypdyr we ol ýüpek matalaryň atlary Mulhan we Şahywan diýlip atlandyrylypdyr.
X asyrda ýaşan belli taryhçy Al-Istahriniň gadymy Merwiň taryhy hakynda ýazan ýazgylary-da dünýä taryhynyň altyn sahypalaryny bezäpdir. Ol şeýle ýazypdyr: “Merw diýseň gözel şäher. Onuň süýt ýaly ýagty agşamlary, ýakymly gündizleri kalbyňy joşdurýar. Bu ýerde ylym gije-gündiz öz hökümini ýöredýär. Bu ýerde hemişe elleri kitaply adamlary, uzak ilden gelip, ýüküni düşürip duran bezirgenleri, ikibir-üçbir bolup, dünýä ylmy hakda pikir alşyp duran adamlary görmek bolýar. Ylym bilen dem alýan Merwiň her bir güni şular ýaly pursatlara beslenýär”.
XIII asyryň görnükli taryhçylarynyň biri-de Ýakut Hamawydyr. Görnükli taryhçynyň döwet galamynyň astyndan çykan ýazgylar biziň günlerimize gelip ýetipdir: “Merwe taý geljek şäher älem-jahanda ýokdur. Bu ýerde ylym gaýnap joşýar. Hanakalarda, medreselerde okadylýan ylym adamlara dünýä hakynda köp düşünjeleri berýär. Heran-haçan medreseleriň deňinden geçip barýarkaň, ussatlaryň dünýä ylmy hakynda berýän gürrüňlerini eşitmek bolýar”.
Gadymy Merwde bilim alan we ilkinji obserwatoriýany esaslandyran beýik şahyr, filosof, astrolog Omar Haýýamdyr. Ol: “Merwde meniň ömrümiň iň bir gözel pursatlary geçdi. Ylmyň merkezi bolansoň, ol ýerde dünýäniň dürli künjeginden gelýän alymlar köp zatlary öwrenip giderdiler” – diýip ýazypdyr.
Her bir taryhy ýazgy-geçen günleriň beýany. Şeýle beýanlar geçmişi öwrenmegiň, ata-baba geçilen ýollara nazar salmagyň ygtybarly çeşmesidir.
Gadymy Marynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bolan häzirki günlerdäki gözel keşbi-de görenleri haýran galdyrýar. Murgap derýasynyň gür bagly kenaryna täsin gelşik berip oturan köp gatly ýaşaýyş jaýlary, edaralaryň, welaýat muzeýiniň, kitaphananyň binalary, seýilgähler, suw çüwdürimleri şäheriň ýaşaýjylarynda, myhmanlarda uly ruhubelentlik döredýär. Munuň hut şeýledigini bu welaýatda uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirilen Medeniýet hepdeligine gatnaşanlar hem öwran-öwran tassykladylar.
Gözel paýtagtymyzda, welaýat merkezlerimizde döredilen bu ajaýyp gözellikler üçin merdana halkymyz Arkadag Prezidentimize gije-gündiz alkyş okaýarlar!
Tylla ÖWEZOWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri.