Dün­ýä alym­la­ry türkmen topragyny goý­nun­dan bal­lar ön­ýän al­tyn ojak hök­mün­de yk­rar edip­dir­ler. Mu­ňa ge­çen asy­ryň baş­la­ryn­da, ýag­ny 1904-nji ýyl­da ame­ri­kan aly­my R.Pom­pel­li­niň, 1926-njy ýyl­da dün­ýäki me­de­ni ösüm­lik­le­riň ge­lip çy­ky­şy­ny öw­re­nen aka­de­mik N.I.Wa­wi­lo­wyň, meş­hur alym­lar W.W.Bar­tol­dyň, S.P.Tols­to­wyň, W.I.Sa­ria­ni­di­niň, M.Ý.Mas­so­nyň we beý­le­ki­le­riň yl­my-bar­lag iş­le­ri, şeý­le hem or­ta asyr grek, arap-pars, tür­ki halklarynyň ta­ryh­çy­la­ry­nyň ýaz­gy­la­ry gü­wä ge­çip­dir.
Ta­ry­hy mag­lu­mat­lar­da be­ýan edi­li­şi­ne gö­rä, 7–8 müň ýyl­lyk eke­ran­çy­lyk ta­ry­hy­ny özün­de jem­le­ýän Türk­me­nis­ta­nyň ga­dymy top­rak­la­ry bo­lan Dam­dam­çeş­me, Je­bel, Uz­boý, Was, Pes­se­jik­de­pe, Jeý­tun, Gök­süý­ri, Ar­tyk, Al­tyn­de­pe, Na­maz­ga­de­pe, Änew ýa­ly ýer­ler­de müň­ler­çe ýyl­lap ar­pa, bug­daý, no­hut, sü­le, çow­da­ry, üzüm ýa­ly ekin­ler ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­lip­dir. Änew­de ýe­di metr, Mä­ne­dä­ki Al­tyn­de­pe­de otuz metr ýe­riň as­tyn­dan su­wa­rym­ly gat­la­gyň ýü­ze çy­ka­ryl­ma­gy, bir­nä­çe zäh­met gu­ral­la­ry bi­len bir ha­tar­da ar­pa, bug­daý, üzüm, go­wa­ça to­hum­la­ry­nyň ta­pyl­ma­gy ekin­le­riň bol­luk bi­len bit­ýän türk­men top­ra­gy­nyň tu­tuş Or­ta Azi­ýa­da, Ga­dy­my Gün­do­gar­da, Urar­tu­da si­wi­li­za­si­ýa­nyň dö­re­me­gi­ne iter­gi be­ren­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Di­ňe Gök­sü­ýri­niň ýe­rin­de şu gün­le­re çenli 6 müň ýa­şy bo­lan dü­me we su­wa­rym­ly ýer­le­riň, ka­nal­la­ryň, ýap­la­ryň, how­dan­la­ryň, pel­le­riň su­du­ry­nyň sak­la­nyp gal­ma­gy­nyň özi hem ga­dy­my türk­men top­ra­gy­nyň dün­ýäniň su­wa­rym­ly eke­ran­çy­ly­gy­nyň sal­lan­ça­gy bo­lan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Köp dür­li dä­ne­lik ekin­ler, ga­wun, ýo­run­ja, kün­ji, zy­gyr, kä­şir, so­gan, al­ma, üzüm, erik, nar, in­jir, ar­myt, ül­je, ig­de, hur­ma ýa­ly dür­li gör­nüş­li oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň bi­ziň sa­ha­wat­ly top­ra­gy­my­zyň çog­ly Gü­nü­miz­den reňk alyp, be­re­ket­li top­ra­gy­myz­da ke­ma­la ge­lip, dün­ýä ýaý­ran­dy­gy ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­lar bol­sa diý­seň gu­wan­dy­ry­jy­dyr.
Türk­men top­ra­gyn­da ke­ma­la gel­ýän gök-bak­ja ekin­le­ri­ne aý­ra­tyn süý­jü­ligiň we ýo­kum­ly­ly­gyň mah­sus­dy­gy yl­my esas­da kes­git­le­nen ýag­daý­dyr. Şeý­le ekin­le­riň ha­ta­ryn­da al­ma, şet­da­ly, kä­di, hy­ýar, ke­lem, üzüm, ga­wun, gar­pyz ýa­ly on­lar­ça ekin­le­ri gör­kez­mek bo­lar. Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­myz süý­jü­li­gi­ni ene top­rak­dan, gy­law­ly­ly­gy­ny tyl­la Gün­den al­ýan ekin­le­ri­mi­ze bo­lan buý­sanç­ly ga­ra­ýyş­la­ry­ny öz eser­le­rin­de be­ýan ed­ýär.
Türk­men ga­wun­la­ry­ny şeý­le ekin­le­riň naý­ba­şy­sy ha­sap­la­mak bo­lar. Eziz Ar­ka­da­gy­myz bal­dan dat­ly türk­men ga­wun­la­ry­na bo­lan gu­wan­jy­ny şeý­le be­ýan ed­ýär: “Dat­ly­ly­gy, şi­rin-şe­ker­li­li­gi bi­len ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri dün­ýä­ni haý­ran gal­dy­ryp ge­len türk­men ga­wun­la­ry hal­ky­my­zyň mil­li baý­ly­gy­dyr, ha­lal mi­ra­sy­dyr. Türk­men ga­wu­ny hal­ky­my­zyň rys­gal çeş­me­si­niň bir du­ry bu­la­gy­dyr, ta­ga­my­na taý ta­pyl­ma­jak nyg­ma­ty­dyr. Çün­ki, oňa mu­kad­des top­ra­gy­my­zyň deň­siz-taý­syz sa­ha­wa­ty, her dam­ja­sy al­ty­na de­ňel­ýän bal su­wu­my­zyň ta­ga­my, çog­ly gü­ne­şi­miz, ser­gin ho­wa­myz, iň esa­sy-da eder­men ba­ba­daý­han­la­ry­my­zyň ýü­rek yh­la­sy, maň­laý de­ri, ha­lal zäh­me­ti siň­ýän­di­gi üçin şeý­le­dir”.
Türk­men ga­wun­la­ry­nyň şan-şöh­ra­ty­nyň ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri meş­hur bo­lup ge­len­di­gi­ni irki ta­ry­hy mag­lu­mat­lar ha­bar ber­ýär. Tä­jir­ler uzak ýo­ly aşyp türk­men top­ra­gy­na ge­len­de, öňi bi­len bak­ja önüm­le­ri­niň için­de ga­wun­la­ra hy­ry­dar bo­lup­dyr­lar. Ga­dy­my döw­rüň te­bip­le­ri ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­ni, aş­ga­za­ny, böw­rek ke­se­li­ni be­jer­mek­de ga­wu­nyň peý­da­sy­nyň köpdügini bel­läp­dir­ler. Ga­wu­nyň dü­zü­min­de be­lok­lar, ug­le­wod­lar, li­mon tur­şu­sy, al­ma kis­lo­ta­sy, mag­niý, fos­for, hlor, mar­ga­nes, de­mir, mis ýa­ly ele­ment­le­riň bar­dy­gy ylym­da bel­li­dir. Meş­hur te­bip Luk­man He­kim ga­wu­nyň eti­ne un ga­ry­lyp ýa­sa­lan ýum­şak mel­he­mi de­ri te­gmil­le­ri­ni aýyr­mak­da ula­nyp­dyr.
Gök mi­we we bak­ja önüm­le­ri­niň bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek, ga­dym­dan do­wam edip gel­ýän ekin­le­ri­ň nus­ga­la­ry­ny di­kelt­mek, ola­ryň tä­ze sort­la­ry­ny dö­ret­mek ba­bat­da hä­zir­ki dö­wür­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Eki­ne ýa­ram­ly ýer­ler yl­my esas­da kes­git­le­nip, ol ýer­ler­de dür­li ekin­ler ekil­ýär. Be­re­ket­li gök we bak­ja ekin­le­ri­ni ýe­tiş­dir­ýän ba­ba­daý­han­la­ry­my­za giň gol­daw ber­ýän mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun!

Gö­rog­ly IL­JA­NOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň do­sen­ti,
teh­ni­ki ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty.